Häzir ýolda bolsaň...
Eden ýalňyşlaň
Ýüregiňe düşüp dursa azary,
Aladadan dykyn bolsa kelläňem,
Göwnüňe-de deglen bolsa mazaly,
Ýeke bolsaň,
Ýakynlaryň birisem
öňüňden çykmasa, açmasa göwnüň,
Yzyn üzmän çilim çekseň üsgürmän,
Howa sowap, çyplaň bolsa hor egniň,
Itler bölmeseler pikir-oýuňy,
Guşlar jürküldeşip “aýdym aýtmasa”,
Hol görünýän oglanjyklar pete-pet
gabatlaşyp, ýaşuludyr öýtmese —
Salam bermeseler, salam almasaň,
Ýoluň dowam etseň telli-pelliräk,
Soňam öňki-soňky armanyň üçin
Bir uludan nagra tartsaň däliräp,
Belki, bir goşgy dörärdi...
Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy
Allahym bize h...dowamy...
Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Namucin eseriň ady" Arwahyn ar alýan gijesi" diýip goýlupdyr?Eserde arwah hakda gürrüň gidenoga şo ýerini birhili gördüm ýöne gyzykly we manyly e...dowamy...