Türkmen dilindäki paronimleriň gysga sözlügi. ("Ç" harpy boýunça)
Özümiziňki Agzamen [off] 22.10.2024 / 21:59 ☪️🇹🇲
ÇADYR [ça:dyr] ― ygal, sowuk geçirmeýän galyň, syk dokalan mata (brezent) we şol
matadan tutulýan wagtlaýyn jaý. «Jögüden batyr dörese, çadyryny çapar.» (Nakyl)
ÇADRA [ça:dyra] ― zenanlaryň ör-boýuny hem-de ýüzüni ýapyp duran nykaply ýuka geýimi,
perenjäniň bir görnüşi. «Aýyrdy başyndan çadrasyny gyz.» (A. Jamy)
ÇAPGY ― ýörite et, ot we ş.m. zatlary çapmak, kerçemek üçin ulanylýan gural, palta meňzeş
kiçijik enjam. Çapgyýassyk ― üstünde et, ot ýaly zatlary çapylýan, kerçelýän ullakan ýasy
agaç.
ÇAPY ― donuň syýyndan bagjyk ýeri aralykdaky gyrasyna bezeg, owadanlyk üçin, urulýan
zolak mata, dan. Da:n ― kesilip, gyýlyp alynýan bölek, ýagny, tikinçilik işlerinde.
ÇARLAK ― gür ýelekli, kelte aýakly suwda ýüzýän guş. «Çarlak özün zag saýar.»
(Magtymguly)
ÇYRLAK ― torgaýa meňzeş goňrumtyl-sary, menek-menek ýelekli kiçijik guş. «Torgaýyň
tommagyny ýolsaň, çyrlak bolar.» (Atalar sözi)
ÇAŞYRMAK [ça:şyrmak] ― 1. Üýşürilip ýa-da rejelenip goýlan zady çalam-çaş etmek, dyrpytrak
etmek. 2. Özünden gidermek, beýhuş etmek. (Eşek oglanyň maňlaýyna depip çaşyrdy)
◊ Akylyny çaşyrmak ― kösäp, horlap, alada goýup, aňkasyny aşyrmak, näme etjegini
bilmez ýaly etmek, aljyratmak. «Frontdaky oglunyň dereksiz ýitenligi baradaky şum habar
onuň akylyny çaşyrdy.» (Edebiýat)
ÇAŞARMAK [ça:şarmak] ― gözleriniň göreji nädogry, gyşyk ýagdaýda bolmak, çaşy halyna
geçmek.
ÇÄŞERMEK [çä:şermek] ― 1. Aýaklaryny uzyn salyp ölmek, çişip ýatmak, gölermek (haýwan
hakynda) 2. (göçme many) Gelşiksiz ýagdaýda el-aýagyňy gerip, serlip ýatmak. (Agzynyň
suwuny akdyryp, çäşerip ýatan eken)
ÇATYK ― biri-birine çatylan, baglanyp goýlan.
ÇATAK ― çykalga tapmak kyn, çylşyrymly, bulaşyk, ters. ◊ Çataga salmak ― hile gurmak,
bulaşyklyk döretmek. Çatak düşmek ― çatak ýagdaýa düşmek. (Ugran ugruma işlerim
çatak düşüp duran bolaýdy)
ÇEKELIK― gyzyň gupbaly tahýa dakynyp, gulaklarynyň öň ýüzünden, dulugynyň üstünden
sallap goýberýän bezeg şaýy.
ÇEKILIK ― üzeňňiniň üzeňňi gaýşy geçirilýän ýokarky keseje dörtburç deşigi. Üzeňňi
gaýşyny çekilikden ötürip, eýere baglanýar we toka arkaly uzaldylyp gysgaldylýar.
ÇEKGI ― 1. Tara çarhynyň i:giniň bir ujuny saklaýan toýnuk görnüşlije agaç. 2. Howrynyň
(kürek) sapynyň ujuna kakylýan keseje agaç, sap, tutar, ýagny, howry elden sypmazlyk üçin.
ÇEKGE ― ýüzüň dulukdan ýokary, göz bilen gulak aralygy. «Uzyn boýly, at ýüzli, ýiti gözli,
saryýagyz, çekge süňkleri çykyp duran Gurbanmämmet edenlidi.» (Ş. Taganow)
ÇIKGE ― gözüň iki gyrasy, gözýaşyň syrygyp gaýdýan ýeri. (Gözleriniň içki çikgesindäki
çylpygy süýem barmagy bilen süpürdi)
ÇELLE (ýerli gepleşik) — haşamlanyp bezelen kündügiň gapagynyň aşagyndaky owadanlyk
üçin goýlan jähegi, erňegi.
ÇILLE I — gyşyň iň sowuk günleri, gyşyň örküji. «Çillede — çepek, jöwzada — possun.»
(Nakyl) (iliň tersine) ◊ 40 çille — gyşyň 25-nji dekabrdan 5-nji fewral aralykdaky sowuk 40
güni. «Kyrk çillede görseň, doňuz balasyn, Bükürdi urar, gaçar, jul sesin aňsa.» (Mollanepes)
Çille dolmak — gyş paslynyň tamamlanmagy. «Çille dolup, garlar gyşdan aýrylsa.» (Magtymguly) Çille mesi — gyşyň çille möwsümindäki mes erkek, höwre goýberilmeziniň
öňüsyrasyndaky mes erkek. «Çille mest nerlermiz barça aýylsyn.» (Magtymguly) «Çille mes
dek ak köpükler saçypdyr.» (Magtymguly)
ÇILLE II — 1. Belli bir mukdardaky saralan ýüpek, ýüpek kelebi. «Bakjaňyzdan bakaýyn,
Ballar bolup akaýyn, Saçym çilläň ýüpegi, Dutaryňa dakaýyn!» (Halk döredijiliginden)
2. Tara daragynyň ininiň uzynlyk ölçegi. (150 sm. töweregi) 3. Ýaýyň iki ujuna dartdyrylyp
daňylýan ýüpek kiriş. «Çillesiz gurulan ýaýa sataşdym.» (Magtymguly) 4. Dutaryň kirşi.
«Gyş pasly ýetişdi, gutardy ýazym, Çillesi üzüldi, sem boldy sazym.» (Mollanepes)
ÇERIM ― gowy eýlenip taýýarlanan ham, deri. (Çerimden tikilen aýakgap)
ÇIRIM: çirim (çirk) etmezlik ― uzyn gije uklamazlyk, gözüňe uky gelmezlik. «Uzyn gije
çirim etmän, halys aryp lagşan baş çopan pyýada dolanyp geldi.» (Edebiýat) «Gözlerime çiş
kakylyp, Çirk etmedim uzyn gije.» (K. Gurbannepesow)
ÇEŞNI I ― elguşa berilýän bölejik et.
ÇEŞNI II — köplenç guşaga gysdyrylyp göterilýän nili gysga, oky niliň agzyndan salynýan
tüpeňiň bir görnüşi.
ÇEŞNE (ýerli gepleşik) ― peşeňiň düýbüne oturdylýan mis, ja:m.
ÇETIK ― jüýjeleriň aýagyna bellik üçin daňylýan ýüpjagaz.
ÇITIK I ― gapanyň diliniň ildirilýän kertijegi, ilgençegi. ◊ Çitige (pitige) münmek ― biriniň
başga biri tarapyndan ýa-da özüniň gödek ýalňyşmagy sebäpli, ele düşmeginiň, pida
bolmagynyň, uly mukdarda pul, zat ýitgisine sezewar bolmagynyň we ş.m. ýaramaz
ýagdaýlara düşmegiň öň ýüzündäki pursatda, ýagdaýda bolmak. (Onuň aldaw-hilesine
ynanyp, mal-mülküni onuň haýryna geçiräýmeli bolup, çitige münen ekenim welin, Allanyň
özi gorap, bu ýagdaýdan halas boldum)
ÇITIK II ― seret. Çitnik.
ÇITIK III ― urlan aşygyň bellenen tegelek çyzykdan çykyp bilmän, çyzyga golaý gelip duruş
ýagdaýy.
ÇETNIK ― büýli bilen burunlyk ýüpüniň arasyna goýulýan boýy 6-7 sm. çemesindäki
agaçjyk. Çetnik düýäniň burunlyk ýüpüni çeýnemezligi üçin edilýär. Büýli ― düýäniň
burnundan geçirilýän ujy epenekli (şaýbaly) agaç.
ÇITNIK ― halk tebipçiliginde arka, garna, maňlaýa basylýan gyzgyn orak ujunyň yzy, tagma,
çitik.
ÇÄÇ [çä:ç] ― döwlüp harmandan alnan arassa bugdaýyň üýşmegi. «Şuw şemaldyr üýşüp
ýatan harmanyň, Saýlap duran samanyny, çäjini.» (M. Seýidow) «Çäjiňe bereket!» (Alkyş
söz düzümi)
JÄÇ [jä:ç] ― daş çäýnek-käse we şonuň materialyndan ýasalan beýleki önümler. «Jäç
döwülse ― şatlyk.» (Yrym)
ÇIGLIK [çi:ğlik] ― 1. Bişmedik ýagdaý, göklük (et, gök-önüm we ş.m.) 2. (göçme many)
Aýdyjy, gürrüň beriji bilen diňleýjiniň anyk, takyk, dürs düşünişip bilmezligi, ýagny, gepiň
manysyna ýaramaz düşünilmeklik ýagdaýy. (Ýa-ha, meniň aýdanlarymyň magadyna ýetik
düşünmedi, ýogsa-da, men gepimi düşündirmegi başarmadym, ikarada bir çiglik boldy)
◊ Göwnüňe çiglik gitmek ― bir zada ynamsyz, müňkür bolmak, iňkisli ýaly bolmak;
şübhelenmek, ynamyň gaçmak. (Onuň gözüni görenimdenem halaman, göwnüme çiglik
gitdi-le)
ÇIGLEK [çi:ğlek] ― etlek, dolmuş, ýogyn, galyň, küti. «Mama çiglek eli bilen Umsagüliň
böwrüne dürtdi.» (B. Kerbabaýew)
ÇIRK ― 1. Kir, hapa, ýokuşan gara. 2. (göçme many) Erbet pikir, nädogry düşünje. (Aýnabat
ejäniň kalbynda çirk ýokdy) ◊ Çirk getirmezlik ― ýüzüni gyzdyrmazlyk, namys
getirmezlik, utanja goýmazlyk. «Çirk getirmez atalaryň ýüzüne, Gyzyl gyňaç, gyzyl ýaglyk
atalar.» (K. Gurbannepesow)
ÇIRIK (köne söz) ― goşun; hakyna tutma goşun. «Bolup Japarguly haly perişan, Topun
taşlap, çirigin baýdyryban.» (A. Kazy)
ÇIRTMEK I ― ýiti ýarag bilen bir zadyň ýüzini sähelçe dilmek, kesmek.
ÇIRTMEK II ― iki sany çeýe çybykdan guş tutmak üçin ýasalan toýnuk şekilli duzak.
Çirtmegiň tutar tarapyny ýere, diwara we ş.m. berkidip, haçjaly tarapynyň iki başyny ýüp
bilen biri-birine ýygyrmak arkaly gurlan duzaga guşuň haçjanyň bir ýan gyrasyndaky üsti
syrtmaklyja çitigine gonmagy, çitigiň ýa:zyp çeýe şahalaryň tarpa ýazylyp, ýüpüň
dartylmagy netijede guşuň aýagy syrtmakda galmagy görnüşli. ◊ Çirtmegine düşmek ―
biriniň guran çylşyrymly hilesine, aldawyna düşmek, aldanmak. «Ýakdyň, özüň bişersiň,
Çirtmegine düşersiň.» (B. Kerbebaýew)
ÇÜRTMEK [çürtmök] ― ujuny ýolmak, öserini kesmek. ◊ Gülüni çürtmek (tirmek) ― iň
gowularyny saýlap almak bilen gönenmek. (Oba gyzlarynyň gülüni çürtüp öýlendi)
ÇOGDA [çoğdo] ― ineriň, maýanyň, boýnunyň aşagyndaky, egnindäki ösgün ýüň, ýagal ýüň.
«Çogdasyny çaň basyp, Dört aýagyny deň basyp...» (Hüwdi) ◊ Çogda çäkmen ― çogda
ýüňünden edilen çäkmen.
ÇOGDAM [çoğdom] ― bir üýşmek, bir penje, desse. (Saçynyň çogdamy çykyp duran)
ÇUGDUM [çuğdum] ― bir zadyň ykjamlanan, rejelenen üýşmegi, topbak. (Gös-göni agaçlaryň
çugdumy) ◊ Çugdum bolup oturmak ― örän ykjamlanyp, kibitiňi gysyp düýrülmek,
çommalyp oturmak.
ÇOLAK [çolok] ― 1. Aýagy kesilip ýa-da döwlüp maýyp bolan, daraklygy bolmadyk.
«Göklemde goýny çolak baksyn, goç döwri — lal.» (Nakyl) «Men pahyr biçäre aýagy çolak,
Başlarym synykdyr, gollarym golak.» («Perhat we Şirin») 2. Goly, eli şikesli.
ÇONAK [çonok] ― eliniň barmagy çapylan. (Salamlaşyp görşemde bir barmagynyň
çonakdygyny bilip galdym)
ÇYBAN [çy:wan] ― köplenç adamynyň otyrýerinden dömüp çykýan we gün-günden ulalyp,
gatap, iriň kültäp, agyrysy güýçli bolan ýara. ◊ Çybanyňy ýarmak ― ahyrynda niýetiňi
amala aşyryp, haýsy hem bolsa bir ýüzüne syrmak, netijesi nähili hem bolsa, (ýagşy, ýaman)
bir ýüzli bolmak; janyňy barlap görmek. «Ýigdimiz kän gezek çemeleşse-de, Çyban
ýarylmady, wagt geçse-de.» (A. Kekilow)
ÇYBYN [çy:wyn] ― hortumjygy bilen gan sorup iýmitlenýän, çirkeýe görä ulurak, ganatly
möjejik, peşe.
ÇYRAG [çyra:ğ] (köne söz) ― dürli görnüşdäki yşyk, ýagtylyk berýän enjam, çyra. «Yşk eser
etmese, ýanmaz çyraglar.» (Magtymguly)
ÇYRAZ [çyra:z] ― günüň saçýan şöhlesi. «Gün altyn çyrazlaryny uzadyp, parlap, baga nur
saçýardy.» (N. Pomma)
ÇYRAÝ [çyra:ý] (köne söz) ― ýüz, meňiz. Çyraýly ― gelşikli, owadan.
ÇYZYK― bir zadyň ýüzüne çekilen inçejik zolak yz; galam, syýa we ş.m. bilen geçirilen
inçejik zolak.
ÇYZMYK ― zolak, ýasyrajyk çyzyk. (Pogonyň çyzmygy)
Çeşmesi: Türkmen dilindäki paronimleriň sözlügi.
Türkmen dilindäki ulanylyş ýygylygy çäkli sözleriň
gysga sözlügi. Sözlükleri taýýarlan: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýat mugallymy Akmyrat Baýramow.
Teswirler:
Gytyndan Aypipijik [off] Durmuş doly yenil kelleden# 23.10.2024 / 21:12+0Bä :d
Soňky teswirler