Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Yuz gorlyan ayna'men owadanmy?'diyip dalde'menin edyan hereketlerim ozme gelisyarmi?'diyen sorag bilen bakdynmy?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

GÜL EKEN ADAM HAKDA
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 16.10.2024 / 12:16

Jelaleddin RUMY

Bir ugursyz kişi atam döwründe,
Nahal oturdypdyr ýoluñ ugrunda.
Ýaramaz zatmyşyn onuñ ekeni,
Adamlara gün bermändir tikeni.
Biýz deý neşderinden awunýan känmiş,
Gopar diýseler-de, diýen etmänmiş.
Tikenden bihabar kim düşse ýola,
Aýaklary bolýarmyşyn persala.
Ýa sal-sal etdirip geýim-gejimin,
Çekýärmişin o tikenleñ ejirin.
Hökümdar eşidip bu ýagdaý hakda,
Buýranmyşyn: Ýok et, onyñy çap-da!
"Indiki hepdede çaparyn hökman",
Diýip, oña söz berse-de, howlukman,
Gezip ýörenini añan hökümdar
Diýen: "Seni näme etsem, hakym bar!
Wagtyñ şeýle basym geçýänligini
Bilseñ-de, bes etmän keçjallygyny,
Goparman ýigrenji tikenni şindem,
Rehim hantama bolýarmyň menden?".
Bir zady bilmeýän borly sen, çaky,
Wagt gecdigiçe, daragtyñ köki
Çuña gidýär, berdaşlanýar, ýognaýar,
Adamlaryñ welin güýji gowzaýar.
$u ýagdaýdan bihabar dek bolma sen,
Her zadyñ wagtynda õñün almasañ,
Ötüsdirseñ, eger deprenip haýal,
Soñra ula ýazýanyny ýada sal.
Ynsanda duş gelýän pis gylyklar dek,
Tikeniñem ösýär, ýaýnaýar entek.
Her zadyñ etmeli wagty bar bilseñ,
Soñ öñi aldyrmaz, etmegin miltem.


183

8

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Мерет [off]
 16.10.2024 / 12:34

+0

Ine psihologiyany nireden owrenip bashlamaly,

Gurbannazaram diyyardimi

"biz herimiz ozimizin zergarmiz
mydam ozinizi yonup yormeli


Özümiziňki
Gulmahrem  (16.10.2024 / 13:59) 

Мерет, "Zer gadryny zergär biler" diýlenimi )


Özümiziňki
Gulmahrem  (16.10.2024 / 14:00) 

Мерет, ol eseriň dowamy ýokmy indi

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Şugün, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Şugün, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Şugün, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Şugün, 16:00)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:45)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Nesip bolsa indi saýtda gowy mowzyklar açylar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ahmal (Şugün, 15:34)

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика