Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Aydymsyz durmusx, kislorotsyz yasxamak yaly. #Xuliganka
Täze goşgy
Gytyndan Baron [off] 05.10.2024 / 23:38 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
Güneşli köňüle inipdir duman,
Çytylypdyr ýaşyl baglaň ýüzleri.
Nireden bir ýerden ilipdir güman,
Nämüçindir, gamly ýaryň gözleri.
Aýralyga boýun egen ýürekler
Indi kaýyllyga ten beren ýaly.
Hasrat gülleleri degen ýürekler...
Hamala, bulary men beren ýaly,
Müýnüm mynçgap-mynçgap, egbarlatdy.
Da-a-at!
Halys ýagyr boldum, söýgim, bagyşla!
Gamhanam çogup dur, yşkhanam — berbat.
Meni ejizledýär naçar gözýaşlar...
Kysmat eken: gussa bilen ölmeli,
Bagtym täkdi, betbagtlyk — goşadan.
Göz öňümde ýaryň başy öýmeli...
Öňem dykyn... damagymy boşadyň!
05.10.2024ý.
©Sapa HOMMADOW
Teswirler:
Täzeje Мерет [off] 06.10.2024 / 07:17+1Galamyn yiti bolsyn agam
Täzeje zarina [off] Alhamdulillah for everything🧿🪬 06.10.2024 / 10:27+2Ýetirip duruñ
Soňky teswirler
Mekdebim
Berekella! eýýäm öwrenjem bolupsyň! senä diýänä ýene şeýdip aktiwje gatnaşsaň tyýz wagytdan tanalýanlaryň hatarynda adyň durar... )) gatnaş ýetir...
dowamy...Mekdebim
Belki muna nahili baha bererka ya munyaly gosgyny 4 klasda yazdymyka...
dowamy...
Ýokaryk