Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Luckyboy : Şu günüñ begenseñ hem geçer gynansañ hem...#Lucky boy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

“MEN SENI ÝYLLARA BERMELI BOLDUM...”
 Gytyndan
 Baron [off]
 07.10.2024 / 08:12
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Gyşlasamam gyşlaryňda mert durup,
Saýdyň bimynasyp ýazlarňa meni.
Men seni ýyllara bermeli boldum,
Erksizligim üçin ýazgarma meni.

Döwdeşim — aýralyk, dertdeşim — galam,
Hemşerim berç bolan ahmyrlarymdyr.
Gijeler pyşyrdap aýdan sözleriň
Gursakda garrajak ak syrlarymdyr.

Bu setirlem agy ýa-da nala däl,
Söýgim arassady, däldi ýuwusga.
Iň uly söýgüdir, dada öwürmän,
Ynsan armanyny suw deý ýuwutsa.

Ýuwdundym.
Ýuwdunýan, teý alaç tapman,
Gözleň, dilleň gürlüginde ýitdik biz.
Ykballar azaşdy, ýollar ters düşdi,
Ekilmedik ýerimizde bitdik biz.


©Sapa HOMMADOW


188

12

3

7

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Diamante [off]
  Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım....
 07.10.2024 / 08:24

+1

gowy goşgy eken tüys yananyň okaymaly goşgusy........awtory siz bolyanyzmy ya....


Gytyndan
Pegas  (07.10.2024 / 08:28) 

Diamante, hawa, men.

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 07.10.2024 / 08:44

+1

Güýze meňzeş goşgy

 Täzeje
 Мерет [off]
 07.10.2024 / 08:57

+1

Gowy goşgy Galamyn yiti bolsyn Pegas pro

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gülmek ömürdendir. Gadyrlylam


13 ýaşda sapakdan gaçyp sony oýnamana giderdik......dowamy...
Degişmeler älemi | Gülmek ömürdendir. Gadyrlylam:)
Soho (Şugün, 10:21)

Musulmanlara edilen zulumlar(9-njy bölim)


Sankçyýa şo wagydam bar ekenow?!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Musulmanlara edilen zulumlar(9-njy bölim)
Fantom (Şugün, 10:20)

Gülkünç wakajyklar


Gaty gowy, ýetirip dur, ýylgyrtdy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
Soho (Şugün, 09:57)

Şu gün bagra bas ejeňi


Gowy goşgy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
Sasiyona (Şugün, 09:52)

GOŞGULY KAGYZ 📃


Yakan adamy yakmalymysh...dowamy...
Erkin mowzuklar | GOŞGULY KAGYZ 📃
rexha (Şugün, 09:21)

“Aglap bilerdim owal...”


Gözyasha guynch name uchin yetenokka...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Aglap bilerdim owal...”
rexha (Şugün, 08:37)

SESSIZLIK


Gowy goshgy eken....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
rexha (Şugün, 06:27)

SESSIZLIK


Dide name...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
rexha (Şugün, 06:24)

Şu gün bagra bas ejeňi


Ejelermiziň jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
rexha (Şugün, 06:21)

Şu gün bagra bas ejeňi


💥💖🎯❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
Fantom (Şugün, 05:41)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика