Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Maxrim_mv : Sorry... No feelings today

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

SAKY
 Gytyndan
 Baron [off]
 09.10.2024 / 08:52
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Guý, saky, heser meýini,
Köwser deý çekeýin başa
(Hasratyň ebeteýini
Her kimiň tapyşy başga).

Seňem halyň öwerlik däl,
Saçyň-sakgalyň perişan.
Ganyp bir galaly herhal,
Jahany tutmanka işan.

Maňa “kapyr” diýme, mollam,
Diýjek bolsaň, “diwana” diý.
Hasapdan boşatdy Allam,
Serim akla biganadyr.

Dünýäň işini görýänler
Aşa akyllylar dälmi?!
Özüne zyýan berýändir
Biz ýaly bigünä däli.

Şonda-da neçüýndir, saky,
Göwnümiz sy:panok wysal.
O söýgi diýýäniň häki...
Ikimiz üçin ham-hyýal.

Serhoş bolup ýeňäýmeseň,
Aldyranok hasrat ýüki.
Goý, bütin dünýäm sämesin,
Heser meýinden guý, saky!


23:52        25/09/2024ý.
    Mary / Türkmenistan



©Taýmaz SEÝIDOW


218

13

1

6

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Мерет [off]
 09.10.2024 / 09:52

+1

Saky bolsa Barmen Diymrkmi?


Omar Hayyama menzejek bolupdyrmy ?
Hatda ondan jümlelerem gabat gelyar


kapyyalar gowy otyrypdyr


Gytyndan
Pegas  (09.10.2024 / 10:05) 

Мерет, saky — meýlisi alyp barýan, meýlise ýolbaşçylyk edýän, arak-şerap guýup berýän adam.

Omar Haýýama meňzejek bolan däldir. Haýsy jümleler, mysal üçin?


Täzeje
 (09.10.2024 / 10:08) 

Baron, Kop yeri
mysal Dunyani almanka ishan diyyami?

a O Hayyamda Sopy dunyani almagy barada gurrun gidyar..! (setiri doly yada dushenok)
yene kan dorup otyrsan ..

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Mekdebim


Mlds.Manyly goşgy eken.Yetirip duryn...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Sasiyona (Şugün, 07:05)

Özüñe üns ber!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Sasiyona (Şugün, 07:03)

Özüñe üns ber!


Menem sonyaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Watjik (Şugün, 05:33)

Mekdebim


Berekella! eýýäm öwrenjem bolupsyň! senä diýänä ýene şeýdip aktiwje gatnaşsaň tyýz wagytdan tanalýanlaryň hatarynda adyň durar... )) gatnaş ýetir...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Fantom (Şugün, 03:50)

Mekdebim


👍👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Gunesh (Düýn, 23:46)

Mekdebim


Belki muna nahili baha bererka ya munyaly gosgyny 4 klasda yazdymyka...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Watjik (Düýn, 23:41)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Düýn, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Düýn, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Düýn, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Düýn, 16:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика