“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Hekgaýa.
 Täzeje
 Agzamen [off]
 24.09.2024 / 21:34

—Men bir zat diýsem bolarmy?
—"Iki zat diý" diýerdim, ýöne, bu sözüñem lenji çykdy-da. Şoň üçin sadaja, "diýseñ bolar", "diýiber" diýsem bolarmy?
—Bolar.
—Onda, diýiber.
—Neme-laý, şu "Jaýyñ açary aýalymyñ gapjygynda gidipdir, häzir öýe girip bilemok, gaýrat et dogan, aýalymyñ nirede gezip ýörenini aýdyp bersene!" diýip, palça(bilgiç) barýanlar bara...
—Howwa?..
—Şolara birki agyz gepim barda agaminim jan. Aýtsam bolýamy?
—Ýadajak agyz seňki, aýdyber, aýak üstüne.
—Eý, siz, nemesi neme etmedik, nemeden neme edip neme edenler bara, o ýyrtyk jübüňizdäki soňky nemäňizi manadyňyzy nemä neme edýänçäňiz bara, heleýleriňize eýe çykyň ýa-da nemä neme berip pal neme edeniňizden bara, şol neme etjek puluňyzy ýygnaňda telefon alyp beriň heleýleriňize nirde gezip ýörsüň diýip sorarsyňyz belkem, nemäňize biderek neme edip neme sowrup ýörmäňde. Meň nemämi neme etmäň gaharym gelse men şeydip neme edýän bilýäňizä özüňiz... Boldy.
—Beh, sen-ä nemäň nemesini neme etdiň gardaş...
—Şolara gaty nebsim agyrýada meñ bara. Şoň üçinem bara, neme edesim gelýädä meň bara...
—Näme edesiň gelýä?
—Şolara özümde ýok zatdan kiçiräjik beresim gelýädä.
—Özüňde ýok bolsa nädip berjek sen ony olara.
—Aý, hemme berip ýör how menem berip göräýin-dä indi.
—Beh, sen-ä nemäňi nemeden ekeniň-aý. Haý, işi gaýdan...
—Akyl berjek agaminim jan, akyl, aky-yl.
—Ýaňdan şeý diý-dä. Beresim gelýä, neme etjek diýip samrap dursyň ýöne. Hany ber onda akylyňy.
—Neme şo başga palçylaň ýanyna barmasyn biziň obada biziň öýümizde täze palçy döredi şoň ýanyna baryň indi. Anykdyr. Orginaldyr. Puly känler gelsin. Neme, boldy.

Okadyňyzmy?! Bolýar sagboluň onda nemeler.

Awtory: Sowatdan Azilerdegömük ogly.


201

21

2

1

2

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->