Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Söýgiň bar ýerinde ýaşamagam, durmuşam bardyr

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Mazarystanda...
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 14.10.2024 / 07:00
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

Mazarystanda...

Bagry girýan bolan bir garry ene,
Oglunyň mazarna geldi ol ýene.

Çagaka gidirdi jigerbendini,
Indi köne mazar boldy hemdemi.

Mazardan gelýärdi oglunyň sesi,
Kikirdeýän bir enaýy gülküsi.

Daşynda-da özi ýaly çagalar ,
Oýnaýardy baldan süýji balalar.

Eşdilýär çagalaň şadyýan sesi,
Mazardan gelýärdi jennetiň ysy.

Ene hem olara ýokardan bakyp,
Oturdy gözünden ýaşyny döküp.

Geçsede ýedi ýyl ýangynly sene,
Ene perzendini ýatlady ýene.

Ýatlady ilkinji dünýä gelişin,
Buýsanç bilen gujagyna alyşyn.

Ýatlady ullakan gara gözlerni,
Mähir bilen sypalardy ellerni.

Bu duýguny göräýmeseň göz bilen,
Beýan edip bomaýar-a söz bilen.

Ýatlady bir geňsi ýylgyrşyny,
Ýatlady ol kikirdäpjik gülşini.

Ýatlady ,ýatlady , ýatlady ene ,
Ýene uzak gije ýatmady ene .

Oguljygny gördi ýene düýşünde,
Emedekläp oýnap ýördi gaşynda.

Oýnadýardy kakasy hem ýanynda,
Tisginip oýandy gijäň ýarynda.

Ukysyz gijeler geçdi gam bilen ,
Çaga öwlýäsine geldi daň bilen .

Mazaryň başynda otyr ol ýene,
Şondan soň çagasy bolmadyk ene.

© Gerçeknazar AMANNAZAROW.


173

7

1

3

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 14.10.2024 / 09:40

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Mekdebim


👍👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Gunesh (Düýn, 23:46)

Mekdebim


Belki muna nahili baha bererka ya munyaly gosgyny 4 klasda yazdymyka...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Watjik (Düýn, 23:41)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Düýn, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Düýn, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Düýn, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Düýn, 16:00)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика