“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Türkmen dilindäki paronimleriň gysga sözlügi. ("D" harpy boýunça)
 Täzeje
 Agzamen [off]
 23.10.2024 / 21:40

DALGA [dalğa] ― deňizde turýan gaý, tolkun, gom, köleg.
DARGA [darğa] ― 1. Ýelkenli gaýyk sürýän adam. «Gäminiň dargasy özümiň ýarym,
Öňünden çykaýyn zülplerim ýaglap...» (Halk döredijiliginden) 2. (köne söz) Polisiýanyň
başlygy; häkim. «Kyrk müňi sargandyr, kyrk müňi darga, Kyrk müňi mürzedir, müneni
ýorga.» («Görogly»)
DALBYNMAK [dalwynmak] ― hyjuw bilen urunmak, dyzamak. «Laçyn deý dalbynar sagysoluna.»
(Mollamurt)
DALMYNMAK ― 1. Ýalmanyp, tamşanyp durmak. (Dodaklar dalmyndy) 2. Guwançly, arzuwly
ýagdaýda bolmak. «Ýüregim dalmynyp çykdy golumdan, Janyma owsunlap ýeter gulpagyň.»
(Kemine)
DELMINMEK, DELMIRMEK ― 1. Naýynjar zaryn garamak; boýun burup özelenip ýalbarmak,
haýyş etmek. «Hernäçe delminsem, saňa gol ýetmez» (Talyby) «Ne-hä ýallaklaýar guýrugyn
bulap, Ne-de delminýärdi ol ötünç diläp.» (B. Hudaýnazarow) 2. (göçme many)
Gaýgylanmak, tukatlanmak, gamgyn bolmak. «Daglarda delmirip galdym, Atym ýok, ýolum
daş oldy» («Görogly») 3. (göçme many) Bir zada, birine garaşmakdan ýaňa juda ynjalyksyz
bolup, galpyldamak, sandyramak. «Tä ölünçä men seniň husnuňa delmirip men, Jurga-jurga
gan akar, gözlerim dynmaz, gelin» (Kemine)
DARTY — 1. Dokma önümleri dokalanda, erşiň arasyny açmak üçin ulanylýan togalak agaç,
dartagaç. 2. Öýüň çöwşüsini towlap dartdyrýan agaç.
DARTGY — çekiniň halkasyndan geçirilip, geregiçe dartyp, berkidilýän ýasy gaýyş. Çekiniň
bir ujunda halkasy bolsa, beýleki ujunda ýumşak teletinden dartgy gaýşy bolýar.
DEŞLEK ― daýaw, göwresi uly, deşli, göwdelek (adam hakynda) (Deşlek pälwan)
DEŞELIK ― ikiýaşar erkek düýe (ýagny, bezzatlygy sebäpli ýa-da işe boýnatmak üçin,
burnuny deşip, büýli dakmagyň wagty bolan)
DÄNMEK [dä:nmek] ― beren sözünden, lebzinden, başky pikirinden, wadasyndan dönmek,
boýun gaçyrmak. «Baryň, aýdyň oglana, Dänmesin diýdiginden.» (Halk döredijiliginden)
TÄNMEK [tä:nmek] ― 1. Urlan aşyk bir ýüzünden ikinji bir ýüzüne öwrülmek. 2. Bagyndan
gopup gaçmak, ýolnup aýrylmak, sapagyndan ýolunmak. «Bagda alma bişipdir, tänip ýere
düşüpdir.» (Halk döredijiliginden)
DIDEBAN [di:dewa:n] (köne söz) ― goşunyň esasy güýçlerinden ep-esli öňde ýöreýän
gözegçi gorag topary, öňdäki garawul (dozor) «Gözegçilik etsin diýip her zaman, Duşman
geljek taýa gitdi dideban.» (A. Kazy)
DIDIWAN [di:diwa:n] ― tüpeňiň niliniň ujundaky nyşana almak üçin goýlan garawul (muşka)
DIGER [diğer] I (köne söz) ― hiç zat, nam-nyşan. «Köne dessurlardan galmasyn diger.»
(Edebiýat)
DIGER [diğer] II (köne söz) ― jykyryň küýzesi. «Dembe-dem dökse diger suwny pykyrdap,
näzi hoş.» (Andalyp)
DIGIR [diğir] ― 1. Tekiz zadyň ýüzündäki owunjak düwür. (Aýna ýaly ýylmanak, ýüzünde
bir digir hem ýok) 2. Bir zadyň bölejiginiň kiçijik, gatyja görnüşlisi. (Garynjanyň agzynda
bir digir gant bardy)
DIKAN [dika:n] ― göni, dogry, gabat. (Dikan ilerimizdäki jaý) (Maňa dikan habar gatdy)
(Şahyryň goşgusy dikan maňzyma batdy)
DIKANA [dika:na] ― käriziň guýulary. (Käriziň iň ýokarky (başky) dikanasyndan girip,
söwüň gülelerini barlap, jalawasyndan çykdy)
DIKE (ýerli gepleşik) ― adamyň gulagynyň aşak ujundaky ýumşajyk ýeri.
Tike ― döwlen zadyň kiçijik bölegi. Tike-tike ― bölek-bölek.
DIKMEK ― 1. Ýere oturtmak, dik edip düýbüni gömmek; dikip goýmak, oturtmak.
2. Gurmak, salmak. (Ýaşar ýaly çatma dikindi) 3. Ýerli-ýerinde goýmak. (Küşdüň çöpüni
dikdi) 4. (göçme many) Dikilgazyk etmek, sömeltmek. (Ýasawul bergidarlary kazyň öňünde
dikipdir)
Tikmek ― biçilen mata böleklerini we ş.m. zatlary biri-biri bilen iňňe-sapak arkaly
birleşdirip, belli bir şekile getirmek. «Kimler halta tikýär, Kim agzyn açýar.» (B.
Kerbabaýew)
DURLUK ― ak öýüň täriminiň daşyndan aýlanýan keçe örtügi, eşik. «Durluklaryn çüýredip,
gyşaryşyp otyrlar.» (Edebiýat)
DURULYK [duruluk] ― arassalyk, päkizelik, tämizlik, sa:plyk.
DÜKGE [dükgö] ― aşygyň güberçek tarapy, jikgesiniň tersi. ◊ Dükge (tükge) düşmek ―
aýaklaryňy ýygnap, ýüzüňi aşak edip, tüňňerip ýatmak.
DÜKGI [dükgü] ― küji agajynyň aşagynda goýmak üçin, agaçdan we ş.m. ýasalan ýassyk.
DÜÝTMEK [düýtmök] ― uzak ulandyrmak, uzaga gitmek, geýdirmek, çydamak, paramak
(geýim-gejim hakynda) (Meretmyradyň aýagyna düýdýän köwüş juda berk bolmaly)
Tüýtmek [tüýtmök] ― 1. Ýolmalap, çekeläp, bulaşygyny açmak, saýylan ýaly etmek (pagta,
ýüň hakynda) 2. Geýip köneltmek, ýyrtmak, tozdurmak. (Aýagynyň arany bar ýaly, eýýäm
köwşüni tüýdäýipdir) 3. Darap, gaşap sypjyrmak, ýara etmek. (Beýle gaşanyp oturyşyňa
hamyňy tüýdüp tükedersiň) ◊ Tüýt-müýt etmek ― gabyr-gubur etmek, it alan sanaja
döndermek, aldym-berdime salmak; saçýoldy etmek.
DYGRYK [dyğryk] ― 1. Buky ýer. 2. Köçäniň gutarýan ýeriniň petige direýän ýeri (tupik)
(Gidiberseň, öňüňden dygryk çykar, şol dygryga ýetäýmänkäň hem saga sowgut bardyr)
DYKRYK [dykyryk] ― dykyz, gataňsy. (Kakadylan süýt önümleri dykryk bolýar)


Çeşmesi: Türkmen dilindäki paronimleriň sözlügi.
Türkmen dilindäki ulanylyş ýygylygy çäkli sözleriň
gysga sözlügi. Sözlükleri taýýarlan: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýat mugallymy Akmyrat Baýramow.


155

6

3

0

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Agzamen [off]
 23.10.2024 / 21:56

+0

Paronimleriň sözlügi ýazuwda, sözleýişde ses düzümi boýunça biri-birine ýakyn bolup,
ulanylyşda biri beýlekisine derek ters ulanylyp, ýalňyşlyk döredýän sözleriň ― paronimleriň
biriniň deregine beýlekisiniň ulanylyp, ýalňyşlygyň ýüze çykmazlygyny maksat edinýär.


Täzeje
 (23.10.2024 / 21:58) 

Agzamen, ana munyñ hasam acyk jogap

 Täzeje
 Agzamen [off]
 23.10.2024 / 22:00

+0

Kitabyň sözbaşysyndan:

Türkmen dilindäki paronimleriň sözlügini düzmeklik işi türkmen dil biliminde ilkinji
synanyşyk bolup, orta mekdeplerde türkmen dili we edebiýat derslerinden sapak berýän
mugallymlara gollanma bolmak bilen, okuwçylaryň sözleýiş dilini ösdürmeklige, söz
gorlaryny baýlaşdyrmaklyga gönükdirilen işdir.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->