Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Pechine : Hiçbirzat sebâpsiz dâldir. Her işde bardyr bir haýyr. Barybyr ýalançy bu dünýe, geçiji dünýe.#ýyldyz

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Romandan bölek 4
 Täzeje
 Мерет [off]
 10.10.2024 / 16:19

Maÿsa gyz ÿol boÿy añynda aÿlap,
ÿigdiñ soñ nazary alypdy huşy,
ÿuwaşja özüni çümmükläp görÿär,
hakykatmy ÿa-da ÿene-de düÿşi.

Yok, ÿok hakykatdy açykdan-aÿdyñ,
ÿigit çyny bilen synlady doñup,
hem mähir eçildi garaÿşy bilen,
bu bolşa kalpdaky duÿgular synyp.
Oÿ-pikire çümüp ÿetdi öÿlerne,
taksidan düşdi-de assadan ÿöräp,
gat-gat jaÿyñ girelgesne ugrady,
lifte mündi galdy öÿlerne tarap.
Ÿa-da düşdi birden sargalan sargyt,
lifti saklap aşak tarap ugrady,
yglady gapdalda açyk dükana,
almalydy hökman diÿlen sargydy.
Dükandan almaly zatlary alyp,
geldi öÿlerine az galyp gije,
öÿde üç sany natanyş aÿaly görüp,
ejesine diÿdi- gowlukmy eje,
gapyda garşylan Maral ejede,
ÿuwaşja ses bilen -gowlukla diÿdi,
soñ aşhana yöredi haydap,
barşyna -seni sorap sawçylar geldi.
Bu söze Maÿsamyz keç bolup haly,
utandy, ÿygryldy, gyzaryp biraz,
pessaydan -näm jogap berdiñiz diÿip,
sandyrap kem-kemden süññi gyzdyrÿar.
-jan gyzym tolgunma otur demiñ al,
dözmerin janymdan-jan berenime,
kakaña baramda aglamandym hiç,
senem ÿylgyrtjaga bererin diñe.
bu sözler ezipdi kalbyny gyzyñ,
barha siñip barÿar göz ÿaşa sile,
içigip aglaÿar göwnüñ ataşy,
öwürlen mysaly derÿa deÿ nile.

köşeşdirip bilmän ejiz gyzyny,
gyÿyldy enaniñ ÿüregi barha,
-hany goÿ aglama darykma gyzym,
ähli zat ÿerbe-ÿer gowy bor ynha.
Myhmanlañ ÿanyna gitmeli boldy,
çaÿ bilen naz-nygmat getirdi öñne,
Gelenler bir-bire ümli garaÿşyp,
başlady ardynyp gepiñ özenne.
-Hany gelin biziñem habarmyz alyñ,
ÿitgimiz ÿitirip gelipdik bäri,
diÿip olardan ulurak ÿaşlysy,
seretdi aljak deÿ giñden çuñ many.
Maral eje pessaÿdan ÿüzüni salyp,
diÿdi-de -dogrydyr düşünÿän weli,
ortadan saçagyñ gatyny açman,
ÿuwaşlykdan ony yzna süÿşürdi.
bu köneden gelÿän däbi türkmeniñ
saçak gaÿtarylsa "gyz ÿok" diÿdigi,
eger saçak açyp, içini çalyşsa
onda gelen sawçyñ bagty çüwdigi.
Maral eje köneje dabe eÿerip,
diÿdi -bu işler geñeşli bolar
eger ÿaşulylar oñlasa welin,
salymy berilmez iberler habar.
Habary alan soñ gelen sawçylar,
turmak bilen boldy ÿüzleri salyk,
gitdiler ugratdy Maral ejede,
ahlisine diläp bagt bilen saglyk.
Soñra gaÿtdy Maÿsasynyñ ÿanyna,
oñ ÿanda kiçisi Aÿsona bardy,
-Aÿsonam ol jaÿy tertibe sal, diÿp,
uly gyzy bilen iki çäk galdy.

Assa ädim bilen ÿanyna baryp,
bagryna basdyda başlap sözine
-Hany gyzym ÿüregiñi aç diÿip,
mahir bilen bakdy gyzyñ ÿüzüne.
ine şeÿdip derdinişdiler ene gyz,
kä aglaşyp, käte gam-gussa batdy,
şeÿdip otyrkalar kakasy gelip,
olañ gam gussasnyñ soñuna ÿetdi.
Aly aga giç gelerdi hemişe.
emma bu gün öñki däbini bozdy,
-Maral barmysyñ diÿip ardynyp,
Elleri giden zat öÿüne girdi.
Gele gelmäne-de güler ÿüz bilen,
penjegniñ döş jübisini dörjedi,
-buda saña sowgat ajaÿyp gözel,
diÿdi-de kiçijek bägüli berdi.
-Bu gün nähili gün bilÿäñmi beri,
diÿip bakdy aÿalynyñ gözlerne,
-wah günde şeÿlä menä bilmedim,
diÿdi daÿandy inçe näzlerne.
ine şeÿdip undyldy gam-gussa,
eneli-gyzlar güluşdiler joş urup,
Aly aga günde tapyp bahana,
öÿüni ÿaz edÿär oÿunlar gurup.
Aÿsonadyr, Maÿsa şagyzy deÿin,
kakasny görende has bagtly bolar,
şeÿdip dowam edÿär bularyñ güni,
agşamyna öÿleri şowhundan dolar.
Ÿene geçip şol agşamlaryñ biride,
irden her kim öz işine ugrady,
Maÿsa hem dolanyp öñki derdine,
giç galÿan deÿ gyssanmaçdan ÿöredi.

Bolmasa irdl entek işiñ wagtyna,
ÿüregi bir zada howlukÿan ÿaly,
awtobus duralga düşürüp gitdi
inede göründi ofisiñ jaÿy.
Geldi iş ÿerne howlukman girdi,
entek kärhanada hiç kimse ÿokdy,
garawul garşylap daşky gapyda,
"Salam" berip gyza ÿylgyryp bakdy.
Garawul Çary aga şadyÿan adam,
her gelen adama ÿylgyryp bakar,
degişmegi hasam gowy gören soñ,
her kime degişme sözjagaz atar.
Maÿsa gyza welin mähirli garar,
onuñ hormatyny tutardy beÿik,
ir bilen gapylary açyp goÿardy,
iş güni ir bilen gelÿänin bilip.
Maÿsamyz girdide iş otagyna,
zatlaryn ÿerledi öz ÿerlerine,
birdenem göz düşdi stolda duran,
gözellige dolan gül çemenine.
Görüp begendi-de eline aldy,
göÿäki gonan dek bagt guşy başa,
ysgap maÿyl bolup bägül ysyna
göz düşdi çemende duran ak hata.
Açanda ak haty okap başlady,
"Meni maÿyl eden ajaÿyp görnüş,
ählisi jemlenen ajaÿyp gyza"
aşagynda ÿazgy "Aşyk nätanyş"
Göÿä ellän ÿaly kişi zadyny,
birdenkä çekildi gülli çemenden,
soñ pikir etdi eÿesi hakda
"kimkä ol aşyk gizlinkä menden"

şol oÿlara çümüp, wagtyñ geçenin,
duÿman oturupdy Maÿsa Alyÿewna,
"Salam" bilen gelen işdeşi Güljan,
pikirlerini sowdy geldi oÿuna.
Göz güldürip, gaş kakmak bilen,
diÿdi - A gyz senä başyñ galdyrman
birniñä ÿüreginde ÿerjagaz alyp,
giripsiñiz öÿtÿän bize duÿdurman.
-ÿokla gyz bula bir, biri müşderiñ,
biten iş üçin, minnetdarlyk iberdi,
diÿdi-de ÿazgyly bölejik haty
tekjeleriñ birine oklap goÿberdi.
Maÿsañ aÿdanyna ynanmazlykdan
-aÿ bolÿada diÿip, gözün güldürdi.
lçdenem "gizläber ahyr belli bor",
diÿdi-de narazylygyn bildirdi.
Ol zatlara üns bermän Maÿsa gyz,
güli suwda goÿup, işe girişdi.
Onÿança-da salymyn bermän
ähli işgärlerem işe gelişdi.
Myrat Saparowiç hem geldi ÿerine,
her kim "Salam" berdi ÿerinden turup,
olam "Salam" aldy hal-ahwal sorap,
görüşdi bir-birden deñinde durup
Mylakatly ÿigit yzgider görşüp,
geldi Maÿsa gyzyñ iş otagyna,
gyz "Salam" berdi ÿagdaÿyn sorap,
olam diÿdi -Gowymy Maÿsa Alyÿewna

Ÿigit gözi düşdi bägül çemenne,
diÿdi -owadan gül, degişmek bilen,
gyz hem -Siziñ işdimi ya diÿip,
bir bakdy soragly nazary bilen.
-Elbetde başgadan garaşÿarmydyñ,
diyip bir bakyşda gyzy eretdi,
şeÿdip bu iki juwanlaryñ arada,
syrly bakyş näzik söygi döretdi.
Bu juwanlar hem, arzuwlar bilen,
ahli aşyklar deÿ bagta gowuşsyn,
biziñ romanmyzyñ indiki baby,
Aşyrdyr Aÿnadan söhbetin açsyn.


115

10

1

3

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 12.10.2024 / 06:24

+0

Eseriň dünýäsi ýakymly, howasy ýeňil.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ak stil............


bagysla gozim meni...dowamy...
Umumy | Ak stil............
bars (Şugün, 17:48)

Gosgularym


ýitiñ ujy galam bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
bars (Şugün, 17:42)

Gosgularym


Teswire pylchayypsynda gozelim mowzuga ****syň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
rexha (Şugün, 15:41)

Gosgularym


Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"- Sul setir bogun sany artyk dos...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
@menin_dunyam (Şugün, 15:32)

Gosgularym


Tuweleme, galamyň ujy ýiti bolsun!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Daniel (Şugün, 15:30)

Gosgularym


Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi Görüşim şol soñky gezek ekeni Ýagyşly bir günd...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 15:00)

Gosgularym


Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ Çäresin tapmadym ýazmakdan başga Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ Wah,arman ejemjan aramyz daşda Ynha süýji ý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 14:51)

Gosgularym


Döwür geçer,günler geçer elbetde Hemme zatlar galar,bolup bir salgym Hatda ömrüm dursa soñky serhetde Men şondada ejemli güni küýsärin Barýas du...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 14:50)

Ak stil............


Dannydan ajayyp setirler diyjek welin ajayyplygam-a yok 😆...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Belki (Şugün, 14:39)

El classiko 35 tur Barselona ---Real


Belki 1:4 Belki 4:1 Belki 0:5 Belki 5:0 Belki 3:2 Belki 2:3...dowamy...
Sport älemi | El classiko 35 tur Barselona ---Real
Bayradot (Şugün, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика