“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Geljekdäki maňa!
 Täzeje
 Agzamen [off]
 09.09.2024 / 06:05

Çöken göwnüň ýaryn gözläp,
Enteklerem ýanyp ýörmiň?!
Ýakynlardan syryň gizläp,
Uzaklara ýazyp ýörmiň?!

Kagyz bilen iç döküşip,
Säherlere giç ýetişip,
Gaýta-gaýta iç çekişiň,
Gizläp "alkyş" alyp ýörmiň?!

Her ädimiň öte gidip,
Ýollar-da ynamyň iýdip,
Durmuşyň şarpygyn dadyp,
Ýykylyp soň galyp ýörmiň?!

Enteklerem telbe bolup,
"Çyn söýgi" diýp, teşne bolup,
Her suwsana çeşme bolup,
Özüň kepäp solup ýörmiň?!

"Ýörejek" diýp dogry ýoldan,
Çalşyraýma sagy soldan!
Gorap daşyň egri goldan,
Galp adyny alyp ýörmiň?!

Süýtden arap gyzyl reňki,
Bü dünýeden bolup terki,
("...gowy günler öňde belki")
Öz diýenňe uýup ýörmiň?!

2022 ý.

Edepli Gödek.


146

6

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)

Hormatly ulanyjylar !


Meniñ őñki idim howa bolupdyr. Dereje premium we 33 manat pulum bardy olam gum boldy. Ay borla. Sabrly bolali...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
@menin_dunyam (31.08.2025 / 03:46)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Meniñă őz nikim gowy...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->