Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Soygi synagy
 Täzeje
 Saryyevv [off]
 10.10.2024 / 04:09

Söýgi synagy


 Melek çaga wagty, mekdepde okap ýören döwri bolup geçen bir wakanyň gelip-gelip hut şu pursatda ýadyna düşmeginiň sebäbine düşünip bilmedi. Ondan bäri köp ýyllar geçen hem bolsa, ol waka gyzyň hakydasynda müdimilik orun alypdy.

 ... Şol gün mekdepden çykan dokuz-on ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda Melek bilen Medet hem bardy. Ol gün gyşyň şatlama sowuk günleriniň biridi. Çagalar sowukdan ýaňa dygdanaklaşyp, mekdepden ep-esli daşlykda ýerleşýän öýlerine tarap howlukdylar. Göwresi çepiksiräk Melek ýoldaşlaryndan birneme yza galdy. Onuň süňňüne aňzak barha berk ornaşýardy, ylaýta-da, elleri saň gaty bolupdy. Gyzyň ysgyndan gaçan barmaklary öz-özünden ýazylyp, kitap-depderli torbasy elinden gaçdy. Eglip garyň üstünde ýatan torbasyna elini ýetrip ýetirmänkä ellikli el ondan öňürtdi. «Kimkä bu?» diýip, oýlanan Melek göwresini dikeldende özüne kömege geleniň Medetdigini gördi.
― Torbaňy özüm göterişeýin ― diýip, Medet gyz bilen egin deňleşdirip ýöräp ugrady. Soňra Melege sowal bilen ýüzlendi. ― Näme üşediňmi?
― Hawa, ellerim has üşedi. Şondan torbamy gaçyraýdym-da ― diýip, Melek ellerini biri-birine süýkeşdirdi. ― Al, meniň elligimi geý-äý. Derrewjik ýylynarsyň. Ejemiň özi örüp berdi ― diýip, Medet teklip etdi-de, elliklerini çykaryp, gyza uzatdy. Melek garaşylmadyk teklibe biraz aljyrady, ýöne Medediň sözüni ýykmady-da, ellikleri kynlyk bilen ellerine geýdi. Oglanyň elleriniň ýylysy, ýüňden örülen galyň ellik ony biraz özüne getirdi, ini ýylap başlady.
― Howa beýle sowuk bolar öýtmedim-dä. Elligimi bolsa öýde galdyraýypdyryn. Özüň bir üşemermiň, Medet? ― diýip, gyz oglana alada bilen ýüzlendi.
― Men erkek oglan ahyryn. Onsoňam öýümize-de ýakyn geldik. Üşäbem ýetişmerin ― diýip, Medet jogap berdi. Ol goňşy gyzy öýlerine çenli ugradyp, yzyna dolandy. Melek şonda oglanyň yzyndan hoşallyk bilen garap galypdy.

 ... Mekdep ýyllarynda köp-köp wakalar bolup geçipdi. Olaryň her biri gyz kalbyna dürlüçe täsir edipdi. Ýöne şol sowuk gyş gününde ýolda bolan waka welin aýratyn orunda durýardy. «Şol waka Medediň ýadynda bir barmyka? Belki, ony bir eýýämler ýadyndan çykarandyr. Men welin, şol pursady hiç unudyp bilemok» diýip, Melek oýlanmalar ummanyny gulaçlap ugrady. Orta mekdebi tamamlap, ýakyn günlerde uly durmuşa gadam basmaga taýýarlyk görýän gyzda geçen, geljek günler hakynda oýanmaga maý döräpdi. Ol ömür dowamyny göwün söýen ýigidi bolan Medet bilen baglamak isleýärdi. Ýöne gyz bu duýgusyny örän pynhan saklaýardy. Onuň-da özüne ýetesi sebäpleri bardy. Ilki bilen-ä, ol gyz maşgalady, ejaplydy, onsoňam okuwyny dowam etdirmek, ýokary bilim almak höwesindedi. Medediň göwni kimdekä? Deňdeşlerinden saýlanyp duran, gujurly, şadyýan ýigidiň özüne syrly, mähirli bakyşlary onuň kalbyna gozgalaň salýardy, onda ýakymly duýgulary oýarýardy. Şonda ol Medediň şol garly gündäki ýaly, ýene-de golaýjygynda bolmagyny isleýärdi. Ýöne isleg bir başga, durmuş başga bir zat bolup çykýardy. Her niçik-de bolsa juwan gyz ýigidiň özüne biparh däldigini bütin kalby bilen syzýardy. Şol pursatda el telefonyna jaň gelmegi gyzyň oýlanmalarynyň arasyny üzdi. Jaň edýän Medetdi.

― Ertir daga gezelenje gidýändigimizi bir unudaňokmy, Melek? Mekdep ýoldaşlarymyz bolup, keremli daglara seýil etsek, dag gözelliklerini bilelikde synlasak, nähili gowy bolardy! Men saňa garaşaryn. Ýola taýýarlyk görýäňmi? ― diýip, ýigit gyza ýüzlendi. ― Nesip bolsa, gitmekçi. Soňra okuw diýip, beýleki diýip, elimiz hem ýetmez şeýle gezelençlere ― diýip, gyz jogap berdi.

 Dogrusy, onuň bu sapara Medet üçin gidesi gelýärdi. Dünýä döräli bäri sarsman oturan, müňlerçe gowgalara, tebigy hadysalara döz gelen daglaryň täsin ýerlerinde göwün söýen ýigidi bilen bile seýran etmek, bir howadan dem almak onuň häzirki pursatdaky arzuwlarynyň seresidi. Şol sebäpli ol ertirki boljak wakalara maýyllyk bilen garaşyp başlady.

 Ertesi irden ýaş juwanlar ýola düşdüler. Şadyýan gülküler, aýdym-sazyň owazy awtobusyň içini gaplap aldy. Olar üçin gara ýoluň ugrundaky kaşaň binalary, gür baglyklary, gülzarlyklary synlamak gyzyklydy, özüne çekijidi. Mele suwly Jeýhunyň üstünden gurlan awtoulag köprüsinden geçenlerinde bolsa olar has ýakymly duýgulara beslendiler.

― Gadyrly ýaşlar, bilşimiz ýaly, bu äpet köpri hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen işe girizildi. Ol diňe bir iki kenary däl, eýsem, sebitleri, halklary hem birleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň emri bilen mundan başga-da, sag kenarda kuwwatly senagat kärhanalary, täze şäherçeler, köp sanly medeni-durmuş maksatly ymaratlar guruldy. Olar, esasan, ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan siz ― ýaşlara niýetlenendir. Bu zatlaryň gadyryny bilmek, Watana gerekli adamlar bolup ýetişmek siziň perzentlik borjuňyzdyr ― diýip, ýolbelent joşgun bilen gürrüň berýärdi.  Görülýän zatlar syýahatçylara üýtgeşik täsir edýärdi. Olar Melegi hem biparh goýmady. Ýöne ol bu ajaýyplygy Medet bilen bir ýerde oturyp synlamak, onuň bilen pikir alyşmak isleýärdi. Ýigit bolsa synpdaşy Sona bile bir oturgyçda oturypdy. Bu ýagdaý Melegiň biraz çetine degdi. Ol ýigidiň beýtmeginiň sebäbine düşünip bilmedi. Bu alasarmyk duýgy onuň serinden çykyp gidibermedi, gaýtam, barha basmarlady. Şonda-da özüne basalyk berip, olaryň tarapyna seretmezlige çalyşdy.  Uzak ýol sökülip, köp-köp syrlary, täsinlikleri goýnunda saklaýan gojaman daga gelnip ýetildi. Ýaşlar dagyň beýik ýapgydynda ýerleşýän, bir eýýämler ýitip ýok bolup giden dinozawrlaryň aýak yzlaryny synlamaga döwtalap boldular. Olar topbak daga dyrmaşyp ugradylar. Belentlige galmak ýeňil däldi. Şol sebäpli ýaşlaryň topbagy bozulyp, süýnüp başlady. Melek öňdäkileriň arasyndady. Başda ýeňillik bilen gadam ursa-da, soňra bedenine kem-kemden argynlyk aralaşdy. Şeýle pursatda ol Medetden goldaw isleýärdi. Ýigit bolsa biraz yzda Sona bilen bile gelýärdi. «Daga bile seýil ederis» diýeni haýsy, bu bolup ýörşi haýsy?! Ýa meni oýnap ýördügimikä? Eger şeýle bolsa, ol meniň çagalygymdan bäri tanaýan Mededim däldir, başga biridir...» diýip, oýlanýan Melek yzyna gaňrylmasyny-da, ýigide nazar salmasyny-da goýdy.

«Gezelenje gaýtmalam däl ekenim».
 Melek indi daş-töwereginde bolup geçýän wakalara biparhdy. Gahar gatyşykly öýkesi kalbyny eýeläp ugrady. Ol Medediň bolsa özüni bir pursatlykda nazaryndan sypdyrmaýandygyndan, özüniň her bir ädimini eserdeňlik bilen synlaýandygyndan habarsyzdy.

 Melek ýokarylygyna erjellik bilen gadam urýardy. Bir beýik daşa aýagyny goýanda bolsa birden aýagy taýdy. Owunjak daşlar şygyrdaşyp aşaklygyna gaýtdy. Olar bilen birlikde Melek hem arkanlygyna ýykyldy. Ýöne ony kimdir biriniň kuwwatly gollary ýere ýetmänkä saklady. Ol Medetdi. Gyzdyr ýigit biri-birine örän golaýjykda, ýüzbe-ýüz durdular. Olaryň ikisinden hem ses-selem çykmaýardy. Juwanlaryň dilleri geplemese-de, dideleri «gürleýärdi». «Sen şu wagta çenli nirelerde gezip ýörsüň, oglan? Näme üçin köp garaşdyrdyň?» «Günämi öt, Melek! Seni synap göreýin diýdim. Tasdan gijä galypdym. Ýene bir ýola ötünç soraýan. Söýýän bolsaň, bagyşlarsyň.»  Garaşylmadyk wakadan ýüregi gobsunan Melek biraz wagtdan özüne geldi. Indi oňa bu barlyk-da, behişdi dag-da, ýüzüni sypaýan mymyk şemaly-da aňrybaş derejede owadandy, zybady. Hawa, bu gözel zemin bilen birlikde gyzyň dünýäsi-de gelşigine gelipdi. Bu päk söýgä uýýan ýaş ýürekleriň, söýýän göwünleriň birleşmesidi.

Dursunjemal IBRAGIMOWA


41

8

0

2

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

At yazmak


😏 kim menin yuregimin eyesi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
MEGAFON (Şugün, 03:26)

At yazmak


Moral aymyrat sohbet gunca lacyn...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Domen (Şugün, 02:52)

Gideliň bäri


Ustinlik hemran bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gideliň bäri
@menin_dunyam (Düýn, 23:28)

At yazmak


Allanur Kalbynur...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
@menin_dunyam (Düýn, 23:26)

At yazmak


Ykbal, Ayna, Ay, Älem, Jahan Hemra, Yakup, Arslan we şm...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Diamante (Düýn, 23:13)

At yazmak


Alihan bn Mahrem...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Maxrim_mv (Düýn, 22:51)

At yazmak


Melek adynyn dakylmagyny men känbir dogry hasaplamok (öz pikirim öz garaýşymdyr belki dogry gelýandir belki gelýän daldir ýöne meň pikirimde däl)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Agzamen (Düýn, 22:20)

At yazmak


Suray, Humay, Rabiya, Ruhyya, Ragiba, Aysha, Emine, Melek yaly atlary halayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gulmahrem (Düýn, 22:17)

Goşgy


Suraý Amanak—Mähremgülmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Goşgy
Agzamen (Düýn, 22:06)

At yazmak


Gerçeknazar Şirin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gerceknazar (Düýn, 21:34)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика