Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Adamy tanamak üçin daşky keşbe däl gözlerine seret

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

“Sen ýok...”
 Gytyndan
 Baron [off]
 17.10.2024 / 18:15
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

“Sen ýok. Bir gün gadryň biliner...”
(aýdymdan)


Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär...
Sen ýok — günler goňras reňke boýandy.
Jübütlere hemdem bolan Aý solup,
Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy.

Sen ýok — ses ýok, meýmiredýän hyjuw ýok,
Sen ýok — dünýä tukatlandy (eýesiz!).
Sen ýok — ömür dowam etdi biperwaý,
Sen ýok — bu duýgulam galdy söýesiz.

Pasyllar ornuny çalşyp geldiler,
Ýaz-a ýaz däl,
Özün unutdy tomsam.
Ýatamda bagrymy kerçedi “Sen ýok”,
“Sen ýok” ýüregimi gyýdy oýansam.

Ýaşlyk köýdi, höwes köýdi, yşk köýdi...
Gör, ýene nämeler terk eder meni!..
Düşünýänem ýogsa, ahyrsoňunda,
Hawa, şu “Sen ýok”-lar berkeder meni.

Adam-da... küýsegden bagryň dilinýär...
Sen ýok, dünýäm, gadryň eýýäm bilinýär...

30.10.2018ý.

©Sapa HOMMADOW


200

17

4

8

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 LisaGray [off]
  Öñki meni menem küýsedim...)
 17.10.2024 / 18:16

+1

Sen ýok, dünýäm, gadryň eýýäm bilinýär...

 Gytyndan
 yurekdes [off]
  "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"
 17.10.2024 / 18:59

+1

Tuweleme gaty gowy goşgy.
Siziñ goşgylarñyzy hemişede höwes edip okapdym hatda birini ikisini ýatdanam bilýän ýenede täze goşgylarñyza garaşýan...


Täzeje
Saryyevv  (17.10.2024 / 21:41) 

yurekdes, aydyn bu Palwan Halmuradowyň


Gytyndan
yurekdes  (17.10.2024 / 22:07) 

Saryyevv, men aydymyn dalde gosgyn gurrunini edyan


Täzeje
Saryyevv  (17.10.2024 / 22:08) 

yurekdes, sanaşma meň bn?


Gytyndan
yurekdes  (17.10.2024 / 22:11) 

Saryyevv, sanaşyan yok men oz aydan sozimin asyl manysyny aytdym


Täzeje
Saryyevv  (17.10.2024 / 22:13) 

yurekdes, bor diy diňe?


Gytyndan
yurekdes  (17.10.2024 / 22:14) 

Saryyevv, yok


Täzeje
Saryyevv  (17.10.2024 / 22:15) 

yurekdes, tanamadyňmy


Gytyndan
yurekdes  (17.10.2024 / 22:16) 

Saryyevv, tanamadym


Täzeje
Saryyevv  (17.10.2024 / 22:19) 

yurekdes, Begenç men uzyn kiz


Gytyndan
yurekdes  (17.10.2024 / 23:05) 

Saryyevv, haaa wiy salam gowmy yahdaylarnyz

 Täzeje
 Мерет [off]
 17.10.2024 / 19:05

+0

Talypdynmy agam 18-de ?


Gytyndan
Pegas  (17.10.2024 / 19:17) 

Мерет, hawa, 5-nji kurs.


Täzeje
 (17.10.2024 / 19:20) 

Baron, Gaty gowy çykypdyr ..

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 17.10.2024 / 19:18

+1

Söz ýok

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Şugün, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Şugün, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Şugün, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Şugün, 16:00)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:45)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Nesip bolsa indi saýtda gowy mowzyklar açylar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ahmal (Şugün, 15:34)

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика