Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sasiyona : Gyz maşgalan in uly dagy “Kakasydyr” şol yanynda bolsa hiçkim yykyp bilmez ??‍♂️?

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Zeleli ýok undup goýber baryny...
 Gytyndan
 yurekdes [off]
 15.10.2024 / 22:07
 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"

Zeleli ýok undup goýber baryny
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn
Kakyp ýörme köne söýgiň taryny
Indi seni özge ýollar gyssasyn

Aşyr Hanow.

Zeleli ýok undup goýber barsyny
Ýada salma geçen günleñ gussasyn
Maña yşkdan hiç zat wada bermandiñ
Indi seni özge ýollar gyssasyn

Adaty dünýä deý adaty günler
Geçip dur sensizem ýeller mysaly
Ýylgyrşyñ ýüzüne gasyn düşüpdir
Maýyp arzuwlarmyñ eli hasaly

Gözlemde balkyldap, galdy yhlasym
Ýürekde ganap dur yşkyñ ýarasy
Düşniksizlik gurşap aldy dünýämi
Göýä birleşen deý agy garasy

Eýýäm güýz gelipdir ýagmyry bilen
Hamala bar zady ýuwaýjak ýaly
Men umytly bakdym giden ýollarña
Şol ýoldan yzyña geläýjek ýaly

Ýüregimde kemsidilen söýgimi
Çykaryp bir gyra zyñdym, taşladym
Men saña sag bolsyn aýdasym gelýä
Senden soñra paýhaslanyp başladym

Zeleli ýok senem unut baryny
Ýatlamaly geçen günleñ gussasyn
Belki ykbal bizi aýry ýazandyr
Indi bizi özge ýollar gyssasyn

Aýna Amangeldiyewa


232

19

7

6

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 15.10.2024 / 22:12

+0

Gowy ekeni

 Täzeje
 Мерет [off]
 15.10.2024 / 23:46

+0

Belki ykbal bizi aýry ýazandyr
Indi bizi özge ýollar gyssasyn


Gyw kime yazyan bulary
gowy goshgy

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 15.10.2024 / 23:49

+1

"Unut" diýýäň seni nädip undaýyn,
Geçmişiňdiň, indi bolduň geljegim.
Ine, ýene gaşyňda dur undanyň,
Heýde seni unudarmy Gerçegiň.

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 16.10.2024 / 05:31

+0

Zeleli ýok undup goýber baryny
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn
Kakyp ýörme köne söýgiň taryny
Indi seni özge ýollar gyssasyn

Aşyr Hanow.

Munyň-a bolanok Aýna gyz.


Gytyndan
yurekdes  (16.10.2024 / 06:59) 

Belki, bilyan basky setirleri so gosgydan awtory yadyma dusman duyn okuwda otyrkam birdem so setirler dilime geldi yzynam alyp gitdim seydip ogurlyk bolyamy olam


Premium
Belki  (16.10.2024 / 07:01) 

yurekdes, yokarda epigraf goy. Awtoryny yatlabilmesen prosto "gosgudan" diy-de belle yetik.


Gytyndan
yurekdes  (16.10.2024 / 07:02) 

Belki, belledim sagbolun maslahatynyz üçin

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 16.10.2024 / 06:40

+1

Aşyr Hanow şu goşgyny ýazan wagty talypdy. Menem şol wagtlar Aşgabatda işleýärdim. Oň okuwy gutarandan soň her gün öýlän gabatlaşyp, Aşyr, Sanjar Ataýew, men — üç bolup çaý içerdik, goşgy okaşardyk, jedel ederdik. Şonda okap beripdi şu goşgyny. Aýna Amangeldiýewa, iň bolmanda, Aşyrdan epigraf alyp ýazan bolsa-da gowy bolardy. Arassa ogurlyk bolýar bu ýogsa...


Premium
Belki  (16.10.2024 / 06:47) 

Baron, men su mowzugy gorup "Asyryn gosgusyny goyupdyr" diyip on okan gosgym bolanson okaman gecipdim. Senem birinin yatlatmagyna garasdynmy?
Epigraf goymalydygyny bilmeyan bolamagam mumkin.
Yatlan gunlerin gyzykly eken. Gowy zat-lay galamdaslyk sohbetleri...


Gytyndan
Pegas  (16.10.2024 / 06:49) 

Belki, şu wagt gördüm mowzugy.


Gytyndan
yurekdes  (16.10.2024 / 06:59) 

Baron, epigraf kella gelmandir hazir duzedyan

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 16.10.2024 / 07:12

+0

Yene bir maslahat. Gosgyn in guycli setiri tasirlenilip yazylan setir bolsa onda gosgyny sowly hasaplap bilemok men-a. Son cun tasirlenen setirlenden has guycli setirler doretjek bolmaly.


Gytyndan
yurekdes  (16.10.2024 / 09:55) 

Belki, bellap goyaryn

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 17.10.2024 / 13:21

+0

Aşyr Hanowdan alynan bir bent epigrafyň dolusyny okap bolmazmyka?


Gytyndan
yurekdes  (17.10.2024 / 15:12) 

Gulmahrem, wah mendede yokda dolysy yadyma dusen setireler solardy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Şugün, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Şugün, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Şugün, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Şugün, 16:00)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:45)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Nesip bolsa indi saýtda gowy mowzyklar açylar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ahmal (Şugün, 15:34)

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика