“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Ertirçileriň duşuşygyndan (arhiw)
Premium
 Belki [off]
 08.09.2024 / 12:43
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

6.05.2011-nji ýyl.
Sagat 17:00.
Aşgabat.
Kafe "Sai Baba" (Kafeň häzirki ady "Azatlyk").
Teswirler.com-yň agzalarynyň duşuşygy.

Hawwa, ine duşuşyk üçin bellenilen gün hem gelip ýetdi. Duşuşyga ilkinji bolup saýdyň adminleri Agajanh we Baýram-Jm geldi. Aý näme başlyklar hemmeden öň gelmese gelşiksiz boljak-da. haha Ondan soňra Güljagaz, Janin we Maýa07 dagylar duşuşyk üçin bellenen ýere geldiler. Soň men bardym. Soň Nohur dostumyz geldi. Soň Akgül, Medine, Akyllyja, The one dagylar geldiler gijirägem bolsa. haha Iň soň Mylaýymjan geläýdi öýdýän. Mylaýymjana göwnüm ýetdi. Gele-gelmäne salamam ýok entek, "kimi depmeli, kimiň depilesi gelýär" diýip dur. Bet gyz eken. O_o haha

Ýene-de käbir agzalaryň gelmegine garaşyldy. Olar: Karanfil (barjak diýip söz berip, eşşi edensiňiz smileýadyňyzda saklaň), Perizat , Аpслан, Nazar, Pudak, Lukman hekim we Unknown_agza (gelip bilmezliginiň mümkindigini duýdurypdy). Bular geljek diýip eşşi edenleň sanawy. haha Soň Enigma-da geljekmiş diýdiler. Gelmedi.


Soň näme geljekler gelensoň, gyzlar başlady gybata. Baý gybat edendirler-ä. "agyz plany agza planzat", "agyz plan agzaň plan zady plan", "agyz plan agza plan edýäläý" haha we ş.m. gybatlar gaýtýançak dowam etdi. Diýjek bolýan zadym, teswirleriň gyzlary baryp ýatan gybatçylar ekenläý. haha


Indi agzalar barada.
Agajanh başlyk diýseň başlyklaý. Bir gyrada oturyp agzalara "netorak gybat etseňiz saýtdan ýitirerin" diýip baý haýbat atandyr-a. Bir-iki sanagyna gijä galany üçin banlajak diýibemä otyrdy. haha Belki banlandyram.

Akyllyja agza-da bilýän bolsaňyz birnäçe wagt bäri "soganly tort" iýesiniň gelýändigi barada pikirlerde ýazyp gelýärdi. haha Oýun edenok eken. Onuň şu gün Menudan "Soganly tort" gözleýşini bir görsediňiz, her tortdan bir bölek dadyp çykdy, iň soňunda gynansagam "soganly tort" tapylmady. Bähbit bolsun. Soňam ýakyn günlerde Baron agza bilen toýunyň hem boljakdygyny aýtdy. Bular şuwagtlykça galyň meselesini oňuşanokmyşlar. haha

Akgülem gybatçylaý, agzy durmady birje minudam. haha Olam hiçläý, özüň ajygyp geldiň-de "Haýsyňyz ajygýaňyz?" diýmän "Haýsyňyz aç?" diýip oglanlara prikol tutan bolduňmy?! haha

Baýram-Jm känä gürlemedi, bir aladajygy bar öýdýän.

Güljagaz bulam bir gybatçy. Gürläp-gürläp akyllyjaň gulagyna gün bermedi. haha

Agzalaryň arasynda menden (Goooool'dan) ýuwaş oturany ýok öýdýän.

Janin wapşe gürlemedi. Ony beýle ýuwaş ýagdaýda birinji gezek görýän. Ýuwaş oturyşyny görüp meňä gulagym galdy. O_O

Maýa07 agzara biriniň belli günine görünen ýaly edip duşuşygyň duzyny dadyp gitdi. smile

Medine agza aslynda gybatçy däl, ýuwaşja gyz. Ýöne gynansagam ol iki gybatçyň (Akgül bilen Güljagazyň) arasyna düşüp şolardan aza gybat etmedi. haha

Mylaýymjan erbet gyz ekenäý. haha Salamdan öň "depmeli adam bolsa guk diýiň" diýip gözümiziň odyny aldy. Käwagt pikirlerde ýazýandyr "deperin, süserin.." diýip. Oýun edýändir öýdmäň, çynyny etse deperem, süserem.. Bete bet diýmeli haha

Nohur dostumyzam Agajan bilen bir zatlaňa gybatyny etdilerow gaýtýançak. Bir aladasam toýy. haha

The one gyzlaň içinde iň ýuwaşja oturany öýdýän. Sebäbi gybatçylaň ýanynda oturmady. haha



Iki sagat töweregi dowam eden duşuşygyň soňlary bize hemişelik ýatlar ýaly ýatlama bolup galdy. Duşuşykda oturan ýerimiziň ýokarsynda kiçijek bir aýnajyk bardy, onam çalaja açyp goýupdyrlar. Ilki bir-iki gezek şol aýnany daşladylar (bizi oka tutdylar haha). Bizem okuwçylardyrlaý diýip aýnany ýapdyk. 15 minudyrak oturandyrysam welin, bizi ýene oka tutdylar. Özem bu gezek çynlakaý oka tutdylar. haha Nädäýersiň bir tokga daş aýnany kül edip gelip Akgüle degäýse. O_O Näme bolduka diýip gulagymyz galdy. Nohur bilen Agajan ylgap daşaryk daşyň gelen tarapyna çykdy, kimdigini tapmady, tapan bolsalar iki eplejekdiler welin. Şeýlelikde, bizi oka tutmalarynyň netijesinde Akgül agza, meň suw içip oturan stakanym, Akyllyja we Baýram-Jm dagyň bolsa iýip oturan tortlary agyr ýaralandy. haha Soňra biz agzalar bu jenaýaty kimiň edenini bilmek isledik. Akyllyja "Pudak daşlandyr, gelip bilmänligi üçin" diýdi, Agajan "Karanfil gelip daşlaýandyr" diýdi. Ýene biri "çagalar daşlaýandyr" diýdi. Başga biri "duşuşyga çagyrylmadyklaryň biri gelip daşlandyr" diýdi. Aý şeýdip her kim birini günäkärledi. haha Menä adminlerden ban alyp, jany ýanyp ýörenleriň biri gelip daşlandyrmyka diýýänow. haha Umuman jenaýaty kimiň edeni syr bolup galýar. Ýöne interesno, biziň oturan ýerimiziň gapdalynda-da aýna bar, ony daşlamadylar. Imenno biziň oturan ýerimizdäkini daşladylar..

Şeýdip ýatlamaga mynasyp duşuşykdan ýuwaş-ýuwaşdan ýöremeşek etdik. Gaýtmankak suratlara düşdik. smile Suratlar diňe Akyllyjada bar. Bize bermediläý. haha Soň daşaryk çykdyk. Sagbollaşyp gyzlary ugratdyk. Şeýdibem agzalaryň şu günki duşuşygy gyzykly ýatlamalar bilen geçip gitdi. smile

Ýöne doly tamam bolmady. Gyzlar gaýdansoň galdyk 4 oglan bolup (Batyr, Myrat, Agajan we Baýram). Ony-muny, iýjek-işjek zatlarymyzy alyp ýüklendik Myratjanyň maşynyna. Daşarynyň garaňkydygyna garamazdan gitdik arassa howada ýerleşýän 1-njy maýyň ýaşyl baýyrlaryna. Soň oglanlar bolup ol ýerde oturdyk. smile Dynç aldyk. Arassa howada meýdanda oturmagyň lezzetini özüňiz bilýäňiz. smile


Umuman aýdaňda duşuşyk gyzykly boldy. Ýatlamaga mynasyp duşuşyk boldy. Teswirleriň agzalary bolup sai babany aýnasyza goyduk, karoçe kellä geýdik. Indi barsak bizi salmazlarow olar. haha
Agajany, Mylaýymjany we Akyllyjany ilkinji gezek gördüm. smile



Bellik: Hormatly agzalar, öteräk geçen ýerlem bolsa ötünç soraýandyryn.


Agajan admini görsem

depjek(85%, 35 adam)

urjak(14%, 6 adam)

Çeşme: ertir.com
Paýlaşan agza: Goool


289

46

8

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Bagul [off]
  Bazi şeyler kalbinizi kirar ama közünüzi açar.
 08.09.2024 / 22:16

+0

Gyzykly bolupdur gulup okadym mena

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->