“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Ýalňyzlyk barada ballada
Premium
 Belki [4m]
 11.10.2024 / 03:31
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

Belki, seň boýnuňda ol beýik ýazyk,
Düşünýäň,
Ökünýäň,
Ýüzüňem aşak...
Belki, meň ýalňyşym kükregmi ýaryp,
Durun huzuryňda ýeňsämi gaşap...

Bu ne ýalňyz hasrat,
Bu ne täk düwün?
Eýsem, bu gün gözlemekmi kärimiz?
Ine, bildigem-dä kimiň päkdigin,
Ine, tapdygam-da günäkäri biz!

Birimiz "perişde"
Birimiz "şeýtan" .
Bar, şeýle hem eken,
Şeýle-dä, ine!
Ýöne nirden gelip awuly peýkam
Sanjylyp dur söýgimiziň meýdine?!

Ýürek dymýa şeýle agyr pursatda --
Ahmyr bilen günäň arasy ýakyn...
Kerbela çölüne dönen gursakda
Şehit ölen söýgiň mazary ýatyr.

Aýralyk miwesi ýetişdi kemsiz,
Giden gözýaş deňzi siňdi öýmäňe...
Hawa "söýýän" diýip ýetişdigem biz,
Ah, şeýdibem... Ýetişmedik söýmäge!

Köçede duş gelseň sowulýaň birýan.
Başym alyp çykaýynmy şäherden?!
Şeýdip, bu gije-de bir özüm barýan --
Aýak sesim diňläp ýatyr Bäherden.

Bu gije kalbymda harasat gopýa,
Oýlar çyra üýşen çirkeýler ýaly...
Çatrykda bir Mejnun Leýlisin öpýä,
Ýekelige gyjyt berýän mysaly...

Ýaşlyk göýä geçen ýaly sürgünde:
Bu ýalňyzlyk täzeledi keşbimiz.
Men bilmedim:
Nädip syndy
Bir günde
Şunça ýyllap diken söýgi köşgümiz?..

Haýsymyz günäkär?
Parhy ýok bu gün.
Synamyzda başga derdiň azary:
Ahmyrly ýürekde --
Daş ýaly düwün.
Kerbela çölünde --
Şehit mazary...

Şiraly Nurmyradow


191

8

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Bagul [off]
  Bazi şeyler kalbinizi kirar ama közünüzi açar.
 17.10.2024 / 13:23

+0

Gowy gosgy ellerne saglyk


Premium
Belki  (17.10.2024 / 18:10) 

Bagul, okamansyn oydyan Siraly aganky gosgy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->