Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Söýse öýüme söýmese toýuma geler ??

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ynanmak, başarmagyň ýarsymy?
 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 22.10.2024 / 11:06

Adamlar özlerine ynam, höwes, hyjuw berýän zatlara ähmiýet berýärler. Şol sebäpli köp motiwasiýa (höweslendiriji) sözler, olaryň durmuşynda, başarjaňlygynda uly rol oýnaýar. Emma ol sözleriň içinde çenden aşa ulaldylanlaryna hem gabat gelmek bolýar. Olaryň birem "ynanmak – başarmagyň ýarsy" sözlemidir. Haýsam bolsa bir işiň başyny tutanymyzda, edýän işimize ynanmak gaty möhümdir. "Özüňe ynamyň" birinji şerti hem, adyndan belli bolşy ýaly ynamdyr. Başarjaňlykda-da ynamyň roly uludyr, bu dogry, emma hemme zat ynama bagly däldir. Başarjaňlygyň ýarsyny ynanmak bilen çäklendirsek, megerem dogry netijä barmarys.
Mysal üçin, maddy taýdan gaty uly baýlyga, baý bolmaga ýetmek üçin, diňe ynanmagyň ýetmese gerek. Bu ugurda esasy şertler möhüm rol oýnaýar. Ýa-da küşt oýnunda esasy sabyr, giň pikirlenmek ukyby, zehin ýaly zatlar uly rol oýnaýandyr. Köp meseläni ynanmak bilen başaryp, geçip bolmaýandygyny görersiňiz. Höwesiňizi ýykmak islämok, emma köp meselede ynanmagyň, hatda hereket etmegiňem ýetmän bilýär. Bu ynamyň kän işjeň rol oýnamaýan zatdygyny aňladanok. Şeýle-de şu we ş.m sözler, bir tarapdan ynanmagyň nähili wajypdygyny bize görkezýär. Näme bolsa bolsun, şonda-da haýsam bolsa bir iş edeňizde ynanmagyňyz gerek, emma hemme zadyň ynanmak bilen çözülmeýändiginem bilip galmakda peýda bar. Şol sebäpli bu sözlere gaty kän ähmiýet berip, çenden aşa manylary berip hereket etmek isleseňiz, ynamyňyz puja çykyp biler.


182

23

6

7

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Tiidaly [off]
 22.10.2024 / 17:00

+0

Maladis

 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 22.10.2024 / 18:42

+0

"Hemme zadyñ ynanmak bilen cozulmeyanligni bilmek" :d

 Täzeje
 Madelyo [off]
  "Şirketin Sahibi"
 22.10.2024 / 21:23

+0

Harvard ünivertedi 75 ýyllyk tejribesi bilen Başarjaňlygyň Syry:
Başarjaň adamlar bilen dost bolmaly, işini oňarmaýan kişilerden uzak durmaly!
Diýýär

seniň üçin Dogrymy?


Täzeje
brauzer_2008  (22.10.2024 / 21:45) 

Madelyo, hoa meniñ ucin dogry zat


Täzeje
Madelyo  (22.10.2024 / 21:47) 

brauzer_2009, Hmmm

 Täzeje
 brauzer_2008 [off]
  ?
 22.10.2024 / 21:46

+0

Dogru

 Täzeje
 zarina [off]
  Alhamdulillah for everything🧿🪬
 23.10.2024 / 11:13

+0

Ýetirip duruň!

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 24.10.2024 / 00:50

+0

Ynanmak basxarjanlygyn yarsy, galan yarsyda soz goldawy oyityan menimcxe

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:45)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Nesip bolsa indi saýtda gowy mowzyklar açylar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ahmal (Şugün, 15:34)

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Namucin eseriň ady" Arwahyn ar alýan gijesi" diýip goýlupdyr?Eserde arwah hakda gürrüň gidenoga şo ýerini birhili gördüm ýöne gyzykly we manyly e...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Sasiyona (Şugün, 13:32)

Dünye (goşgy).!


Maladis dowam et...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kerim-98 (Şugün, 13:27)

MUGALLYM !!!


Dowamly bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Kerim-98 (Şugün, 13:23)

Ýolda


Şadyýanja goşgy 👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýolda
Orazjan (Şugün, 13:20)

MUGALLYM !!!


Gowy goşgy Mlds👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Sasiyona (Şugün, 13:15)

Ertir.ru çat barada pikirler


Yaziyor......dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Bezzat (Şugün, 12:55)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика