Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Maxrim_mv : Uytgemek pasyllara gelisyar sana dal...))

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şahyr bilen gürrüň...
 Gytyndan
 Baron [off]
 08.10.2024 / 15:11
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

(Gurbannazar Ezizowa bagyşlanýar)


Peşmegi göçüren, başlary sy:pa:n
Şemal derdimizi aňmaýan eken.
Maňa: «Göwnüň çökgün» diýme, halypam,
Şem ýanan mahaly aglaýan eken.

Başda bir alada ýok wagtam daşdan
Duşman ýa dostsumak getirjek eken.
Şonuň üçin, dostum, bu gara başda,
Kä bilbil, kä garga oturjak eken.

Şü-de azar, dagy derdim bolmasa,
Bu başym gargadyr bilbile hekem.
Ol şahyr däl eken, şöhle salmasa,
Şöhle salmak üçin ýanmaly eken.

Ýagşysyny ýaýyp, bu uly halkyň
Daraltmaly ýamanynyň örüsin.
Biz ýanmazlyk üçin ýanmaly ilki
Dünýä ammarlarnyň ton-ton därisi.

Toýda-da, ýasda-da saklaýan edep,
Ildenem şonçarak jogap gözleýän.
Her bolan günäniň günäkäri dek,
Şer işi ýapara sogap gözleýän.

Elbetde, gussany piňine almaz
Dünýe düzetmäge synanmaýanlar.
Hiç haçan sag sürä guwanyp bilmez
Onuň agsagyna gynanmaýanlar.

Kişä ýamanlygym ýok meniň mydam,
Wepaly men döwri başlan sözbaşa.
Hergiz daş atmadym, daş atdyrmadym.
Güýjüm ýetip durka dury gözbaşa.

Gün hem ýanyp dogýar, ýanybam ýaşýar,
Güller solýar, ýatladýar-da gurbany.
Dogrusy, kämahal ýadyma düşýär
Ýüregimiň durmak üçin urýany.

Bir oňat gyz sy:pa:n, hem şemal sy:pa:n
Bu başym gargadyr bilbile hekem.
Maňa: «Göwnüň çökgün» diýme, halypam,
Şem ýanan mahaly aglaýan eken.


© Ahmet GURBANNEPESOW


215

17

4

8

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Tiidaly [off]
 08.10.2024 / 15:48

+1

Atam senem yazsana sunyalyrak gosgularam dine soygi hakda dalde

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 09.10.2024 / 08:23

+1

Gowy goşgy ekeni

 Täzeje
 RozaRozilin [off]
  Taladro?...
 09.10.2024 / 12:44

+1

"Gurbannazar Ezizow" Iň gowy görýän şahyrlarymyň biri.Ýatan ýeri ýagty bolsun halypaň!

 Täzeje
 Мерет [off]
 09.10.2024 / 14:58

+1

Ahmet Kerim agan oglymy
Onem okapdym oytyan yatda janlandy bir hili

Gaty manyly yazylan eser ..!


Gytyndan
Pegas  (09.10.2024 / 15:00) 

Мерет, ýok. Diňe familiýadaş.


Täzeje
 (09.10.2024 / 15:03) 

Baron, aslynda niranin oglany? tabaynmy ?


Gytyndan
Pegas  (09.10.2024 / 15:07) 

Мерет, Büzmeýinde doglan. 1943-nji ýylda doglup, 2015-nji ýylda ýogaldy.


Täzeje
 (09.10.2024 / 15:08) 

Baron, Eserleri nireden alyp bolar?


Gytyndan
Pegas  (09.10.2024 / 15:16) 

Мерет, kitaphanalarda kitaplary bardyr.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Özüñe üns ber!


Bettt...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Bravee (Şugün, 08:00)

Mekdebim


Mlds.Manyly goşgy eken.Yetirip duryn...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Sasiyona (Şugün, 07:05)

Özüñe üns ber!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Sasiyona (Şugün, 07:03)

Özüñe üns ber!


Menem sonyaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Watjik (Şugün, 05:33)

Mekdebim


Berekella! eýýäm öwrenjem bolupsyň! senä diýänä ýene şeýdip aktiwje gatnaşsaň tyýz wagytdan tanalýanlaryň hatarynda adyň durar... )) gatnaş ýetir...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Fantom (Şugün, 03:50)

Mekdebim


👍👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Gunesh (Düýn, 23:46)

Mekdebim


Belki muna nahili baha bererka ya munyaly gosgyny 4 klasda yazdymyka...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Watjik (Düýn, 23:41)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Düýn, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Düýn, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Düýn, 16:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика