Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen dilindäki paronimleriň gysga sözlügi. ("G" harpy boýunça)
 Özümiziňki
 Agzamen [off]
 23.10.2024 / 21:42
 ☪️🇹🇲

GADYR ― 1. Birek-birege goýulýan hormat, sylag, sarpa. «Gadyr gaýyn bilen giýewde.»
(Nakyl) 2. Bir zadyň gymmaty, bahasy, ähmiýeti. (Ulagyň gadyryny pyýada galaňda bilersiň)
GADAR: ne gadar ― näçe gezek, birnäçe ýola. «Men saňa ne gadar aýtdym, sen gulak
asmadyň.» (Edebiýat)
GALBIR [galwi:r] ― iri gözli elek. «Galbirde suw durmaz gözemek bilen.» (Magtymguly)
GALBIRI [galwi:ri] ― aýal geýimi üçin dokalýan ýarym ýüpek mata.
GANDAL [gannal] (köne söz) ― tussagyň eline ýa-da aýagyna salynýan gulply zynjyr.
GANDALA [gannala] ― haýwanlary çakýan we ganyny sorýan ullakan gök siňege meňzeş
möjejik, gögeýin. «Bu daglaryň gül-lälesi, Çöl-deştleriň gandalasy.» («Saýatly-Hemra»)
GENDELE [gennele] ― ownuk balyk tutmak üçin, simden gapyrjak görnüşinde ýasalan tor.
GAÝRA ― 1. Demirgazyk-gündogar tarap. «Gaýradan gelýär alaý han, Telpejigini bulaý
han.» (Halk döredijiliginden) 2. Yza, götin, yzlygyna. «Sabyr ejäniň ýüzüne gaty-gaty
seretdi-de, gaýra çekildi.» (H.Ysmaýylow) 3. Gezek, sapar, ýola mertebe. «Içine-de çöwüp,
bäş-alty gaýra depdi. («Görogly»)
Gaýra-gaýra ― gaýta-gaýta. «Gaýra-gaýra bakar men, Dokma darak kakar men.» (Halk
döredijiliginden) ◊ Gaýra durmak ― çetde durmak, goşulman durmak. Gaýra goýmak ―
soňa goýmak, yza galdyrmak. «Eger, şu bolmasa, giderdiň göni, Hiç gaýra goýmazdym deňduşdan
seni.» (A. Kekilow) Gaýra üzülmek ― keselliniň keseli gowlanan ýaly edip,
gaýtadan beterlemegi.
GAÝRY ― başga, özge, beýleki; ýat, keseki, ýakyn däl. «Messana gezinçäň gaýry illerde,
Önüp-ösen öz ýurduňdan aýrylma.» (Magtymguly)
GAÝZA: ýüzi gaýza ― utançsyz, haýasyz, ynsapsyz; ýüzi düýäň dabany ýaly.
GAÝZAR: gaýzar bolmak ― agyrlaşmak, süllermek; zerrin bolmak, julk bolmak. (Nahary köp
iýip gaýzar bolmak)
GAZAMAT [gazama:t] (köne söz) ― türme, zyndan. «Artyk, gazamatdan haçan geldiň?»
(«Aýgytly ädim» kinofilminden)
GAZAWAT, GAZAT [gazawa:t, gazat] (köne söz) ― musulmanlaryň din ýolunda alyp baran
mukaddes urşy. (Ol gazawat urşunda şehit bolupdyr) «Goç ýigitler gazat diýip çykarlar.»
(Zelili)
GELŞIK ― görk, owadanlyk, ýaraşyk. «Dünýäniň gelşigi, zynaty ― çaga.» (Žurnaldan)
◊ Gelşigiňe gelmek ― owadan bolmak, görklenmek.
GELEŞIK ― 1. Bir zady ýerine ýetirmek (alyş-beriş we ş.m.) hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyk,
şertnama. (Söwda geleşigine taraplar gol çekişdiler)
GEŇZEW [geňzöw] ― burnuna salyp, maňňyldap gepleýän, şaňryk. (Geňzew adam uzak
geplese, içiňi gysdyryberýär)
GEŇZEWI [geňzöwü] ― dutaryň dördünji perdesi we şol perdeden başlanýan heňler.
GERB ― bir döwletiň, respublikanyň we ş.m. döwlet tarapyndan bellenilen şertli şekilli,
alamatly resmi nyşany, tugra.
GERBI [gerwi] ― 1. Kürte, çyrpy, başatgyç ýaly eşikleriň ýeňlerini birleşdirýän ala ýüp.
2. Howudyň çomusynyň aşagyndaky içi sypalsyz bölegi. (Howudyň gerbisi gowy eken)
GERDEN ― boýun bilen gol aralygy, omuz, egin. «Gerdenime pelek urdy neşäni.»
(Mollamurt)
GERDAN [gerda:n] (köne söz) ― aýlanma, dolanma; aýlanyş, dolanyş. «Namazhon derwüşler,
döwletli baýlar, Pelegiň gerdany keçdir, ýaranlar.» (Magtymguly) «Köňlüm joşa geldi,
başym ― gerdana.» (Magtymguly)
GEZER ― 1. Atyň ýörişiniň ýorga ýakyn bir görnüşi. 2. (halyçylyk) Esasy nagşyň aralygyny
dogry bölýän çyzyk, zolak.
GEZERE ― tut kesilýän möwsüminde tut agajyna täze kelle (gol) çykarmak üçin, geregiçe
ösgünräk kesip, goýberilýän (goýulýan) çybyk. (Tuduň garran kellelerini täzelemek üçin,
bagyň her ýerräklerinde gezereleri goýbermeli)
GÄBE [gä:we] ― güberilip duran, çişik, pökgi. (Garny gäbe-de bolsa, süňňi, galyp-gopuşy
ýeňil)
GÄLE [gä:le] (köne söz) ― süri, topar (haýwan hakynda) «Eger, goýna çopan kylsaň börini,
Gurduň gadamyna gäle ýaraşmaz.» (Kätibi) «Arap gälesinden getirip düýe, Soýupdyr, bol
tagam çekipdir öýe.» (A. Jamy)
GÄNE [gä;ne] (ýerli gepleşik) ― mallara ýapyşyp ganyny sorýan möjejik, sakyrtga.
GÄWÜŞ [gä:wüş] ― dişleriň bilen iýmit çeýnelende edilýän hereket. «Garry gäwüşden
doýmaz, ogry ― söwüşden.» (Nakyl) ◊ Gäwüş gaýtarmak ― käbir mallaryň ýuwudan
iýmitini ýaňadan agzyna gaýtaryp, çeýnäp-çeýnäp gaýtadan ýuwutmagy, gäwüşemegi.
GÄWMIŞ [gä:wmiş] ― uly kelleli, ýogyn şahly, sygra çalymdaş mähnet ýabany haýwan
(buýwol) «Boz güsbent, gyr ýylky, gara gäwmişli.» (Magtymguly)
GIRÝAN [girýa:n] (köne söz) ― aglaýan, eňreýän, gözi ýaşly. «Ýakup ogly üçin didesi
girýan.» («Gül-Senuber»)
Birýan [birýa:n] (köne söz) ― gowrulan, köýen, daglanan. «Käbäm enem, bagry birýan, gal
indi.» (Seýdi)
GODUK― ýabany eşegiň çagasy, gulanyň kürresi. «Gulan başyna gaý düşse, godugyna
garamaz.» (Nakyl)
GUDUK ― 1. Çilik oýnunyň bir görnüşi we şol oýun oýnalanda gazylýan çukurjyk. 2. (ýerli
gepleşik) Guýy. «Nazarkerde alym guduga gaçdy, Gygyraýyn diýse, adamlar daşdy.»
(A. Jamy)
GORGAN [gorğon] (köne söz) ― 1. Beýiklik, depe. «Gorganly daglar görüner.»
(Magtymguly) «Arheologlar munuň ýaly gorganlaryň köpüsini gazyp agtardylar.» («Gadymy
dünýä taryhy») 2. Eýranyň hazarýaka welaýaty, Astrabat. «Ýakyn geldik, Görogly aga,
Gorgan göründi, göründi.» («Görogly»)
GORGUN [gorğun] ― atyň çapyş hereketiniň bir görnüşi. Gorgunlatmak ― aty öz gorgunyna
sürmek. «Boýun alyp iliň garamatyny, Gidip barýar gorgunladyp atyny.» (Saady)
GOW ― 1. Ýylanyň belli möwsümde tutuş hamynyň daşyndan bölüp aýyrýan ýukajyk
bardasy, gabygy. «Ýylan gowuny üýtgetse-de, häsiýeti öňküligidir.» (Nakyl) 2. Çakmak
daşyndan aňsatlyk bilen ot almak üçin, pamykdan we ş.m. edilýän ýörite keltejik ýüp.
«Çakmagy menden, gowy senden.» (Nakyl) ◊ Gowuna ot düşmek (uçgun ýapyşmak) ―
birden gaharlanmak, ot alan ýaly bolmak. «Aýsoltanyň igenji Potda täsir etmän, gaýta, onuň
gury gowuna uçgun ýapyşdyrdy.» (B. Kerbabaýew)
GOWA [gowo] ― guýudan suw çekmek üçin, gönden we ş.m. berk zatdan edilen gap.
«Deriden guýyň gowasy, Agaçdan bolar nowasy.» (Dowan şahyr. XIX asyr)
GOWLUK ― ýuwlukdan bolan çaga.
«Gowlugyny göreniň barjak jaýy Jennet bolarmyş.»
(«Yrymlar we ynançlar»)
GOWULYK [gowuluk] ― ýagşylyk, oňatlyk. «Ýaşanmyş diýýärler bir ýagşyzada, Göwni
gowulykda, dili dogada.» (Saady)
GOWRAK [gowra:k] ― köpräk, bolrak.
GOWURAK ― ýagşyrak, oňadrak; öňki, başdaky bilen deňeşdireniňde mazaly. «Birisi gowurak
ýokdan, Gaçawer görseň yrakdan.» (Kemine)
GOÝAŇ [goýoň] ― guragyry keseli, süňk agyry keseli (rewmatizm) (Goýaň keseliniň derdini
çekmek)
GOÝAG [goýoğ] ― elguşyň gaçyp ýa-da mürüşgäriň säwlügi bilen artykmaç iýen iýmitini
guşa tüýli ham ýa-da towşan guýrugyny berip gaýtardylýan gusugy.
GOÝAK [goýok] — deňiz guşlarynyň adalardaky we beýleki mesgenlerinden alnyp, dökün
üçin ulanylýan çöri; guşuň çöri.
GÖGEL [gö:ğöl] ― guw guşunyň mäkiýany.
GÖGELE [gö:ğölö] — 1. Doly bişip ýetişmedik iýmiş. (Gögele alma) 2. (göçme many) Ýaş,
tejribesiz, akyly goýalmadyk (oglan) «Akly goýalmadyk gögele ýigit, Ýurdy dolandyryp
bilmez hiç wagt.» (Saady)
GÖLEG [gö:löğ] ― gölenýän, jaýlanýan meýit, jeset, öli. (Gölegçiler merhumlaryň gölegini
ýankejebelerde ýerleşdirip, taýlap, düýä ýüklediler)
GÖLÜG [gö:lüğ] (köne söz) ― eşek, ulag. «Gölügi ýok ýüklenmäge, göçmäge, Ganaty ýok,
guýrugy ýok uçmaga.» (Seýit Hatam şahyr. XIX asyr)
GÖWDELI [göwdölü] ― iri göwreli, göwresi uly, deşlek (adam we ş.m.) (Meret Bagybek
Gökdepäniň gum içindäki «Ilek» oýunda çarwaçylyk eden göwdeli, nazarkerde adam bolan
eken)
GÖWDERI [göwdörü] ― erşi gyzyl, argajy gök elde dokalan ýüpek mata.
GULAM [gula:m] ― 1. Gul, hyzmatkär. «Tota söz öwreden öz hebeşiňdir, Gulamyň işidir,
şonuň işidir.» (A. Jamy) 2. (köne söz) Janpena, esger. «Bar ekeni şanyň iki gulamy.» (Saady)
GULAMBEÇE [gula:mmeçe] (köne söz) ― hyzmatkär oglan. «Iki sany gulambeçe geldiler.»
(«Saýatly-Hemra»)
GULMAN [gulma:n] ― behiştdäki hyzmatkär ýigit. «Gulman dek sallanyp, sagynyp duran.»
(Kemine)
GULAN [gulon] ― gylýallar maşgalasyndan bolan ýabany haýwan, ýabany eşek.
«Suw içmäge geldi bir süri gulan, Ýolbars Tilkä diýdi ýuwaşlyk bilen...» (A. Salyh)
GULUN ― taý, taýçanak. Gulunlamak ― baýtalyň çagalamagy.
GUL-GULA [gul-ğulo] ― galmagal, başagaýlyk; her hilli howsalalary döredýän gürrüň. «Diýdi:
«Nämä gerek, buýruk, gul-gula, Alanok ol permanyňy bir pula.» (A. Jamy) «Bir kör
öýlenipdir bedroý maşgala, Bedroý aýal ökde eken gul-gula.» (A. Jamy)
GULGUNA [gulğuno] ― suw çilimiň boýny, bokurdagy.
GUROW [gurow] ― gurgun, gurat, jany sag. «Sypaýynyň tilkisi guraw.» (Nakyl) (Goňşy,
gurawmysyňyz?!)
GYRAW ― howanyň sowuklygyndan ýere düşýän owunjak çygly örtük, gar sepindisi ýaly
nem.
GURMAK [gurmok] ― 1. Bir zady bina etmek, salmak, dikmek. 2. Emele getirmek, düzmek,
döretmek. (Durmuş gurmak) 3. Gapan, sagat jaňy we ş.m. zatlary taýýar edip goýmak. 4. Gan aýlanyşy kadaly bolman, bedeniň käbir synasynda gowuşgynsyzlygyň,
ysgynsyzlygyň bolmagy, guruşmagy. (Bijaý ýatyp, goluň gurmak)
GURAMAK [guromok] ― 1. Jemgyýetçilik häsiýetli edarany döretmek; çäre we ş. m. esasyny
düzmek, ugrukdyrmak. (Baýramçylyk çärelerini döwrebap guramak) 2. Ýola goýmak, tertibe
salmak, düzgünleşdirmek (işi we ş.m.) ◊ Döwre guramak ― tegelenip, aýlaw gurap,
oturylyşyk etmek, tans, şagalaň etmek. «Ganat kakyşyny ýatladyp guşlaň, Döwre gurap, tans
edýärdi derwüşler.» (Saady)
GURNAMAK [gurnomok] ― bölek-bölek zatlary ýygnap, jemläp, ýerbe-ýer goýup, bir bitewi
zady emele getirmek (tikinçilik, gurluşyk, tehnologik gurluşlar we ş.m. hakynda)
(Ulanylyşdan galan dürli tehniki serişdeleriň ýaramly bolan şaýlaryndan peýdalanyp,
ýönekeýje ot kerçeýän mehanizmi gurnamak başardypdyr)
GURDAMAK [gu:rdomok] ― malyň ýarasyna düşen gurdy aýyrmak. (Goýun gurdamak)
GURDUKMAK [gu:rdukmok] I ― möjegiň sürini zaýalamagy, paýhynlamagy.
GURDUKMAK [gu:rdukmok] II ― mallaryň ýarasyna gurt düşmek, gurtlamak. (Çoluk
goýunlaryň gurduganlaryny saýlap, gurdap, ýarasyna derman çaldy)
GUTUM: gutumyň guramak ― duluklaryň çöküp, gaty horlanmak, halys horlanmak;
ýadamak.
GUTUN: gutunyň guramak ― gaty suwsamak, suwsuzlykdan dodaklaryň kepäp, bogazyň
guramak.
GÜLBENT [gülwent] ― gylyjyň, pyçagyň sap tarapynyň öňüne berkidilýän ýasy demir ýa-da
bürünç, ýaglaw.
GÜLEBENT [gülöwent] ― daşy dolanyp daňlan goş, daşy daňylgy ýük, goş-golam. «Söwdagär
Keminä üsti gülebentli bir bugurçy beripdir.» («Kemine bilen Pir») ◊ Gülebent ýaly ― örän
daýaw, äpet göwreli (aýal, zenan hakynda)
GÜMAN [güma:n] ― 1. Bir zat hakynda edilýän çen, çak, çaklama. (Görmän, bilmän, güman
bilen bir adamyny aýyplamak bolmaz) 2. Şübhe, müňkürlik, betgümanlyk, ähtibarsyzlyk.
«Güman imandan aýrar.» (Nakyl) «Müňküre bilin baglanyň köňlünden güman gitmezmiş.»
◊ Güman etmek ― kimdir biri hakynda, nämedir bir zat hakynda çak etmek, çen etmek.
(Bagşyň owazasynyň jahana doljagyny ozaldan hem güman edýärdim) Betgüman ―
müňkür.
GÜMANA [güma:na] ― boljagy-bolmajagy belli däl, näbelli, ikuçly. (Habaryň dogrulygy
gümana)
GÜPBI [güpbü] ― içine pagta salnyp tikilen gysga we galyň daşky eşik.
GÜPI [güpü] ― 1. Gatygy ýaýyp, ýagyny almak üçin, ýanlyk deregine ulanylýan içi köwlen
süýri daş ýa-da agaç gap. 2. (göçme many) Toý-sadaka edilende köpçülige niýetlenip çaý
gaýnadylýan uly göwrümli gap, güp.
GÜÝTMEK [güýtmök] (köne söz) ― 1. Bakmak, idetmek. «Daş ýanyňdan malyn güýdüp,
Gatnawyň kän gelip-gidip.» (Mätäji) 2. Saklamak (ýadynda); diňlemek. «Magtymguly öwüt
aýdar, Aňlan gulagynda güýder.» (Magtymguly) ◊ Göwün (köňül) güýtmek — ýürek
şatlandyrmak, göwün almak. «Eýäniň emrini kylmaý, Öz köňlüňi güýdejek sen.»
(Magtymguly)
GÜTMEK[gütmök] (köne söz) ― bellemek, taýyn etmek. «Soltannyýaz begiň toýuna indi,
Müneçjimler sagat gütse gerekdir.» (Seýdi)
GYLTYM ― sähelçe ösen gyrtyç, ot. «Gyltyma gyzygan geçiň garny dek.»
(B. Hudaýnazarow)
GUTLUM ― ýuwdum, owurt (suw, süýt we ş.m. hakynda) (Bir gultum suwam datmady)
GYÝY― 1. Içmek, ädik, çokaý we ş.m. tikilende, berklik üçin iki deriniň, gaýşyň sepleşýän
ýerinde goýulýan zolak gaýyş, deri. 2. Durlugyň, üzügiň jähegi, gyra ýüpi.
GYÝAK I ― ýuka baldakly çylgam-çylgam bolup ösýän köpýyllyk ösümlik. «Bahar gelse,
joşa geler bulaklar, Kenarynda ýaşyl öwser gyýaklar.» (Aýdymdan)
GYÝAK II ― 1. Pil, morž, ýabany doňuz ýaly käbir haýwanlaryň ýokarky äňiniň iki ýanyndan
ösüp, agzyndan çykyp duran dişi. 2. Adamyň ýokarky äňiniň alyn dişleri bilen azy dişleriniň
arasyndaky ujy çürelibräk duran dişi.
GYÝYK ― göni däl, gyşyk, gyýa, gyýaň. (Bu mata gyýyk kesilipdir) ◊ Gyýyk (gyýa) göz
bilen garamak — ýigrenç bilen bakmak, halamazlyk, äsgermezlik. (Öweý aýalam bolsa,
äriniň başdaşyndan bolan çagalaryna gyýyk göz bilen garamady)
GYZGAN [gyzğan] ― topbak ösýän, gabygy çal, çybyklary tutuş tikenli, gyrymsy ýabany
ösümlik. «Buýan, gyzgan, ýandak bar, Depe, alaň, hendek bar.» (N. Pomma)
GYZGYN [gyzğyn] ― 1. Ýokary gyzgynlyk derejesindäki (temperatura) 2. Näsagyň bedeniniň
gyzgynlyk derejesiniň kadadan (+37˚-dan) ýokary bolmagy. (Näsagyň gyzgynam bar eken)
3. (göçme many) Ýakymly, gadyrly, mähirli. (Myhmanlary gyzgyn garşy aldylar)


Çeşmesi: Türkmen dilindäki paronimleriň sözlügi.
Türkmen dilindäki ulanylyş ýygylygy çäkli sözleriň
gysga sözlügi. Sözlükleri taýýarlan: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýat mugallymy Akmyrat Baýramow.


35

3

0

0

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ata sozlerii


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ata sozlerii
BAYOGUL (Şugün, 07:03)

Eje, maña gamgyn ýazma diýdiler


Brawo...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje, maña gamgyn ýazma diýdiler
Neo (Şugün, 03:56)

Mekan Music yuregimin owazy


Tuweleme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
@menin_dunyam (Şugün, 01:32)

Mekan Music yuregimin owazy


Dos halk aydym aydyp bilyanmi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
BAYOGUL (Düýn, 22:04)

Mekan Music yuregimin owazy


Ýöne bir zat ýetmeýän ýaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
Машарипова (Düýn, 21:28)

Mekan Music yuregimin owazy


Haladym. Üstünlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
Машарипова (Düýn, 21:27)

Mekan Music yuregimin owazy


Yuklemek ucin basyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
MEGAFON (Düýn, 20:48)

Mekan Music yuregimin owazy


Az salym garasyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
MEGAFON (Düýn, 20:39)

Mekan Music yuregimin owazy


Hany onno...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
MEGAFON (Düýn, 20:36)

***********


Aşaky goşgyny has gowy gördüm. Üstünlik ýetirip duruň!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ***********
Hyyalbent (Düýn, 19:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика