Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Medinejik : Bir birini tanayan iki nätanyş boldyk ❤️‍?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen dilindäki paronimleriň gysga sözlügi. ("E" harpy boýunça)
 Täzeje
 Agzamen [off]
 23.10.2024 / 21:41

EBŞIR [ewşi:r]: ebşir tutmak ― berk, mäkäm tutmak, gapjap tutmak, ebşirlemek.
(Ýakasyndan ebşir tutup silkeledi)
EBŞIT [ewşi:t] ― 1. Bir zadyň sepişýän ýeri, sepişik. 2. Üzük bilen durlugyň sepişigi
(Ebşitden jyklamak)
EMEJIN ― köp emýän, yhlas bilen emýän. ◊ Emejin guzy ýaly ― eýläňe-beýläňe geçip,
başyňy-gözüňi aýlap, diýenini etdirýän, dogumly.
EMENJEŇ ― ymtylagan, ymtylmaga endik eden, hantama bolagan, emenegen (nahardan,
iýmitden) «Emenjeňlige-de kuwwat gerek.» (Nakyl) (Emenjeňlik bilen tabakdan gözüni
aýyrmady)
EMENJEK: emenjek çukur ― boýun bilen döşüň sepişýän ýerindäki çukur.
EŇRE ― aglak, gözi ýaşly. «Yşka düşse guşlar eňrär, gurt aglar.» (Magtymguly)
Iňre ― igenjeň, iňirdegen, ownuk zada-da käýinip, zeýrenip ýören.
EREK I ― goýnuň bir görnüşi. «Guşda barak eti, goýunda erek eti.» (Nakyl)
EREK II ― 1. Iki örküçli inen düýe, aýry. 2. Demirgazygyndaky obalardan, ýaýlalardan
synlanyňda gerşi (depesi) goşa örküçli düýäniň (eregiň) gerşine, örküçlerine meňzeş bolup
görünýän şekildäki Köpetdagyň bir bölegi, Erekdag. «Gaýrasy Ürgençdir, ilersi ― Erek, Bu
gün şaly bitýär ýandaga derek.» (K. Gurbannepesow) ◊ Erek maýa ― bugra bilen
arwanadan bolan iki örküçli inen düýe. Adatça maýalar ýaýbaňrak bir örküçli bolýar, emma
kä halatlarda iki örküçli erek maýalara-da gabat gelnipdir.
Herek ― 1. Tärimiň (öýüň ganaty) ýokarsyndaky atanak (toýnuk) bolup gutarýan ujy, uçlary.
(Uklary tärimiň hereklerine baglap bekermek) 2. (ýerli gepleşik) Tigirli sapak.
EÝÝAM [eýýa:m] ― belli bir wagt aralygyny öz içine alýan döwür, zaman (era) «Gadym
eýýamda bir Tilki bar eken, Gapyrgasy sanaýmaly hor eken.» (A. Salyh)
EÝÝÄM [eýýä:m] ― bir zadyň bolup gutarandygyny, bolup geçendigini wagt taýdan aňladýan
söz. «Eýýäm, güneş batypdyr, Aý-da agyl atypdyr.» (G. Ezizow)


Çeşmesi: Türkmen dilindäki paronimleriň sözlügi.
Türkmen dilindäki ulanylyş ýygylygy çäkli sözleriň
gysga sözlügi. Sözlükleri taýýarlan: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýat mugallymy Akmyrat Baýramow.


139

3

0

0

1

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Lolular


Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Pegas (Şugün, 20:57)

Lolular


Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim ( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:39)

Lolular


Soz yok gowy goshy eken yone indikide loly ayallar barada goyaysanyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:27)

Lolular


Name ucn loly erkekler dine Hany loly ayallar barada yokmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:26)

Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi


Tizräk çykaýsa şo programma...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi
Sasiyona (Şugün, 20:13)

Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi


Şu günler daşarda ýatýan welin, güjikler üýrip bizar etýär. Şolara baryň ýok boluň diýip düşindirip bolaýsaha... ))) Näme diýänine düşinsegem bir...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi
Fantom (Şugün, 19:33)

Yatkeslik


Öňem okapdym şuny. Çaga kiçilikden gymmat daşy demir gapyrjakly malyş idirseň, akly üýitgeşik bolýan ekeni. Beýleki çagalardan saýlanyp durow gep...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yatkeslik
Fantom (Şugün, 19:27)

Soragnama logiki


Bah gyzykly soraglary tapyaney...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
Sasiyona (Şugün, 18:05)

Soragnama logiki


1. Mesele. Mysal. Gönükme. Deňleme. 2. Eýesiz söz gybatdyr. 3. Bäbekli bolan gelin. 4. A) Bir ýanda Hudaý bar, bir ýanda şeýtan, B) Peýdadan g...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
Annadurdy (Şugün, 17:19)

Soragnama logiki


1nji sorag yalňyš yazlypdyr, čözûp bolyan daňyp bolmayan bolmaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
EpifiZ (Şugün, 17:14)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика