Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen dilindäki paronimleriň gysga sözlügi. ("H"–"I" harplary boýunça)
 Özümiziňki
 Agzamen [off]
 23.10.2024 / 21:44
 ☪️🇹🇲

Hakyk [haky:k] ― 1. Mämişi, narynç reňkli kümüş şaýlarynyň ýüzüne bezeg üçin goýulýan
ortaça gymmatlyk bahaly daş, akyk (serdolik) (Ussa taýýarlan hakyk daşlaryny gülýakanyň
ýüzündäki gaşöýüň içine oturdyp bekerdi) 2. Hakyk daşyndan ýasalan monjuk. «Tilleriň
gandy şekerdir, dişleriň merjen akyk.» (Aýdymdan)
Hakyt [haky:t]― «hakykat» sözüni ses düzümi taýdan gysgaldyp, aýal gyzlar tarapyndan
aýdylýan «hakykatdan-da», «çyndanam», «edil» we ş.m. manyly söz. (Hakyt, gözüm bilen
görendirin, özüm görmän, eşiden bolsam ynanmazdym)
Hammal [hamma:l]― kireýine ýük daşaýan, ýükçi. (Hammal arkasyndaky çuwaly düşürdi)
Hammam [hamma:m] ― suwa düşülýän ýörite jaý. «Şanyň iki nökeri, Gazna tarap çapdylar.
Gazna hammamyndan tiz, Ferdöwsini tapdylar.» (G. Geýne)
Hannan [hanna:n] ― iň merhemetli, iň rehimli, iň sahy; Hudaýyň epiteti (sypatlary,
häsiýetleri) «Leglek okyr «Kulhualla», Hannan-mennan içinde.» (Magtymguly) Mennan ―
şepagatly, rehimli; Hudaýyň epiteti.
Handan [handa:n] (köne söz) ― gülýän, gülüp duran, şadyýan. «Tili süýji, lebi handan, Bir
goýna salan islärin.» (Magtymguly)
Hara [ha:ra] ― erbet, ýaramaz, ha:r. «Gözeliň bolmaz harasy.» (Kemine) (Hara bişen şörek)
Hora [ho:ro] ― suwy süýjemedik, bişmedik, gök, turşy (üzüm hakynda) «Agaç başynda
hora, Bilmedim düşdüm ha:ra, Atam-enem biçäre, Satdy meni ýat ýere.»
(Halk döredijiliginden)
Haraz ― galla üwelýän desga, degirmen.
Hazar I ― Türkmenistanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň
kenarýakasynda (territoriýasynda) ýerleşýän deňiz, Kaspi. «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy.»
(Magtymguly) Bahr ― deňiz.
Hazar II (köne söz) ― heder, gorky. «Meniň gazabymdan hazar etmediň.» («SaýatlyHemra»)
Hazzar [hazza:r] (köne söz) ― 1. Ölümiň öýünde, zordan. «Hazzar planymyzy doldurdyk.»
(A. Gowşudow) 2. Aşa köp zat, munça köp zat. «Bu hazzar zady näme etjek?» (Edebiýat)
Harçaň: agzyňy harçaň urmak ― birine diýmesiz, näsypaýy sözleri diýmek. «Agzyň
harçaň urma bu gyzy görüp, Aýdaryn baryny, birin gizlemen.» (A. Kekilow) Harçaňlaşmak
― gödek, näsypaýy gepleşmek.
Harçeň (köne söz) ― göwresi gaparylan çanak şekilli, her gapdalyndaky dört sany aýagynyň
başky birinjisiniň uşlarynda gaýça çalymdaş gysgyjy (tutgujy) bolup, ikiýan gapdala-da
ýöräp bilýän, suwda ýaşaýan jandar, leňňeç. «Towşan derýa bolmaz, şor suwa ― harçeň.»
(Magtymguly)
Hasas [hasa:s] ― işine, ýumşa ykjam, gaýym bolan adamynyň wajyplygy, derwaýyslygy,
zerurlygy, hökmanylygy. (Myhmanlaryň çaýyna-suwuna seretmäge-de hasas bir adam gerek)
Kasas [kasa:s] ― irki döwürde adam öldürene berilýän jeza. «Kasas kyýamata galmaz.»
(Nakyl)
Haşal: haşal ot ― dürli görnüşdäki gyrymsy ot-çöp, ýabany ot.
Haşar ― ýaplary, akabalary arassalaýyş işi, gazy. «Gazy-haşarlara gitdiň her daýym,
Şorbogaz laýyny göteren ýarym.» (Halk döredijiliginden)
Haşam ― jaýa, agaç önümlerine we ş.m. görk bermek üçin edilýän bezeg, nagyş, zynat.
(Sallançagyň haşamy ýerine düşüpdir)
Heşem (gepleşik dili) ― alamat, goşant, garnuw, ýokundy. (Bugdaý üwelenden soň, gowy
elenmändir, siňe synlasaň, kepek heşeminiň bardygy duýulýar)
Hebes [hewes] (köne söz) ― biderek, bihuda, peýdasyz. «Ýagşa bir söz besdir, ýamana müň
söz hebesdir.» (Nakyl) «Eblehe köp öwüt bermek hebesdir.» (Magtymguly)
Hebeş [heweş] ― 1. Efiopiýa, Hebeşistan. «Çyn-Maçynda, Rumda, Hindde, Hebeşde, Bolanbolmuş
hünärleri bildim tut.» (Magtymguly) 2. Efiopiýaly adam, hebeşistanly, hebeşi. 3.
Garaýagyz gul. (Kürekçi hebeşleriň hemmesi saýlama daýaw eken) «Tota söz öwreden öz
hebeşiňdir, Gulamyň işidir ― şonuň işidir.» (A. Jamy)
Hekaýa [heka:ýa] ― kyssa görnüşli çeper ýazylan çaklaňrak eser.
Hekaýat [heka:ýat] ― bolup geçen ýa-da bolup duran waka, hadysa, ýagdaý. «Dostlar, şunuň
ýaly hekaýat başy, Begenç, Ogulnabat ― ýüzbe-ýüz goňşy.» (A. Kekilow)
Hemaýyn [hema:ýyn] ― ýönekeý, mesawy, özara, erkin (gürrüň, äheň hakynda) (At
aýagynyň sesleri hemaýyn gürrüňdeşligiň arasyny kesdi)
Humaýun [huma:ýu:n] (köne söz) ― bagtly (gadym zamanlarda hökmürowan şalara berilýän
hormatly at, dereje) «Humaýun gorganyn saldyran Harun.» (Magtymguly)
Hokgar [hokgor] ― durnalar maşgalasyndan bolup, çokjasy, boýny, aýaklary uzyn bolan uly
suw guşy, gogur (sa:plýa)
Hokgaý [hokgoý] ― gyzylinjikler maşgalasyndan bolan batgalykda ýaşaýan guş (wy:p)
Hokurtga [hokurtgo] ― suwy ýuwudyp ýatan deşik, hokurdan. ◊ Hokurtga ýaly ― gözi
zatdan doýmaýan, köp iýýän adam.
Tokurtga [tokurtgo] ― pele, atyza, suw goýbermek üçin, ýabyň boýunda ýörite goýulýan
turba. «Suw almasyn, tokurtgaňy dykaýyn.» (Mollamurt) (Joýalaryň depesinden keseligine
geçýän insizje ýabyň gerşinde suwy keşlere kadaly akdyrmak üçin tokurtgalar oturdylypdyr)
Holtum ― 1. Gotanyň alkymynyň aşagyndaky halparyp duran halta. 2. (göçme many)
Garyn, iç. (Deňiz äpet gomlary bilen kiçijik gaýygy öz holtumyna gapgardy) 3. (göçme
many) Doýmaz-dolmaz nebis. (Karunyň holtumy munça baýlyk bilenem dolmandyr)
◊ Holtumy giňemek ― nebsi öňüne düşmek, nebsine «haý» diýip bilmän, gözden düşmek,
açgözlik etmek.
Hortum ― piliň turba görnüşli uzyn burny.
Howala [howa:la] ― bat, hyýal, meýil, joşgun. (Onuň howalasy güýçli) «Ýaşlyk howalasy
bardyr başynda.» (Edebiýat) ◊ Howalasy belent ― gep-gürrüňi uludan tutýan, tumşugy
ýokary, ulumsy, badyhowa, gopbam. «Gaty belent ýaly howalasy munuň, Mundan
garaşanym çykjak däl meniň.» (B. Seýtäkow)
Howaly [howa:ly] ― 1. Dabaraly, haýbatly. «Howaly daglar görüner.» (Magtymguly)
2. Howasy bar bolan.
Hulk ― häsiýet, gylyk. «Göwnün ynjydyp halkyň, Hoşnut etseň öz hulkuň, Rum, Pereň
bolsa mülküň, Heniz azdyr, kän gerek.» (Magtymguly)
Hulka [hulko] ― boýy 50-70 sm. ýetýän birýyllyk ýabany ot.
Hulpa [hulpo] ― baldagy gyzgylt, ýapragy tegelekden süýri, öseri tohumly ot.
Hums I (köne söz) ― aç, ajygan. «Ençeleri hums edip, kime berdi döwleti.» (Magtymguly)
Hums II ― Siriýanyň günbatarsyndaky bir şäheri (Ho:ms) «Humsuň ülkesine dolmak
ýaraşmaz.» (Magtymguly)
Humsa [humso] (köne söz) ― samsyk, akmak. «Birniçe humsanyň agzyna garap.» (Seýdi)
Hunsa [hunso] ― erkeklik we urkaçylyk jynslary bar bolan adam ýa-da haýwan
(germafrodit)
Hütdük ― dar, pessejik jaý, külbe. (Köne hütdükde ömrüni ötürdi)
Hüttük (ýerli gepleşik) ― ullakan çekiç, ýekedaban. «Hüttügin uranda her gaçan daşa.»
(«Perhat we Şirin»)
Hyjalat [hyja:lat] ― utanç, haýa, uýat. «Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme, Hyjalata goýar,
bilgin, bu işi.» (Magtymguly)
Gyjalat [gyja:lat] ― birine etmişi, kemçiligi üçin bildirilýän igençli nägilelik; meçew,
küşgüriş, gyjyt. (Men seň gyjalatyňdan ýadadym)
Hyrs (köne söz) ― aýy. «Hydyr diýenim hyrs çykdy.» (Nakyl)
Hyrş ― uruşmaga, güýç synanyşmaga bolan meýil; yrsarama, sürünme. «Buz üstünde tozan
arap, yrsarap, Sürünýärsiň, biziň bilen hyrşyň bar.» («Edebiýat» okuw kitaby)
Hyş ― kowum, garyndaş. «Kowum nedir, gardaş nedir, hyş nedir.» («Saýatly-Hemra»)
Hyşt (köne söz) ― kerpiç, çig kerpiç. «Bozduryp ömrüm hyştyny, Gezdirip jahan deştini.»
(«Şasenem-Garyp»)

Içigar, içigary [içiğar, içiğary] (gepleşik dili) ― käýinip, igenip, zeýrenip, gaharlanyp,
ýigrenip aýdylýan «haýp», «ökünç», «gynanç»; «eýesiz galan»; «haý, jyn uran», «al
kakmyş» ýaly manylarda ulanylýan söz, içigar galmyş (galan) (Haý, içigary, özümden boldyda)
Içigara [içiğara] ― görübilmezçilik edýän, bahyl, päliýaman. «Özge hakda erbet pikir
ýöreden, Gepi dogram bolsa içigaradyr.» (Saady)
Isgene [isğene] ― agaç ussalarynyň agajy deşmek, oýmak, ýüzüni çala gazmak üçin ulanýan
agzy ýasyja, ýiti agaç saply guraly (ste:meska) (Ussa agaç tokmagyny isgenäniň çüwdesine
usulluk bilen kakyp, petläniň goýuljak hanasyny tekizledi)
Isgenje [isğenje] ― işlenilýän önümi gymyldatman, (nurbat arkaly açylyp-ýapylýan agzy
bilen) mäkäm gysyp saklamak üçin gural (tiski).


Çeşmesi: Türkmen dilindäki paronimleriň sözlügi.
Türkmen dilindäki ulanylyş ýygylygy çäkli sözleriň
gysga sözlügi. Sözlükleri taýýarlan: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýat mugallymy Akmyrat Baýramow.


49

7

0

1

2

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ata sozlerii


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ata sozlerii
BAYOGUL (Şugün, 07:03)

Eje, maña gamgyn ýazma diýdiler


Brawo...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje, maña gamgyn ýazma diýdiler
Neo (Şugün, 03:56)

Mekan Music yuregimin owazy


Tuweleme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
@menin_dunyam (Şugün, 01:32)

Mekan Music yuregimin owazy


Dos halk aydym aydyp bilyanmi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
BAYOGUL (Düýn, 22:04)

Mekan Music yuregimin owazy


Ýöne bir zat ýetmeýän ýaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
Машарипова (Düýn, 21:28)

Mekan Music yuregimin owazy


Haladym. Üstünlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
Машарипова (Düýn, 21:27)

Mekan Music yuregimin owazy


Yuklemek ucin basyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
MEGAFON (Düýn, 20:48)

Mekan Music yuregimin owazy


Az salym garasyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
MEGAFON (Düýn, 20:39)

Mekan Music yuregimin owazy


Hany onno...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mekan Music yuregimin owazy
MEGAFON (Düýn, 20:36)

***********


Aşaky goşgyny has gowy gördüm. Üstünlik ýetirip duruň!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ***********
Hyyalbent (Düýn, 19:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика