Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Soygi, kocedaki iki kisxn ursxmagna menzeya. Sebabi ayyran dine bir basxkasy. #Xuligankaa

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

STIIKLERDEŸ 15-nji seriÿa
 Öwreniji
 Khanture00 [off]
 15.10.2024 / 23:24
 Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran

STIKLER 15-nji bölüm (Manysyz, absurd, bizarrofikşn hekaýa)

DISCLAIMER (DISKLEÝMERIŇ NÄMEDIGINE DÜŞÜNMEÝÄN SADA TÜRKMEN ÜÇIN DUÝDURYŞ):
ÜNS BERIŇ!
Bu hekaýany okojogyndan bolup bärik giren bolsaňyz we okamagy niýet eden bolsaňyz birinji nobata geçmänkäňiz logikaňyzy beýniňizden öçüriň, sebäbi sizi stikleriň anomaliýa dünýäsine çagyrýarys. Bu hekaýa tebigatyň kanunlaryna, wagtyň akymyna we hakykatyň özüne garşy çykýar. Mazmuna baha bermäň; Sebäbi garaşylmadyk bir zat bu ýerde islendik wagt bolup biler we bolup bilmese urup ýenjip boldurýarys!
Aladalandyrýan, geň galdyryjy we gödek gülkünç tejribä taýyn boluň. Ýöne ýadyňyzdan çykarmaň, eger taýyn bolsaňyz, diňe dowam ediň. Ýogsam, bu däliň öňünde aklyňy ýitirmek islemeseň, şu ýerde durup, başga bir hekaýa gözläp bilersiň.
Bu diňe duýduryş ... ýa-da dälmi? Onsoňam bu hekaýany 16 ýaşa ýetmediklere, göwreli we emdirýän aýallara, işan mollalara içmek wiý bagyşlarsyňyz okamak maslahat berilmeýär.

Karoçi başladyk.

STIKLER
15-nji bölüm.
Bizarrofikşin ekşin.

***
- Eý Töremät, bir bilen 15-njiň arasyndaky bölümler nirde?
- Olary men ýörite depdere ýazypdym, bir görsem depderime stiklerden başga zat çyzmandyryn.

***
STICKVERSE (Stikwers) äleminde 98-nji ýyl. 13-nji "ýykdy ýa bir" aýy. Sagat 509-dan 15678 minut geçdi.
Birgün Stiklandiýa döwletiniň raýaty Stikmät. Jorabynyň içinde ýitirim bolupdyr. "Ýopdyw*ýmat bl*t. Men nirde?" didi Stikmät. "Jorabymy tapyp bilmän, içinde ýitirim boldum öýdýän." diýip gepini dowam etdi. Soň jorabyndan çykyp setetse blät, hiç zat ýok diýýä. Diňe-je joraby ýerde ýatyr. Daş-töwerek ap ak. "Bäää jorabym gara tunele öwrülip meni ýuwutdy we meni STICKVERSE äleminden daşary s*çdy öýdýän. Bl*t men jorabymyň b*ky bolýanmaý?" diýdi Stikmät. Soň jorabyny eline alyp ýöräberdi. Birden öňünnen ullakan bir pomidor "domp" diýip çykdy. "Eýo Epenniň pomidorymaý bi?" diýdi Stikmät. Şobada pomidorda agyz peýda boldy. Içinde sap sary dil we aşagy ýokarsy 33 sany uçlak diş bardy. Pomidor Stikmädi iýdi. Pomidoryň içine düşen Stikmät "Haý blä, Epenniň pomidory meni ýuwutdy. Men inni bu pomidory içinden gemirip iýip daşaryk çykaryn" diýdide gurçyk ýaly pomidory içinden gemirip başlady...

***
Stiklandiýanyň polisiýasyna Stikmädiň ýitendigi barada habar edildi. Stiklandiýaň polisýaçylary "Ýitenden tapylan barmaý?" diýip gözlemekden ýüz öwürdiler.

***
Gadym zamanlaryň ortaky zamanlarynda Stikwers (STICKVERSE) äleminde Stikmänistan hanlygy Demirgazyk Stiknard patyşalygynyň üstüne çozdy. Demirgazyk Stiknardyň patyşasy Günorta Stiknard Patyşalygyndan kömek soran kişisiredi. Günorta Stiknardlylar demirgazyga kömege gelende Demirgazyk Stiknardyň esgerleri bildirmän söweş meýdanyndan gaçdylar. Şeýlelikde Stikmänistan hanlygy bilen Günorta Stiknard patyşalygnyň arasynda "IlKINJI STIKÇILIK" urşy turdy. Uruşda halys ýadan Stikmänistan hanlygy ýeňiş gazandy. Günorta Stiknard Stikmänistan hanlygyna geçdi. Stikmänistan uruşdan soň özüni "Beýik Stikmänistan Imperiýasy" han bolsa özüni "Imperator Stikmän" diýip yglan etdi... Oňa çenli gyra gaçyp gyrada "güýç toplan" Demirgazyk Stiknard patyşalygy resko Beýik Stikmänistan imperiýasynyň müň esgerini stikledi. Imperator şok boldy. "Bl*tler. Demirgazyklylar ýapdywaým*tlary başda basyp almaldyk" diýdi. Imperatyr Stikmän mör-möjekler bilen ösüp ulalypdy. Şol sebäpden Demirgazyk Stiknard imperiýasyna garynja çozdurtdy. Demirgazyk Stiknardyň garynjalaram Stikmänistanyň garynjalarna "Bularam özümiziklär, biziň agaýlar. Biz onlardyň kustyndary" diýip kömege geldiler. Demirgazyk Stiknardy garynjalar tawalansoň Beýik Stikmänistan imperiýasynyň çäkleri barha giňeldi...

***
- Eöw Törömät, näme ýazdyňaý blä?
- Stikwers äleminiň taryhy.
- Taryh ýazma dawaý, çalt bol hekaýa ýaz.
- Ýok indi ahyrzaman ýazjak.

***
Stikwers äleminiň ahyrzamany.
Stikwers äleminiň asmanyndaky nokot nokot ýyldyzlar ajygyp güni iýipdir. Aý bolsa gahar edip ýyldyzlary urup düşürüpdir. Bir ýyldyz garpyzkelle stigiň kellesine gaçypdyr. Ol garpyzkelle stigiň ady Stikb*k eken. Ol şobada ölüpdir. Maşgalasy oň ölümine ýas tutup aglap bolanson. Ertesi gün ir bilen gün çykanda asman güýçlerine garşy bütün stikleri toplap uruş yglan edipdirler. Asman güýçlerem nämetsin, "Siz kime garşy çykan bolýaňyzaý?" diýip başlyklary bolan Stikwers äleminiň hudaýzadasy Bairammädi çagyrypdyrlar. Bairammädem hudaýgeldi Töremät birzat eder diýip, hudaýgeldi Töremäde aýdypdyr. Töremädem "boldy syýa gutardy, indi ahyrzamany getirsegem bolar" diýip, alkaş hudojnigiň çeken, çyzan, ýazan, bakan, dakan, döken, üstünden böken, ýykan, kakan, göwni döwen, hakyn ýakan depderlerini otlapdyr. Şeýdibem stikwers äleminde ahyrzaman bolup. Ol älem ýok bolup gidipdir.

© Khanture 2023
Mowzugy kopiraýt hukuklaryna görä paýlaşasyňyz gelse paýlaşyp bilýändirsiňiz.


239

17

1

0

0

0

5
Teswirler:
 Täzeje
 Agzamen [off]
 16.10.2024 / 07:36

+0

Selena Gomesiň "Love on" diýýän aýdymynyň wideosyny gör. Älemgoşarly eşikde aýdýa


Öwreniji
Khanture00  (16.10.2024 / 07:40) 

Agzamen, okeý

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Şugün, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Şugün, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Şugün, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Şugün, 16:00)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:45)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Nesip bolsa indi saýtda gowy mowzyklar açylar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ahmal (Şugün, 15:34)

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика