
bagabat [off]
14.07.2025 / 12:23
Dostum bir gezek sorady:
-Dos,-diýdi:-sen bir “ädikçi” bolmasaňam “ädik geýip ýören adam”, aýtsana, gowy ýazmak üçin näme etmeli?
Men ýeke demligem salym salman jogap berdim:
-Isläniňi ýazybermeli.
-O nähili beýle bolýar-aý?-diýip dostum geň galdy:-Hany bi ýaşkaň-a munuň ýaly sorag berilse, onlarça ýyllaň dowamynda okap çykan küt-küt kitaplaryňy, olardan öwrenen zatlaryňy sanaýadyň. Ötüp giden ýa-da gezip ýören adybelli ýazyjylaryň her haýsynyň özüne mahsus ýazyjylyk tilsimlerini mysal getirýädiň. Edebiýatyň dürli formalarynyň, žanrlarynyň her haýsynyň mazmuny, artykmaç ýa kem taraplary, häsiýetli aýratynlyklary barada sagatlap agzyňy köpürjikledýädiň. Döredijiligiň islendik görnüşinde-de öz usulyňy, ýazyş stiliňi, ýoluňy saýlap-seçip almagyň wajyplygyny subut etjek bolup janygýadyň. Indi nä? Öň akmakdyň-da, indi «oturan ýeriňden» suw çykaýdymy? Ýa biri hakyky tankyt ýekedabany bilen ýepbekläp, Puşkiniňki ýaly «öz-özüňe galdyryp berip goýan heýkelhöwürtgäňi (heýkelhana, münber, pýedestal)» ýumurdymy?
-Jykk,-etdim men:-menem sokratçalaýyn: şunça okap, şunça ýazyp bir zada düşündim — göwnüňe gelenini ýazybermeli. Taraşla-taraşlama…Alla bolsun edip, halk halasa-ha seniň ýazanyň şedewr, bolmasa-da «şetdaly»...
![]() 137 |
![]() 25 |
![]() 6 |
![]() 4 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 0 |


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
14.07.2025 / 12:28
+1
Serdar agam, salam! Seni bu saytda gorenime juda-juda begendim. Hoş geldiň! Ýazyşyňa özun bilyan, "Ýaşaýyş yşkyndan" bäri muşdak. Ilkinji like-yňam menden!

bagabat (14.07.2025 / 14:38)
Belki, salam, jigim! Kitabyň çykypdyr. Gutly bolsun. Arada bir gün Uniweriň gapdalyndaky "Miras" kitap dükanynda duran ekeni. Ýanymda pulum azrak bolansoň alyp bilmän gaýtdym. Soňam kitap dükanyna barmaga elim degmedi. Indi çyksam nesip bolsa aljak. Durdymyrat Gazakowyň "Merw Şahyjahan" atly taryhy eserem bar ekeni. "Ikisinem alaýyn" diýip ýörün.


bagabat, salam. Biz ony el kitaby gornusinde cykaramyzog-a, agam. Bizden rugsatsyz cykarsa-da bolyamy na?

bagabat (14.07.2025 / 18:02)
Belki, rugsatsyz-a çykarylmaly däl. Ýöne Mahym Nurgeldiýewa atly başga şahyr gyz bolmasa, şol awtoryň bir kitab-a çykypdyr, bar eken. Şu wagt kitabyň ady ýadyma düşmeýär. Erte-birigün göreýin. Ýa gözüme göründimikä? Öz-ä bir ýukajyk kitapdy. Daşam owadan, gaty sahaply, ýylmanak.


bagabat, Ady "Meni menden soramyka?" . Adyny gorun birem nire cap edipdir, nace sany capdan cykypdyr bilip berayin.
Menkidir-lay agam. Indi men bu mesela nahili garamalydygymy bilmedim. Begenmelimi, gynanmalymy? Nadip oz hukugymy talap etmeli?

bagabat (15.07.2025 / 08:17)
Belki, şu gün Alla ýol berse günortanky arakesmede çykyp, kitap dükanyna baryp görerin. Onsoň soraglaryňa jogap beräýerin.
Indi birhili şol kitaby görendigime, elime alandygyma özüm özüme müňkür bolup ugradym. Birdenkä kelle çepine ýöräp, ýalňyşaýdymmykam ýa?!


bagabat, Men-a sizin yalnysandygynyza ynanamok. Hany goruberyas-da.
Agam, sizlik hayys bardy. Bizin imoda edebiyatsoyerler grupbamyz bar. Her hepde gosgy yazmakdan yarys gurnayas. Dort hepdanin yenijisini saylabam ayyn sahyry yarysyny gurnayas. Su gezekki ayyn sahyry yarysymyza emin agza bolup gosgulara baha berip bilmezmikaniz? Bary-yogy 6 sanyjak gosgy.

bagabat (15.07.2025 / 11:43)
Belki, jigim, mistika-laý! Şumatjyk ynjalman bir kilometr dagy ýöräp gidip geldim. Barsam, Durdymyrat Gazakowyň "Merw Şahyjahan" atly romanam ýok, Mahym Nurgeldiýewanyň goşgular kitabam. Satyjy gyzjagazdan sorasam, olam aýdýar: "Ýok biziň dükanymyzda beýle kitaplar satylmady".
-Siziň aýdýanyňyz ine şu bolaýmasyn, daýy?!-diýibem maňa Mahym Rozyýewanyň 2015-nji ýylda çap edilen "Asmanda saýraýan ak guşlar" atly goşgular ýygyndysyny görkezýär.
-Ýok, gyzym, bu kitaby men 10 ýyl mundan ozal

bagabat (15.07.2025 / 12:00)
Kelle, hiç kese bildirmänjik ýuwaşjadan ýöreýä öýdýän…
Nirä?
Hatap galanyň uk ýanyna bolaýmas-aý war-a...


bagabat, bah. Men-a name diyjegimi bilmedim. Öňem bolup gordumi beyle yagdaylar?Eminlik teklibimi kabul etseniz bagyslayan diyaysemmikam )

bagabat (15.07.2025 / 12:13)
Belki,
-Ýok, gyzym, bu kitaby men 10 ýyl mundan ozal çap edileniniň yz ýany alypdym. Üstesine bu kitap ýumşak sahaply (daşly) kitap, meniň diýýänim gaty, ýylmanak, lowurdawuk daşly, özem goýy gök reňklerde bezelen suratly kitap bolmaly. Durdymyrat Gazakowyňky bolsa çägesöw melemtil reňk, ýöne olam gaty daşly kitap bolmaly...-diýsem, ojagaz gyz geňirgenip garaýar.
Bäh...
Ýa düýş gördüm...
Ýa gündiziň günortany huşumda şeýtan oýnap, gallýusinasiýa uçradym...
Ýa-da...


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
14.07.2025 / 12:31
+1
Bulam doredijilik barada sonky gelen netijaniz oydyan. Onler dogrudanam stiller hakda kan yanjayadynyz
Täzeje
(14.07.2025 / 13:35)
Belki, statusyndaky sözlemiň manysy düşündirip bersene maňa näme many aňladýar ol


Sasiyona, men statusymmy? Dowlet Garkynyn gosgusyndan. Hic yerde janyma jay tapamok diyjek boldumyka diyyen. Sahyrana gorup goyaydym.

bagabat (14.07.2025 / 14:39)
Belki, öňem biri: "ölinçäň öwren, barybir şol akmaklygyňa-da ölersiň" diýipdir. Adam pahyryňky birhili şoňa barýan ýaly...
Täzeje
(14.07.2025 / 20:27)
Belki, hmm bolýa manysyna düşünip bilmedim şondan soradymley

Ahmal [off]
14.07.2025 / 15:34
+1
Nesip bolsa indi saýtda gowy mowzyklar açylar


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
15.07.2025 / 12:31
+1
Eminlik teklibine hic zat diymansiniz weli kabul edemok diydiginiz oydyen

bagabat (15.07.2025 / 14:27)
Belki, goşga baha kesmegi oňarman-laý. Käbir goşgulardyr käbir şahyrlaryň döredijiligi hakda aýdanlarymam, olaryň täsirine joşup ýazylaýan zatlar-da :-).


bagabat, bor-da yone sizi onat syncy gorup hayys etdigimizdi...

bagabat (15.07.2025 / 14:37)
Belki, onsoňam men IMO Insta ulanybam bilemok. Telefonda-ha asylam hiç zat okabam, ýazybam bilmeýärin. Diňe kompda işleýän. Şonuň üçin IMO-da goýlan goşgulary okabam bilmerin.


bagabat, bolya onda agam.

Watjik (15.07.2025 / 15:57)
Belki, sen kitabyn dine internetde cykaymasa dasynda cykmana arzuw edaymesen


Watjik, puluny goysan sen samsyk-sumsuk gosgularynam kitap edip bolya ol-a men kitabym eken 😆

bagabat [off]
15.07.2025 / 17:38
+0
Mahym Nurgeldiýewanyň kitaby bilen bagly waka, belki düýşde ýa-da huşda görlen oraşandyr, bahym bu kitabyň çap ediljegidir, Alla ýol berse. Kitabyň neşir edilmegini bolsa diňe arzuw edip çäklenmek gerek däl. Öz hasabyňa-da çykardyp bolýar.


bagabat, howwa-la hemme kisem seydip cap etdiryar.

bagabat [off]
15.07.2025 / 17:40
+0
Ýöne öň-ä mende, şu pormy: lunatiklik, ukudaka diwaryň ýüzünde gezim edip, soňra potolokdan dikbaşaşak ýöremek, düýşünde suahilide ýa-da sanskritde we ş.m. enaýy dillerde gürlemek ýaly häsiýetler-ä ýokdy welin, bilemok, indi birneme ýaş gidişip, şeýle zatlar öz-özünden peýda bolýan bolmasa (Estagpurulla! Lä höwlä we lä kuwwata ilä-billähil Alyýýul Azym! Peýda bolmawersin hernä! Akyl-huşdan aýyrmawersin!).


bagabat, olaram peyda boldumy?
Täzeje
(15.07.2025 / 21:52)
bagabat, bäh, aýtmaýarlarmy näme: Göz kütelip mahrum borsuň huşyňdan...
Gelip bize gowy zatlar paýlaşyp dursaňyz hoşal bolardyk.
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)