Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Чем спокойнее человек снаружи — тем больше боли у него внутри.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gamyş pişigi
Premium
 BAYOGUL [on]
 05.10.2024 / 11:58
 Yurekdesh.ru

Türkmenistanyň ýabany tebigatynda pişikleriň birnäçe görnüşi duş gelýär. Şolaryň biri hem gamyş pişigi (latynça: “Felis chaus”) bolup, bu jandar pişikler maşgalasyna degişli bolan ýyrtyjy süýdemdirijidir.
Gamyş pişiginiň bedeniniň daşky görnüşi öý pişiklerine meňzeýär, ýöne göwresi birneme iriräk bolýar. Beden uzynlygy ortaça 60-130 santimetr aralygynda bolup bilýär. Agramy 8-12 kilogram töweregidir. Gamyş pişiginiň bedeni gysga, aýaklary uzyn bolýar. Boýunyň beýikligi 50 santimetre çenli ýetýär. Guýrugy onçakly bir uzyn däl, guýrugynyň uzynlygy ortaça 21-30 santimetr töweregi. Gulaklary we gözleri birneme ulurak. Gulaklarynyň ujunda birneme uzynrak tüýjagazlary bolýar. Gamyş pişiginiň iri göwrümli bedeni ýaşaýan ýerlerine baglylykda çalymtyl-çägesöw reňkden sarymtyl-goňur reňke çenli üýtgeýär. Bedeniniň aşaky bölegi açyk reňkli bolýar. Pişigiň bu görnüşiniň aýagynyň penjeleri uzyn bolýar. Bedeniniň tüý örtügi gaty bolup, tomsuna seýrekleşýär we gyşyna gür tüý örtügi peýda bolýar.
Gamyş pişigi ýabany tebigatda 15 ýyl töweregi ýaşamaga ukyply. Ýaşamak üçin özüne hin gazmaýar, ýöne başga haýwanlaryň taşlap giden boş hinlerinde ýaşaýar. Göçýän ýaşaýyş obrazyny alyp barýar. Ol şol bir ýerde uzak saklanmaýar. Gamyş pişigi gijesine işjeň hereketde bolýar. Bu pişigiň eşidiş we görüş ukyby güýçlüdir. Pişikleriň beýleki görnüşleri ýaly bukuda gizlenip aw edýär. Ol beýiklige güýçli bökýär.
Gamyş pişigi dünýä ýüzünde Hazar deňziniň kenarýakalarynda, Pakistan, Owganystan, Hindistan, Gazagystan sebitlerinde, Afrikanyň demirgazyk ýerlerinde, Merkezi Aziýadan Hytaýa çenli bolan aralykda duş gelýär. Türkmenistanda suw gurşawlaryna golaý bolan ýerlerde ýaşaýar. Gamyş pişigi derýalaryň, deňizleriň, kölleriň we beýleki suw aýtymlarynyň kenarýakalarynda gamyşyň we beýleki otlaryň gür ösýän ýerlerinde ýaşamagy halaýar. Açyk giňişliklerde ýaşamakdan gaça durýar. Daglyk ýerlerde ýaşamagy halamaýar, belentlik ýerlerde 800 metrden beýik ýerlere aralaşmaýar. Gyş we bahar aýlarynda ilatly ýerlere ýakynlaşýar.
Gamyş pişigi guşlar, towşanlar, gemrijiler, ýylanlar bilen iýmitlenýär. Ýylyň dowamynda fewral-mart aýlarynda jübütleşýär. Göwrelilik döwri 66 güne çenli dowam edýär. Maý aýynda 2-den 5-e çenli çaga dogurýar. Täze doglan çaga pişijekler 1,5 ýaşandan soň jyns taýdan ýetişýärler.
Gamyş pişigi dünýäniň birnäçe döwletlerinde sany azalyp barýan we ýitmek howpunda duran görnüş hökmünde Gyzyl kitaba girizilendir.


120

6

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 BerdiB [off]
 05.10.2024 / 18:32

+0

Tuweleme Şatjan senem mowzuk baryn açaypsynay Rexhan yzyndan yetjek bolyan oytyan


Premium
BAYOGUL [on] (05.10.2024 / 18:52) 

BerdiB, ay on yzyndan yetmek kyn bolaymasa


Täzeje
BerdiB  (05.10.2024 / 18:53) 

BAYOGUL, Gardaş daşoguz yerinde durmy gowymy saydy nadaypsinizay çaşyn gözine sereden yaly boldym


Premium
BAYOGUL [on] (05.10.2024 / 18:54) 

BerdiB, howa dur dasoguzam bizem dowurden yzda galmaly diyip uytgetdi admin


Täzeje
BerdiB  (05.10.2024 / 18:56) 

BAYOGUL, gaty gowy üstünlik bizem owrenşeris


Premium
BAYOGUL [on] (05.10.2024 / 18:57) 

BerdiB, olya sagbol


Premium
BAYOGUL [on] (05.10.2024 / 18:57) 

BerdiB, bolya diyjegme olya diyipdirin


Täzeje
BerdiB  (05.10.2024 / 18:58) 

BAYOGUL, hiçle Selbişka nahili?


Premium
BAYOGUL [on] (05.10.2024 / 19:28) 

BerdiB, kim selbi

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Mekdebim


Mlds.Manyly goşgy eken.Yetirip duryn...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Sasiyona (Şugün, 07:05)

Özüñe üns ber!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Sasiyona (Şugün, 07:03)

Özüñe üns ber!


Menem sonyaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Watjik (Şugün, 05:33)

Mekdebim


Berekella! eýýäm öwrenjem bolupsyň! senä diýänä ýene şeýdip aktiwje gatnaşsaň tyýz wagytdan tanalýanlaryň hatarynda adyň durar... )) gatnaş ýetir...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Fantom (Şugün, 03:50)

Mekdebim


👍👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Gunesh (Düýn, 23:46)

Mekdebim


Belki muna nahili baha bererka ya munyaly gosgyny 4 klasda yazdymyka...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Watjik (Düýn, 23:41)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Düýn, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Düýn, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Düýn, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Düýn, 16:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика