“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Matematika depderiňi berip dur!
Premium
 Belki [off]
 07.09.2024 / 14:22
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

Zuleýha... Zuleýha bäriňe seret!
Synpyň açyk penjiresinden dunýä seredip pikire batan gyzyň "geplemezek" klasdaşynyň garaşylmadyk sesinden unsi bölundi:
- Näme diýýäň?
Ýigit tolgundy, näme diýsin, sözi nämeden başlasyn? Ýok, bu sözi häzir aýtsa göwnuni agyrdar, üstesine gepe çeper bolmasa. Dili aýlanmady, gijesi bilen gaýta-gaýta aýdyp ýatlan sözi bir zumda kellesinden göterildi:
- Neme, ol... Matematika depderiňi berip dur!
Gyz açylyşyp güldi:
- Dälireýäňmi??? Matematika depderi näme etjek? Okuwyň ahyrynda... ertir mekdepdäki iň soňky gunumiz bolsa...

* *


Sap-sary ýapraklar, kuýsegden solan ýurege reňkdeş boldy. Asmana uzalan agaç şahalaryndan mysaly tans oýnap gaçýan ýapraklar ýol çetinde uzaklara nazar taşlan ýigidiň ýelkesini sypalap ýere duşdi.
"Zuleýha gaýdyp geldi, toýyndan bir aý geçip-geçmän adamsy awtoheläkçiliginde aradan çykdy. 1 ýyl gaýyn öýunde hyzmatynda boldy, gaýdyp barjak däl - diýenine seretmän, gaýn ene-atasy Zuleýhanyň jogabyny berdiler. Biçäre gaýgy-aladadan ýüzi-gözi uýtgäp giden. Özüni çalgytmak uçin obadaky çagalar bagyna işe girdi"
Ýigit oba gelen guni ejesinden eşitdi bu "täzeligi". Ýüregi titredi, barmaklary ujyna çenli doňdy...
- Gaýdyp geldi???
- Biçäre...
Mundan başga näme diýsin.
Aslynda...
Kim biçäre... Züleýhamy??? Oňa Söýgusinide aýdyp ýetişmän elinden gideren, Züleýha goňşy oba çykandan bäri şäherde okuw bahanalap oba gadam basmadyk, her dem, her pursat aladalar bilen ýaşan özi dälmi?!

Şemal "jansyz" ýapraklary ýigit nazar taşlan tarapa uçrdy... Kellesine gelen muň pikirleriň içinden biri ony çagalar bagyna tarap gönukdirdi.
"Wah, şonda aýtsam boljak eken, aý men samsyk. 3 sözi aýdybam bilmedim. Ýeri özümiňä dilim gysyk, Ejeme näme üçin aýdyp, bildirip goýmadym diýsene. Belki...
Biçäre Züleýha, gelin bolup aýal bagtyny görup bilmändirdä. Häzir göwnine hiç zat sygýan däldir".
Çagalar bagyndan ylgaşyp çykan çagalaryň sesine ýigidiň pikiri bölundi.
"Ana ol". Ýigit kalbynyň bir burçunda birwagtlar ýitiren zadyny tapan ýaly boldy. Butin bedeni dökulip gidäýjek ýaly, derrew bir agaja söýendi. "Ýok, üýtgemändir, şol öňkisi ýaly gözel, owadan".
Çekinmegi isleginden ustin geldi - gyzyň ýanyna baryp bilmedi.

* *


Ýigit şähere gaýtmady. Gitse edil ýureginiň bir bölegi obada galaýjak ýalydy. Bagça ýanyndaky agaçlar ýigide syrdaş boldy. Onuň armana, hijrana oralan azap aýdymlaryny diňleýän ýaly... Ýöne mehr gözläp, kalp gönukdiren ýolunyň, intizarlyk bilen bagtyna garaşýan ýerinde, syrdaşy bolan agaç gädigine gysdyrylan, entäk syýasy guramadyk agşamky ýazylan hat entägem ýigidiň gözune duşmedi.
"Matematika depderimi soramak üçin bir aýdan bäri meni synlayan bolsaň, gowusy yzyňa gaýdaý!"


Çeşme: ertir.com

Mowzugy açan: Rude boy.


183

16

2

1

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Agzamen [off]
 07.09.2024 / 21:39

+0

Şo ertiriň arhiw ssylkasyny men belläp goýmandyrynda ejeköw belläkgoýoýunno ýazyp ber


Premium
Belki  (08.09.2024 / 12:18) 

Agzamen, https://web.archive.org/web/20 ... ge=16

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->