“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Mekdebim
 Özümiziňki
 medet_mededi [off]
 14.07.2025 / 23:37

Ak mekdebim maňa gujagyn gerdi,
Goýnunda ilkinji bilimi aldym.
Ýatlamadan doly her daban ýeri,
Şol ajap günleri ýadyma saldym.

Mugallym geçende ilkinji sapak,
Uly täsir etdi çaga kalbyma.
Aslynda, biz sebäp bolan ekenik,
Gara saçlarynyň çalarmagyna.

Synpdaşlarym bardy örän mähriban,
Boldy olar ýaş göwnümiň diregi.
Okasak-da baha üçin ýaryşyp,
Dogan deýin gördük birek-biregi.

Mekdep bize gaty kän zat öwretdi,
Sogaby bar birin-birin sanasaň.
Ähli sowallaryň jogabyn tapdyk,
Hazynadan doly kitaphanadan...

Ýüzümde şatlyk bar – bäşlik alan deý,
Ak mekdebe söýgim çäksiz gursakda.
Bu gün huzuryna geldim ýaňadan,
Göz öňümde şol ajaýyp pursatlar.

Medet MEDEDOW,
taryh hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

«Türkmen uniwersiteti» gazeti 📚
6-njy sany, 2025


86

16

4

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Watjik [off]
  Bütin şäher ýũzüm göresi gelýä (oňaýyň)
 14.07.2025 / 23:41

+1

Belki muna nahili baha bererka ya munyaly gosgyny 4 klasda yazdymyka


Täzeje
 (15.07.2025 / 02:12) 

Watjik,

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)

Hormatly ulanyjylar !


Meniñ őñki idim howa bolupdyr. Dereje premium we 33 manat pulum bardy olam gum boldy. Ay borla. Sabrly bolali...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
@menin_dunyam (31.08.2025 / 03:46)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Meniñă őz nikim gowy...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->