Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Ömürlik söýýän bar, gadyr bilýän ýok

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

9.10.2024
 Gytyndan
 yurekdes [off]
 09.10.2024 / 20:03
  Diller dymýan wagty, gözler gürleýä...

Yşkbaz duýgulardan haraý tapmaryn
Telbe kimin söýenimem peýdasyz
Yhlasym, umydym gursakda galdy
Arzuwlary pytrap giden şeýda biz

Allanan, talanan näzik duýgular
Döwüldi, gyýçagy ýüregme batýa
Bogazymda dolup duran gözýaşlam
Gözden-ä akanok, gursagmam ýakýa

Tupan ýykdy şol arzyly külbämi
Täzeden gurmagam... Belki mümkin däl
Duýguly köçämi birden sil aldy
Ilkinji söýgim sen, emma soñkym däl

Elwan ýañaklarym yşkdan gyzarmaz
Gözlerimden ýalyn tütäp çykmasa
Adam çig süýt emen giç düşünýädä,
Ynam bildireni ynam ýykmasa.

Aýna Amangeldiyewa


178

13

3

4

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Мерет [off]
 09.10.2024 / 20:45

+1

Wau gowy goshgy eken

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 09.10.2024 / 20:59

+1

Beh, gowy goşgy eken-aý. Awtory birinji gezek eşidýän. Kimkä bu?


Gytyndan
yurekdes  (10.10.2024 / 13:28) 

Baron, ozim

 Täzeje
 Agzamen [off]
 09.10.2024 / 21:04

+0

24. 09 .2022 ý.

Yşkbaz duýgularmyñ keýpi ýok bu gün,
Has, bir, gamly saz küýseýär göwnümem.
Geçenlerden çelgi gözleýän, argyn
serhoş kimin
ýolda agan göwre men.

"Yşgyñ gözi kör bolýamyş" diýseler,
Gelen bagta gözün ýuman düñle men.
Bir biwepañ altyn saýyp sözüni,
Gulak gapdym Käbäm diýse diňlegin

Soñ düşündim,
Zor düşündim bar zada,
Kämillige giç ýetişen terne men.
Durmuş indi her hatamda aýaman,
"Taýak paýym" berýär, Kyblam bermegen.

Hyýallamda guran arzuwlam synyp,
Ýalñyşlardan gurlan şäherde galdym.
Ynsan ýalñyşansoñ düşünýär eken,
Çöwre geýnen dünýäñ tersligin añdym.


Gytyndan
yurekdes  (10.10.2024 / 13:29) 

Agzamen, howa su gosgyn basky iki setirinden aldym ylhamy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ak stil............


bagysla gozim meni...dowamy...
Umumy | Ak stil............
bars (Şugün, 17:48)

Gosgularym


ýitiñ ujy galam bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
bars (Şugün, 17:42)

Gosgularym


Teswire pylchayypsynda gozelim mowzuga ****syň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
rexha (Şugün, 15:41)

Gosgularym


Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"- Sul setir bogun sany artyk dos...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
@menin_dunyam (Şugün, 15:32)

Gosgularym


Tuweleme, galamyň ujy ýiti bolsun!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Daniel (Şugün, 15:30)

Gosgularym


Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi Görüşim şol soñky gezek ekeni Ýagyşly bir günd...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 15:00)

Gosgularym


Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ Çäresin tapmadym ýazmakdan başga Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ Wah,arman ejemjan aramyz daşda Ynha süýji ý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 14:51)

Gosgularym


Döwür geçer,günler geçer elbetde Hemme zatlar galar,bolup bir salgym Hatda ömrüm dursa soñky serhetde Men şondada ejemli güni küýsärin Barýas du...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 14:50)

Ak stil............


Dannydan ajayyp setirler diyjek welin ajayyplygam-a yok 😆...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Belki (Şugün, 14:39)

El classiko 35 tur Barselona ---Real


Belki 1:4 Belki 4:1 Belki 0:5 Belki 5:0 Belki 3:2 Belki 2:3...dowamy...
Sport älemi | El classiko 35 tur Barselona ---Real
Bayradot (Şugün, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика