“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Gündeligimden...
Premium
 Belki [off]
 05.10.2024 / 13:45
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

29.09.2024.
Bu gün durmuşymda nämedir bir zatlary özgerdesim gelýär. Ṣol bir adatylykdan ýadadym.
...Teke bazardaky gelip-geçen adamlary synlaýaryn. Hersiniň öz durmuşy bar. Iň köpem aşyk-magşuklar ünsümi çekýär. Bir-biriňi tapmak nähili uly bagt. Bir ýerlerde kimdir birem maňa garaşýarmyka?
Edil ýaňyja bir söýgiň soňky nokadyny goýdum. Aslynda başlamandygam. Ýöne gyzyklanýadym. Bolmajagy barada mahal-mahal pikir etsemem, çöp döwen ýaly edip bilemokdym. Öwrenişen gatnaşygyňdan mahrum bolmak ýokuş degýärdi. Şu gün şol batyrgaýlyga ýetdim.
Häzir bir boşlukda duýýan özümi. Her gutaran gatnaşygyň soňunda bolşy ýaly.
Köp wagt bäri ýazamokdym. Bu gün şäherde aýlanyp ýörkäm, şol pikir geldi kelläme. Durmuşa bolan höwesimi täzeden tapmagyň ýoly şoldur belki-de.

01.10.2024

Howa sowaýar.
Durmuşymda bir zatlary üýtgetmeli diýýän. Emma nireden başlajagymy welin bilemok. Ilki bilen işimi, töweregimdäki adamlary üýtgedesim gelýär...
Haçandan bäridir paýtagtda ýaşamaga höwes edýän. Teatrlar, kafeler, seýilgähler... Agşam düşdügi egniňden ýantorbaňy asynyp, ýanyňda oňat görýän joraň ýa söýeniň bilen bile aýlansaň...
Şol durmuşa ýetmek barmyka nesibämde?

02.10.2024.

Gündeligime her gün ýazýan. Bu täze endigime öwrüljege meňzeýär.
Häzir bir hindi filmi gördüm. Umuman gyzykly. Aýyň 15-ine çenli okap gutarmaly kitaplarymam bar. Soňam täze kitaplar we filmler almaly.
Ýaşan her günümde täze bir zatlar okamaga, täze filmler görmäge jan edýän. Hamala bar maksadym bu hemem başga hiç bir maksadym bolmajak ýaly.
Uzakly gije oýaly-ukyly boldum. Özümiň neneňsi ýalňyzlygymy pikir etdim. Bu ýerlerden gidesim gelýär. Ýöne nädip?
Kimdir biriniň gelip meni bu ýerlerden halas etmegine garaşýan. Bu edýänim dogrumyka? Belkem, ol hiç haçan gelmejekdir. Onda men bu durmuşda galmaly bolarmykam?

03.10.2024

Duýgularym has dogrusy ýüregimdäki boşluk gün-günden öçügsileşýär.
Düýn bir galamdaşym meni kitapdaky gahrymana meňzedýändigini aýtdy. Ol gahryman öz dünýäsi bilen ýaşap ýörenmiş. Meňem haýsydyr gahrymana öýkünjek bolýan bolmagym mümkin. Özümi bir kitapda ýa filmde duýýandyryn, kim bilýär?!
Gündelik ýazmagy öňem bir-iki ýola ýüregime düwüpdim. Bu gezek çürt-kesik herekete geçmegimiň sebäbi Nargylyç Hojageldiýewiň "Bagyşla, ýarym" kitaby boldy. Eserdäki Daýanç özüni sorag edýän sülçä ýazan gündeliklerini çykaryp berýär. Daýanç ýaly bir gün bir etmişde aýyplanaryn diýen howatyrym-a ýok. Gündelik ýazmak bilen öz ýaşaýan ömrümi az-kem manyly görnüşe getiresim gelýär. Soň-soňlar: "Şeýle günlerem başymdan geçipdir" diýip, ýatlasym gelýär...

04.10.2024 ý.

Klasdaşymyň ýogalanyna bir ýyl we sadakasy... Günortan çagalarymy howlukmaçlyk bilen ýatyryp, ejem bilen görünmäge gitdim. Klasdaşlarym bilen gitmek islemedim. Bary gelin. Aralarynda özümi haýsydyr bir gyzykly dünýäň gapysyndan salynmadyk ýaly duýýan. Müýnürgeýän...
Ejem bilen bärden baranymyzda sadaka heniz sowulman eken. Men-ä kän gaýgyly ahwala düşmedim ýöne ejem oturanyndan aglamaga başlady. Klasdaşym ot üwelýän maşyna gidip ýogalypdy. Duýdansyz hemem ýaş ölümi agyr degýändir. Doganynyňam gözleri dolup durdy. Iki sany çagasy bardy ýogalan klasdaşymyň. Men manysyz durmuşda ýaşap ýörün ol bolsa manyly durmuşyny taşlap gidipdir... Näme-de bolsa Hudaýyň bir hasaby bar bolmaly...


192

24

5

3

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Bagul [off]
  Bazi şeyler kalbinizi kirar ama közünüzi açar.
 08.10.2024 / 02:20

+0

Yaltanman okadym gowy eken

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->