Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Yshk bir bedende iki ruh, dostluk bolsa iki bedende bir ruhdyr

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ýalňyzlykda, Ýoklugyňda, Ýoluňda...
 Gytyndan
 Baron [off]
 17.10.2024 / 23:03
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Gaýgy-gamdan ýüki ýetdi günleriň
Ýalňyzlykda,
Ýoklugyňda,
Ýoluňda.
Solup gitdi saňa netlän güllerim
Ýalňyzlykda,
Ýoklugyňda,
Ýoluňda.

Indi ýazlar bark uranok öňki deý,
Dünýä dymdy, dünýä diňe seňki deý,
Agdy gitdi durmuşymyň eňki-leý
Ýalňyzlykda,
Ýoklugyňda,
Ýoluňda.

Asman ýaly arassadyň, sadadyň,
Durmuşymyň güneşidiň — odudyň,
Men çalajan umytlardan ýadadym
Ýalňyzlykda,
Ýoklugyňda,
Ýoluňda.

Gursagymda agyry bar, agy bar,
Setirlermiň nalasy bar, ahy bar,
Şo-ol garaşyp ýörşüm saňa ahy-zar
Ýalňyzlykda,
Ýoklugyňda,
Ýoluňda…



©Sapa HOMMADOW


136

16

2

9

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 RozaRozilin [off]
  Taladro?...
 18.10.2024 / 00:28

+1

Elbetde hemişeki ýaly örän gowy Halypa galamyň ujy ýiti bolsun!

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 18.10.2024 / 06:21

+1

Gowy eken mena haladm?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Şugün, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Şugün, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Şugün, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Şugün, 16:00)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:45)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Nesip bolsa indi saýtda gowy mowzyklar açylar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ahmal (Şugün, 15:34)

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика