Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Myrat Öwezow bilen söhbetdeşlik (ertiriň arhiwinden)
Premium
 Belki [off]
 09.09.2024 / 13:25
 Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Salam agzalar.

Arada men, bir ulurak blog ýazmakçydym. Türkmenistandaky bagşylar hakynda, herkimiň pikirini ýygnap diýen ýaly.

Şonda şeýle pikir kelläme geldi. "Bagşylar özlerini nähili derejede ýokarda tutýalarka?" diýen. Şony barlap görmek üçin, türkmen bagşylarynyň iň köp ýeri bolan odnoklassnikde registrasiýa etdim. Aňyrda tapan her bir bagşyma hem, "ýüzüňiz tanyş, öň birýerde görüşipdikmi?" diýip hat iberdim.



Häzirlikçe diňe Myrat Öwezowdan jogap boldy. Ol hem uzynrak. Ýakynda beýlekilerden hem jogap gelse hökman siziň bilen paýlaşaryn.

Onda başladyk 

Agajan Hezretkuliyev:


   ýüzüňiz
tanyş, öň birýerde görşüpdikmi?



Myrat Owezow   Ol
soragy özüñden sora jigim...


Agajan Hezretkuliyev   jigim
diýip jigiňe diýseň gowy bolar.

  seň ýaly agamyň bolmadygyna begenýän. köçä çykarlygym galmazdy
bolmasa 


Myrat Owezow   Beee
aslynda saña gynandym... Çünki beylekileriñ göwnüni yikmakdan lezzet
alyañ. Beyle taktika ulanyan  adamlary bagtsyz hasap edyan. Çünki
birek-biregiñ göwnüne degeniñe degmeyan dünyede yashayas.Seniñ bilen hiÇ
sögüshmek islämok.Bu meniñ ynanjymada gabat gelenok. Oña elimem degenok
dogrysy.

Çünki site'a diñe dostlashmak üÇin girdim.  Seni Alla tabshyryan.
Çünki Ol hemme adama päline görä jeza beryär...


Agajan Hezretkuliyev
hehe bagyşlaň, çynym. göwnüňizi ýykjak bolmadym.



halk adamsy bolsaňyz hemme zadam diýiler. men size hiçhili erbet
sööz diýmedim.

üns beren bolsaňyz "siz" diýip ýazandyryn hemme hatlarymda hem. bu
bolsa sylaýandygymy görkezýär.

bagşy hökmünde sylamok, diňe ADAM hökmünde sylaýaryn sizi.



ýöne meni iň gynandyrýan zat bagşylaryň özlerini beýlekilerden
beýikde tutmagy. Men size sorag berdim,

"siziň bilen birýerde görüşipdikmi?" diýip. Siz näme jogap berdiňiz?
"ony özüňden sora jigim!"



Özümden sorasam, görüşmändik. Diňe birýerlerde klipleriňizi
görendirin, olar hem ýadymda däl.

Ýöne şol ýerde başgarak hem ýazyp bilerdiňiz. Diňeje "görüşmändik, belki
kliplerimi görensiň" diýmegiň ýeterlikli.


Sizi hemme kişi tanamaly diýlen zat ýok. Diňleýänler tanasyn,
tanyşlaryňyz tanasyn.

Ýöne başga biri "siz kim?" diýip ýazanda, "menem tanaňokmaý jigim"
diýen ýaly ýazmaly dälde, adam şeklinde ýazmaly.



Saglygyňyz, dogry düşünensiňiz diýip umyt edýän.




Myrat OwezowBeee
dogrysy dogry pikir edip bilyändigiñ begendirdi. Aslynda ha yazan sms
iñe bashka bir aydymÇy bolan bolsa belki bashkaÇarak jogap bererdi. Yöne
seni gaybanada bolsa azajyk tanayanlygym sen barada gowy pikir etmegime
sebäp boldy. Meniñ bilishime görä sen agañ Atamyrat yaly
 akylly,zehinli oglan ekenin. Yöne sheylede bolsa sen näme üÇin sms-den
gowy däl netije Çykarypsyñ.? Edil sen meni yalñysh tanayshyñ yaly menem
seni tanamokdym. Galybersede site'de gelyän sms ler köp adam adamlara
bolan ynamymy ogurlapdy. Onsoñ men saña bashgaÇa näme diyip jogap yazyp
bilerdim. 'Jigim'diyen sözem yalñysh kabul edipsiñ. Özümden 8 yash kiÇi
bolanyñy görüp bashka sanga näme diyip yüzlenip bilerdim.
Onsoñam aydymÇylaryñ hemmesi barada meñzesh pikirlenmek belki dogry
däldir. Hemme zat görünishi yaly däl Çünki. Men özüm barada diymek
islämok. Yöne sheyle bir sungat ishgärleri bar. Belki olar öz
meshhurlygyny gaty erbet yigrenyändirlerem. Olar adamlaryñ gözüne
erbediräk görünsede Allanyñ gatynda gaty uly ishlere sebäp bolyarlar. Bu
zatlary görüp bilmek üÇin dogry  seretmeli. Çünki gözel seretmeseñ
gözel görünenok.




Ynha şeýleräk söhbetdeşlik boldy 
Garaz Myrat Öwezow hakynda bolsa, azajygam bolsa gompylygy bar, ýöne gaty uly däl. Düşbi oglana meňzeýär, adamçylykly 

Beýleki bagşylardan hem jogaba garaşýaryn 


Şeýle söhbetdeşlikler gyzyklymy? Ýagny bildirtmän, açyk bolan?

Hawa gyzykly, dowam et(94%, 33 adam)

Ýok, başga işiň ýokmaý?(5%, 2 adam)


Paýlaş!

Halanan (11)

Jemi 22 sany teswir.

Okalan sany: 1714

https://web.archive.org/web/20 ... d=207
04, Maý-2010ý (06:53)

Agzalar, yakynda in yakyn yollardan haba rgeldi, Myrat aga awariya dushipdir. Biraz saglyk hem dilalin.


Myrat aga, hemme ishde hayir bardyr. ENshalla, in yakyn zamanda men diyip ayaga durarsyn!

Hz.Hamzanyn aydyshy yaly: "Gozumin goryan zadyndan gorkamok!!!"...

https://web.archive.org/web/20 ... d=796
04, Maý-2010ý (06:57)

Dowam etsene Agajanh! Gaty gyzykly.

Beh men Myrat Öwezowy tanamokla? Bashda tanaýan diýjek boldum, nememikä diýdim Öwez Kertikow tas çalshypdym.
Bagshylar bilen söhbetdeshlik geçirip, teswirlere çykaryp, hakyky ýüsini bilip durmaly. +1

...

https://web.archive.org/web/20 ... d=409
04, Maý-2010ý (06:59)

xexexe,agajan-gaty gowy pikir,nirden kellane gelday bu,bet-bet,goldayan!!!...yone sen muny entak yazmaly dal ekenin-yalnyshypsyn,hemmesinden jogaplaryny toplap son yazmaly ekenin,indi olar senin barde goyjagyny,kopchulige bildirjegini bilyarler,berjek jogaby-da elbetde...-ay garaz ozun pikir etda indi nahili jogap bererjekdiklerini,garashaymaly ekenin bara =))

Watanym, biz seniň nesliň, seniň şugüniň-ertäň, ömürbaky saklarys seniň sarpaň...

https://web.archive.org/web/20 ... uid=1
04, Maý-2010ý (07:08)

xexexe,agajan-gaty gowy pikir,nirden kellane gelday
bu,bet-bet,goldayan!!!...yone sen muny entak yazmaly dal
ekenin-yalnyshypsyn,hemmesinden jogaplaryny toplap son yazmaly
ekenin,indi olar senin barde goyjagyny,kopchulige bildirjegini bilyarler


Ýoklaý... men beýle pikir edemok.
Häzirki bagşylardan, Parahat Amandurdyýew bar, Annuş Myratgulyýew (mi?) şol bar, S.T bar.
Bega bar. (Begenç Hangeldi oglumy? nämemi?) şolaryň hemmesine iberdim, olar hem teswirleri okaýandyr öýdemok.

Meniň hem maksadym şularyň hakyky ýüzüni görkezmek.
Bukulyp, gowusyrap ýörenlerden ýadadym 

Garaňkylykdan soň Ýagtylyk....

https://web.archive.org/web/20 ... d=441
04, Maý-2010ý (07:12)

kimay by? 

...

https://web.archive.org/web/20 ... d=441
04, Maý-2010ý (07:14)

türkmen popsumak, türk aydymlary bilen onup yöran bir yonekeyem-a dal..biderek aydymçy.
kliplerinin bardygyny bilyan yöne birje klibinem doly sereden daldirin.. gaty gitse 30 sekunt çydap bolyar.

...

https://web.archive.org/web/20 ... d=409
04, Maý-2010ý (07:14)

sho bilmeseler,gaty gowy,hakyky yuzuni bizem bileris, yone birden bilyan bolsalar gowy dalda indi,garashypjyk sonurak goyanynda gaty gowy bolardy,hakykatynam hakykaty bolardy shol,ay indi bilen daldir diyip umyt ediwereli hany

Watanym, biz seniň nesliň, seniň şugüniň-ertäň, ömürbaky saklarys seniň sarpaň...

https://web.archive.org/web/20 ... d=441
04, Maý-2010ý (07:21)

+1

Dj Begany gördüm önrak aeroportda sankt petersburga gidip baryan eken.. aeroportda gümrük işgarleri 2 sagat garaşdyrdypdylar ony ..
dine garry dayzalar begajan gowymy? diyip halyny sorady.. gyzlara yüz bermedi.. daşary yurtda okayan gyzlar-da.. bilyandirsiniz daşary yurtda okayanlaram az ulumsy dal 

...

https://web.archive.org/web/20 ... uid=1
04, Maý-2010ý (07:27)

+2

MuhammedAly, bilýän. Menem birýerlerde, türk bagşysynyň hasabyny açypdym, nähili reaksiýa berýändiklerini görmek üçin. Edil şonuň suratlaryny, maglumatlaryny hem goýupdym 

Ýöne bu hakyky Myrat Öwezow. Ýokarda üns beren bolsaňyz, meni hem tanapdyr 
Doganymyň adynam aýdypdyr 

Garaz, menemä özümi aldatmajak bolaryn 

Soňam, bularyň hemmesi hakykatdyr. Belki Annuş girýän däldir, ýöne beýlekiler ýaşlar, girmejekdiklerini aklyma sygdyryp bilemok. Türkmen bagşylary gowy görýäler şeýle zatlary. 


Soňam, alada edip otyrmaň. Başga at bilen, başgarak bir zatlar sorap hem bular bilen söhbetdeş bolup bilerin. Diňe wagt gerek 

Garaňkylykdan soň Ýagtylyk....

https://web.archive.org/web/20 ... =1394
04, Maý-2010ý (07:30)

Goldayan agajan. Gati govi, dovam ediver. Bizem kimi dingleyandigmizi tanali.

Patriot!...

https://web.archive.org/web/20 ... d=102
04, Maý-2010ý (10:30)

Bagyshly bagshy bolyada....bolyada... bizem bir gun bir belli adymyz belli adam bolarys yone hachan ???

Beglish......................................................

https://web.archive.org/web/20 ... d=767
04, Maý-2010ý (11:14)

Aslynda turkmen bagshylary dine Turkmenistanda tanalyar, olar dashary yurda chyksalar hich kim. Biderek bosh ulumsyramaly dal. Men barde E.Igliseas-am gorum gurleshmane gul yaly, adamyn gownune degjek bolanok.

Arsenal forever...

https://web.archive.org/web/20 ... =1036
04, Maý-2010ý (11:36)

Haha ericsson ulanya öytyän men yaly. 'Ç' harplaryny kiÇiräk yazyp bilmändir. :-)

I want to believe....

https://web.archive.org/web/20 ... =1346
04, Maý-2010ý (11:38)

+1



sometimes you need to step outside, clear your head, and remind yourself of who are and ...

https://web.archive.org/web/20 ... =1277
20, Maý-2010ý (05:01)

+1

        Agajan gaty gowy pikir edipsiň. Dowamyna garaşýas. Myrat Öwezi bir gezek ýakyndan diňläpdim. Gopbamsylyk bar diýipsiň. Şol sözüňi Myrat üçin däl-de başgalary üçin ulansaň gowy bolarmyka diýýän. Men Myrat Öwezi şol gün ilkinji gezek gördüm, dogrusy adynam birinji gezek eşitdim. Emma gören bir zadymy paýlaşaýyn. Myrat Öwezi öz asyl häsiýeti bilen dogry tanamak üçin peýdasynyň degjegine ynanýanym üçin ýazýan. Myrat Öwezow öýde oturyp saçak başynda aýdym aýtdy. Aýdym aýdyşyny-da ýamanlar ýaly däl. Aýdym aýdylyp bolunandan soň Myrat Öwez diňleýjiler bilen elleşip hoşlaşandan soňra gapa tarap ýöredi. Gapynyň agzynda duran oglanlaryň biri: Agam sagja bol, doglan günüme gowy sowgat boldy diýdi. Myrat Öwez ömrüň uzak bolsun diýip gowy dilegler etdi. Aradan iki-üç minut geçenden soňra ýaňky oglana Myrat Öwezow çagyrýar diýdiler. Aralarynda nähili gürrüň bolanyny bilemok sebäbi olar ikiçäk gürleşdiler. Yzyna dolanyp gelende ýaňky oglanyň elinde gymmatly bir sagat bardy (romanson). Aslynda şol sagat Myrat Öwezow üçin durmuşynda iň gymmatly zatlaryň biri bolmaly. Sebäbi oňa-da sowgat berlipdir. Nädip bilýäň diýmegiňiz mümkin, sebäbi sagadyň ýüzünde beren adamyň firmenni ýazylan ady we goly bardy. Eger şeýle sowgat mende bolan bolsady bermegi başarmazdym ýa-da bermezdim. Men aslynda aýdymçylarymyzyň arasynda şunuň ýaly pespäl, başgalaryna sapak bolup biljek şeýle häsiýetleri özünde gorap saklap bilýän oglanlarymyzyň bardygyna buýsanýan. Biz käwagt adamy tanamany oňa ýowuz darap bilýäris... (Sowgady alan oglan Myrat Öwezowyň adyny eşidýädim ýöne birinji gezek gördüm meni oň häsiýeti haýran etdi diýdi.)

Men bu dünýä daragtynyň ýapragy...

https://web.archive.org/web/20 ... d=565
20, Maý-2010ý (05:21)

Bah Agajan senem gaty betay oyun eder yaly adam dal Myrat Owezow barada aytsak welin ozunem bashda shu yerde calaja godek jgp beripsin Agajan Hezretkuliyev jigim
diýip jigiňe diýseň gowy bolar.

seň ýaly agamyň bolmadygyna begenýän. köçä çykarlygym galmazdy
bolmasa 

И вообще, Я злая и память у меня плохая. Могу отомс...

https://web.archive.org/web/20 ... uid=1
20, Maý-2010ý (05:25)

+1

mylaýym...
men olar ýaly edip hiçkimede jogap bermezdim.

Sebäbini soň düşündiripdim, ol soragy özüňden sora jigim diýip ýazmagy has gödek meň üçin.

Soňam, bor agam, özümden soraryn diýen bolsam, beýle söhbetdeşlik bolmazdy 

Garaňkylykdan soň Ýagtylyk....

https://web.archive.org/web/20 ... id=19
20, Maý-2010ý (05:37)

hmm, Myradyn yazgysynda mena gompylyk gormedim. beyleki aydymchylara gora jogabyny adam sheklinde beripdir!

hmm, indi yene sho hili gorushdikmi diyen sorag bilen hat ibersen nahili jogap geler, mana gyzykly. shony sapak edindimika ya shol biraz godegrak jogaply pikirinde galdymyka..?!

Geňdir Dünýe, Giňdir Dünýe!...

https://web.archive.org/web/20 ... uid=1
20, Maý-2010ý (05:40)

Ol soragy özüňden sora feýa 

Garaňkylykdan soň Ýagtylyk....

https://web.archive.org/web/20 ... id=19
20, Maý-2010ý (05:46)

agajanh:
Ol soragy özüňden sora feýa 

ayy, men ozum ona hat yazyp sorasamam bolardy welin, yone, gyz bolup ona yazmagym gelshiksiz. hemem yash yigit, bashga zatlar pikir edermi name. shonun ucin ozumden jogap alyp bilemok. 

Geňdir Dünýe, Giňdir Dünýe!...

https://web.archive.org/web/20 ... =3588
20, Ýanwar-2011ý (17:43)

aydymcylar gowy.. adamcylyklaram, hasiyetlerem, kabirlernin seslerem. yone name ucindir kop sheyle atly aydymcylar oba yerlerine baranoklar.. dine yokardan diydirseler baryalar... hotya yokardan diydirseler ozlerine az dushyara. ondana tak baryp ulumsylyk etman baranlary gowy dalmay... nam un sheydyalerka mena hayran

men dunyade iki kori tanadym: biri meni gormeyan sen, biri-de senden bashgasyny gormeyan m...


122

25

2

2

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Agzamen [off]
  ☪️🇹🇲
 09.09.2024 / 23:34

+0

Myrat Öwezow kim?

Myrat Özmi şeýlemidäýt şoň ulanen ady ýa o dälmi bu?


Täzeje
Khanture00  (10.09.2024 / 14:35) 

Agzamen, şooşoo

 Täzeje
 serahsi [off]
 11.09.2024 / 15:19

+0

ertir.com-da Ma-Ro bilene. söhbetdeşlik gecirilipdi. Me sorag beripdim. Soñky aýdymyñyzyñ ady näme diýip. Olam "Duralga" diýipdi.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

At yazmak


Emir ,Nesibe,Soltan,Rahman&Rahym,Seyran ,Mukam,Nâzli,Arzuw.....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Heartbeat (Şugün, 06:46)

At yazmak


😏 kim menin yuregimin eyesi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
MEGAFON (Şugün, 03:26)

At yazmak


Moral aymyrat sohbet gunca lacyn...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Domen (Şugün, 02:52)

Gideliň bäri


Ustinlik hemran bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gideliň bäri
@menin_dunyam (Düýn, 23:28)

At yazmak


Allanur Kalbynur...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
@menin_dunyam (Düýn, 23:26)

At yazmak


Ykbal, Ayna, Ay, Älem, Jahan Hemra, Yakup, Arslan we şm...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Diamante (Düýn, 23:13)

At yazmak


Alihan bn Mahrem...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Maxrim_mv (Düýn, 22:51)

At yazmak


Melek adynyn dakylmagyny men känbir dogry hasaplamok (öz pikirim öz garaýşymdyr belki dogry gelýandir belki gelýän daldir ýöne meň pikirimde däl)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Agzamen (Düýn, 22:20)

At yazmak


Suray, Humay, Rabiya, Ruhyya, Ragiba, Aysha, Emine, Melek yaly atlary halayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gulmahrem (Düýn, 22:17)

Goşgy


Suraý Amanak—Mähremgülmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Goşgy
Agzamen (Düýn, 22:06)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика