Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
rexha : Лучше любить и потерять, чем никогда не любить вообще

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen dilindäki paronimleriň gysga sözlügi. ("A" harpy boýunça)
 Täzeje
 Agzamen [off]
 22.10.2024 / 21:22

AGDARMAK [a:ğdarmak] ― 1. Birini ýa-da bir zady beýleki tarapyna öwürmek, döndermek.
(Çarşagyň çiş tarapyny aşak edip, agdaryp goýdy) 2. Birini ýa-da bir zady ýykyp düşürmek.
(At büdräp, üstündäki oglanjygy agdardy) 3. (göçme many) Patyşany tagtyndan düşürip,
häkimiýet başlygyny üýtgetmek. «Husyt, adalatsyz şany tagtyndan agdaryp, Aýazhany serdar
bellemeli.» (Halk döredijiliginden) 4. Çäýnege demlenen çaýy käsä guýup, ýaňadan yzyna,
çäýnege gaýtarmak (bir ýa-da üç gezek) (Çaýy agdaryp, basyryp goýdy) 5. Ýeri ekişe
taýýarlap sürmek, depmek. «Ýer-suwdan paý alan garyp ýoksullar, Agdaryň, dönderiň, ýersuw
siziňki.» (Mollamurt) 6. Dökmek, döküp boşatmak; düňdermek. (Ýüküni özi agdaryp
düşürýän maşyn) 7. Gazandaky palawyň ýüzüniň alaçig bolman, endigan bişmegi üçin,
kepgirli garyp, palawyň üstki gatlagyny gazanyň düýbüne düşer ýaly etmek. (Aşpez 30-40
minut bäri basyrylgy duran palawy agdaryp, ýene-de az salym basyryp goýdy) 8. Gözüniň
hanasyny giňden açyp, garagyny eýläk-beýläk gezdirmek, ýokaryk döndermek. (Meret
gorkudan essi aýylyp, gözüni agdaryp ýatyrdy) 9. Kitabyň, depderiň sahypalaryny
açyşdyryp, gözden geçirmek. (Kitabyň birnäçe sahypasyny agdarandan soň, gözleýän ýerini
tapdy) ◊ Gurhan agdarmak (çykmak) ― Mukaddes Kurany boýdan-başa okap çykmak,
hatm etmek we onuň sogabyny niýetlenen merhum(lar)a (özüne ýa-da kimdir birine) bagyş
etmek, olara ýagşy dileg etmek. (Öten-geçen ýakynlaryny ýatlap, Gurhan agdardyp, olara aş
bermekligi niýet etdi)
AGTARMAK [ağtarmak] ― 1. Birini ýa-da bir zady gözläp tapmak üçin, gözlemek,
dörüşdirmek, dökmek, gözläp ters aýlanmak, sermeşdirmek. «Agtaran tapar.» (Nakyl)
2. Bir zadyň üstüni açmak, öwrenmek üçin, ylmy barlag geçirmek. (Gömlüp galan şäherleri,
go:rganlary gazyp, agtaryp öwrenýän hünärmen) 3. Birin-birin, yzly-yzyna gözden geçirmek.
«Gündizlerne okadyp, gije kitap agtardyň.» (B.Hudaýnazarow)
AHYRY [a:hyry] ― 1. Ahyr soňy, iň soňunda, ahyryn; öňi-soňy. (Ahyry boljagyň şudur)
2. Soňy, bir zadyň gutaran ýeri. (Filmiň ahyry geliberende ýatyp galypdyryn) 3. Sözlemiň
ahyrynda, soňunda gelip, käýinçli igenip, zeýrençli ökünip, bir zady nygtamagy aňladýan
söz, ahyryn. (Senem şol bir diýeniňi tutup durma ahyry)
AHYRA [a:hyra] ― gazy-haşar işlerinde giň we çuň ýap gazylanda, ýabyň çuň ýerindäki gumy,
laýy daşyna çykarmak üçin, ýabyň raýyşynda edilýän kert ýer. «Ahyra üýşürilen gumlary
ýaňadan raýyşyň daşyna oklaýança ahyraçy diýilýär.» (Edebiýat) «Galpakly irden turup, eşegi
ahyra ýanady-da, dyrmaşyp üstüne mündi.» (H.Ysmaýylow)
ALAÇA [a:laça] ― 1. Erşi gyzyl, argajy gök, tarada dokalýan nah matanyň bir görnüşi.
2. Alaça matadan tikilen köýnek. ◊ Alaçaly ýag ― toşap garylan guýruk ýagy ýa-da saryýag.
ALAJA [a:laja] I ― ala reňkli (göwrümi kiçijik zat hakynda) «Bir alaja ýüpüm bar, nirä
uzatsam ýetýär.» (Matal) (Göz)
Alaja [a:laja] II ― 1. Akly-garaly sapaklardan işilen sapak, bag. 2. Halynyň gyrasyna
salynýan akly-garaly çyzmyk nagyş.
ANDYZ [annyz] (botanika) ― owunjak ýapraklary bolan köki kösüge meňzeş ýazgyn bolup
ösýän dermanlyk ot. «Andyzlyň aty ölmez.» (Nakyl)
GANDYZ [gannyz] ― it, at we ş.m. haýwanlaryň art aýagynyň iç ýüzi, ýamyz. (Çeýnelen ýat
itiň gandyzy gara gan bolup durdy)
ARZ ― 1. Bir zatdan nägile bolup, dilden edilýän şikaýat. (Arçynymyz arzymy diňläp,
kanagatlanarly jogap berdi) 2. Bir zat hakynda edilýän haýyş, ýüz tutma, ýalbarma. «Tahyr,
guzym, eşit, saňa arzym bar, Bendi men, başymny azat eýlegil.» («Zöhre-Tahyr»)
ARZA ― bir zat hakynda hat üsti bilen edilýän haýyş, şikaýat. «Başlygymyz ýygnakda, okap
berdi arzasyn, Çykaralyň, ýoldaşlar, artdyrmasyn arzysyn.» (K. Gurbannepesow)
AŞYRY [a:şyry] ― kürtäniň, köýnegiň we ş.m. egninden aşyrylýan bir in mata.
(Köýnegiň aşyrysy boýundan ep-esli artyp durdy)
AŞYRYM [a:şyrym] ― 1. Eginden aşyrylyp dakylýan guşak. 2. Dagyň, belentligiň üstünden
geçýän ýol.
AÝYN I ― arap elipbiýiniň on sekizinji harpy.
AÝYN II ― göz, çeşm, dide. «Kesearkajyň düzi meniň aýnyma, Täze gazlan gabrystan dek
göründi.» (Kätibi) ◊ Aýyn bolmasa ― iň bolmanda, juda bolmasa, sähelçe zada.
(Aýyn bolmasa, gy:gyňy pürküp dursuň) Tarpatyl-aýyn (köne söz) ― göz açyp-ýumasy
wagt, tiz, gaty çalt, şol bada, takga, tarpa-taýyn. Tarpa (göz gabaklarynyň bir gezek açylyp
ýapylmasy) we aýyn (göz) sözlerinden ýasalan söz. «Jebraýyl alaýhyssalam bir tarpatyl-aýyn
içinde häzir boldy.» («Asly-Kerem»)
AÝYŇ― guýudan suw çekilýän gowanyň agzyndaky atanak agaç (ýüp baglamak we gowanyň
agzynyň açyk durmagy üçin)
AZM [azym] ― gahar, gazap, haýbat, hemle. ◊ Azm etmek (köne söz) ― niýet etmek,
ýürege düwmek, karara gelmek. «Mübärek bolsun seýliňiz, Azm edip siz ýola, kazym!»
(Kemine) Azm etmek (urmak) ― birine ýa-da köpçülige gaharly haýbat atmak, çişip,
gazaplanyp çöwjemek.
AZYM [azy:m] (köne söz) ― beýik, ullakan, uly. «Ne azym hünärler, ne syrly işler.»
(Magtymguly)
Azym-azym ― uly-uly, beýik-beýik. «Azym-azym şäherler, Ak otaglar galmazlar.»
(Magtymguly)

Çeşme: "Türkmen dilindäki paronimleriň sözlügi.
Türkmen dilindäki ulanylyş ýygylygy çäkli sözleriň
gysga sözlügi" kitaby. Sözlükleri taýýarlan: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýat mugallymy Akmyrat Baýramow.


144

8

0

0

1

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Şugün, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Şugün, 16:00)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:45)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Nesip bolsa indi saýtda gowy mowzyklar açylar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ahmal (Şugün, 15:34)

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Namucin eseriň ady" Arwahyn ar alýan gijesi" diýip goýlupdyr?Eserde arwah hakda gürrüň gidenoga şo ýerini birhili gördüm ýöne gyzykly we manyly e...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Sasiyona (Şugün, 13:32)

Dünye (goşgy).!


Maladis dowam et...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kerim-98 (Şugün, 13:27)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика