Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen dilindäki paronimleriň gysga sözlügi. ("B" harpy boýunça)
 Özümiziňki
 Agzamen [off]
 22.10.2024 / 21:33
 ☪️🇹🇲

BADAM [ba:dam] ― gabygy ýuka, şänigi şetdalynyň şänigine meňzeş süýri miwe berýän
agaç we onuň miwesi. «Annajanym aý kişi, Dagda badam iýmişi.» (Halk döredijiliginden)
◊ Badam gabak ― pökgerip duran owadan gabak. «Badam gabaklaryň ýadyma düşdi.»
(Mollanepes)
BADAMJAN [ba:damjan] ― miwesi hyýara meňzeş süýri, garamtyl reňkli dik ösýän bakja ekini
we onuň miwesi.
BAKYR I (köne söz) ― çerkeziň külüni gaýnadyp alynýan we reňkiň solmazlygy üçin boýaga
goşulýan gyzgylt reňkli suwuklyk. ◊ Bakyr baýlygyny bermek ― çöpboýa boýalan ýüpi
reňk alandan soň hem ýene bir gün şol suwda ýatyrmak.
BAKYR II (köne söz) ― deňiz. «Pylan ýerde bakyr bar, baryp görseň, takyr bar.» (Nakyl)
BAKYR III (köne söz) ― mis we misden ýasalan bedre, çäýnek.
Bokur ― gysga boýunly (adam barada) «Kapasda kän ýatyrdyň boýny bokur, sen küýze!»
(A. Kekilow)
BALH (köne söz) ― Owganystanyň demirgazygynda gadymy bir şäheriň ady. «Aryf aýdar
Balh şähriniň patşasy.» (Aryf. XIX asyr)
BALHY I (ýerli gepleşik) ― toýundan ýasalan gap (gowrulan et, ýag saklamak üçin)
BALHY II ― tuduň ýasy ýaprakly görnüşi we şol tuduň uly, ak tudanasy. «Balhy tut bar, her
ýapragy el ýaly.» (A. Salyh)

BARAK (ýerli gepleşik) ― maňlaýy sakar, reňki gara suw guşy, sakarbarak. «Guşda barak eti,
goýunda erek eti.» (Nakyl)
BORAK [borok] (botanika) ― malyň iýýän ýumşak otunyň bir görnüşi.
BARK (köne söz) ― ýyldyrym. ◊ Bark urmak ― ýaldyramak, öwşün atmak; ýyldyrym
çakmak. «Bark urar asmanda, baran eglenmez.» (Magtymguly)
BURK: burk urmak ― güýçli we ýakymly ysyň bolmagy, burnuňa urmagy. «Baharyň ysy
bolup, Burk urdy bägül.» (B. Hudaýnazarow)
BASAGA [basağa] ― balyk kabul etmek, saklamak, duzlamak we ýüklemek üçin, deňziň
ýalpak ýerinde gurulýan desga.
BOSAGA [bosoğo] ― 1. Işiksöýäniň aşaky we ýokarky kese goýulýan agaçlary. (Sag aýagy
bilen bosagadan ätledi) 2. (göçme many) Işigiň öň, daş tarapy. (Ol bosaganyň gapdalynda
oturdy) 3. (göçme many) Wakanyň, ýagdaýyň öň ýany, öňüsyrasy. (Biz Täze ýylyň
bosagasynda durus)
BAŞBITIN [başwiti:n] ― diri, sag-salamat, ölüm-ýitimsiz. (Çopanlara dowarlary başbitin
gyşdan çykarmak başartdy)
Başbütin [başwütüýn] ― 1. Bütinleý, düýbünden, düýpgöter. «Annaguly başbütin üýtgeşik
ýigit bolupdyr.» (A. Durdyýew) 2. Boýdan-başa, tutuş, doly. (Jaýyň daşy başbütin palçyk
bilen suwalypdyr)
BAÝZA (köne söz) ― ýumurtga. «Döker ol baýzasyn misli mäkiýan.» (A. Şabende)
BAÝZY: baýzy ýüň ― toklulardan ilkinji gezek (güýz aýlary) gyrkylyp alynýan ýüň.
BEÇGE [beçğe] ― käbir ösümlikleriň, baglaryň düýbünden çykýan şahajygy.
BEÇJE (köne söz) ― çaga, oglan, beçe. «Şir beçjesi togsan tilkä atdyrmaz.» (Magtymguly)
BERÇ ― kesel zerarly bedende galýan düwün, gaty. «Ýüregim maddadyr, bagrym berç
bilen.» (Kemine) «Göründi galanyň burçy, Ýüregimde yşgyň berçi.» (Kemine) ◊ Berç
bolmak (almak) ― 1. Düwün bolup gatap galmak. «Uzyn-uzyn arçalar, içim-bagrym berç
alar, Meniň joram sagmydyr, Habar beriň serçeler.» (Halk döredijiliginden) 2. (göçme many)
Halys irmek, bizar bolmak. (Şu kärden halys berç boldum)
BERÇE ― bellik, nyşan, tagma (düýäň boýnundaky, uýlugyndaky)
BIDÄNE [bi:dä:ne] ― 1. Dänesi bolmaýan, dänesiz. 2. Üzümiň dänesiz bir görnüşi.
BOÝDÄNE[boýdä:ne] (botanika) ― bugdaý ýaly däneli, ekilýän ysly ösümlik.
BOWUL― nusga; görelde. «Sen hem ýagşylardan alawer bowly.» (Magtymguly)
DOWUL I ― galmagal, gopgun, howsala, galagopluk. (Ýüregine dowul düşüpdir)
DOWUL II ― boýnuňdan asyp, ýanbaşyň ýokarragynda saklap, kakylyp çalynýan saz guraly,
deprek.
BOÝNUZ (botanika) ― atanak güllüler maşgalasyna degişli birýyllyk otjumak ösümlik
(lepta:leum, niteli:stnyý)
BUÝNUZ ― 1. Käbir aýrak, umga, sugun, sygyr ýaly öý we çöl haýwanlarynda kelle süňki
bilen utgaşyp çykýan dürli şekildäki, ululykdaky ösüntgi, şah. «Goça buýnuz ýük däl.»
(Nakyl) 2. Toýnagyň, şahyň, dyrnagyň düzümine meňzeş bolan materiallar we şol
materiallardan ýasalan zatlaryň käbirisiniň atlandyrylyşy «Dutaryň kirşi buýnuzyndan
sypypdyr.» (Edebiýat) (Buýnuz saply pyçak) 3. Gözüň togalak agy. «Gözüň buýnuz
perdeleri.» (Edebiýat) 4. (göçme many) Palasa, keçä salynýan şaha meňzeş nagyş.
BÖRTME [börtmö] ― çiş, ýel (syrkawlykda) (Jazsyz bişirilen oty aşa köp iýmeklik börtmäniň
döremegine getirýär) Börtmek ― çişmek, ýellenmek.
Börtmeç [börtmöç] ― gowrulyp duran etiň terlenip, ýumşap, şora duran wagty. (Börtmejiň
ysyny alyp tamşandy)


Çeşmesi: Türkmen dilindäki paronimleriň sözlügi.
Türkmen dilindäki ulanylyş ýygylygy çäkli sözleriň
gysga sözlügi. Sözlükleri taýýarlan: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýat mugallymy Akmyrat Baýramow.


40

8

0

0

1

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ata sozlerii


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ata sozlerii
BAYOGUL (Şugün, 07:03)

Eje, maña gamgyn ýazma diýdiler


Brawo...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje, maña gamgyn ýazma diýdiler
Neo (Şugün, 03:56)

Mekan Music yuregimin owazy


Tuweleme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
@menin_dunyam (Şugün, 01:32)

Mekan Music yuregimin owazy


Dos halk aydym aydyp bilyanmi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
BAYOGUL (Düýn, 22:04)

Mekan Music yuregimin owazy


Ýöne bir zat ýetmeýän ýaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
Машарипова (Düýn, 21:28)

Mekan Music yuregimin owazy


Haladym. Üstünlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
Машарипова (Düýn, 21:27)

Mekan Music yuregimin owazy


Yuklemek ucin basyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
MEGAFON (Düýn, 20:48)

Mekan Music yuregimin owazy


Az salym garasyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
MEGAFON (Düýn, 20:39)

Mekan Music yuregimin owazy


Hany onno...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
MEGAFON (Düýn, 20:36)

***********


Aşaky goşgyny has gowy gördüm. Üstünlik ýetirip duruň!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ***********
Hyyalbent (Düýn, 19:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика