Ýürekdeş sözler!
BiReYsEl : Garaşmak gowy zat,dogry adama dogry duralga-da!!!_BiReYsEl
Meňzemäli
Özümiziňki Gerceknazar [off] 15.10.2024 / 07:24 Kanagatly bende baýdyr soltandan
MEŇZEMÄLI
Gel ikimiz meňzemäli hiç kime ,
Gözler bilen sözleşeli uzakdan.
Bu dertlerim döner ahyr melheme,
Aramyzda dolup dursun duzaklar.
Belgimem aýyrma gara sanowdan,
Perdelensin baglanşdyrýan ähli zat.
Bolaly biz bir-birege has golaý,
Hem-de bir-birege juda uzak, ýa:t .
Güneşim sen, näçe uzakda bolsaň,
Şonça-da ýylanýan ýyljak ýalyndan.
Şeýdip çagalarmyz köpeler gider,
Çykar olar garyndan däl, galamdan.
Goşgularym-dert üstüne dert diňe,
Armanly-ýazgylam, ýazylman galsyn.
Gel ikimiz meňzemäli hiç kime ,
Hatda söýgümiz hem aýralyk bolsun.
© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
KESMEÝÄN GYLYÇ
Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...
dowamy...KESMEÝÄN GYLYÇ
Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy
Allahym bize h...
dowamy...
Ýokaryk