Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Jimin : Entak yasymyz kici yone yureklerde dunyalere sygmayan dertler bar

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

-KAKAMA- Sapa Hommadowdan
 Täzeje
 RozaRozilin [off]
 14.10.2024 / 22:17
 Taladro?...

Selçeñläpdir, gyrawlapdyr saçlaryñ,
Ýyllar mañlaýyña salypdyr gasyn.
(Ulaldymmy, oñaldymmy, bilemok!)
Kaka, juda eziz eşdilýär sesiñ.

Çagalykda gazabyñdan gorkardym,
Indi maña ýat bolupdyr o gorky.
Hany, ýene gazabyña tutsana,
Öñküje ogluña dönerin, belki!

Gözýetimi nazarlaýañ ýygydan,
Belki, geljegmize bakýar nazaryñ.
Wyždan alawyny ýadyma salýar,
Kaka, hupbatly-la seniñ huzuryñ.

Ynamyña jogap beresim gelýär,
Hut şu ýolda az däl gorky-hederim.
Kim aýdypdyr kämil ynsan ýok diýip,
Kämil ynsan sen ekeniñ, pederim!

Kaka, surnukdyrdy agyr ýodalar,
Halys-Alla tapman ujun kelebiñ.
Degre-daşym bulam-bujar pikirler,
Otda ýaly, ýol tapamok elenip.

Dünýe menden, men dünýeden nägile,
Kalbymda irimçik ünji käneldi.
Ardym ýowuz oýunyndan durmuşyñ,
Ýa gam çekmek müdimilik kärimmi?

Kaka!
Durmuş mekdebimiñ mugallymy!
Öwütlerñe hantama men ýene-de.
Ýene ündew beräý durmuş hakynda,
Sözleriñi ýüregime çene-de!

Sada adam bolmagymy ündeýäñ,
Ýöne köp ýanýanam ýene sadalar.
Aýyplaşma zeýrenjimi, zarymy,
Kaka, juda surnukdyrdy ýodalar..




Sapa Hommadow 21 Mart 2017


178

15

3

5

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Мерет [off]
 14.10.2024 / 22:59

+1

Gowy goshgy eken Minnetdar
kaka In zerur shahsdyr herkimin durmushynda

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 15.10.2024 / 07:03

+0

Ajaýyp , menem kakama şular ýaly gowy goşgy bagyşlasym gelýär.

 Premium
 Darkify [off]
  Who are you referring to?
 15.10.2024 / 14:57

+0

Hmm gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Düýn, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Düýn, 10:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика