Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
MEGAFON : akyl durmysyn gorki gyz ene atan

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Şükür bar
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 25.10.2024 / 12:57

Gijäň ýary, çiş kakylan gözlere,
Gaýmalaýar aň gämimde pikirler,
Wysalyn tapmadyk arzuwlar hakda,
Kagyzymda garma-gürme setirler.

Uzak boldy, ädim ädip ýeterden,
Ýakyn saýan menzillerim ýaşlykda.
On ýedimde öňde goýan maksadym,
Yzda galdy, göz ilmejek daşlykda.

Jigerime ornasa-da tegmil deý,
Indi muňa hiç kimsäni ýazgarman,
Ýyllar şypa boldy, kemsinen göwne,
Hem hoşal, men ýazgydama ýazlandan.

Bu gün meni bagtly eden ykbalyň,
Hiç bölegi arzylanan hyýal däl.
Diýmek, arzuwlaryň köýmesi käte,
Seniň bagtly bolmagyňa zyýan däl.

...Ýary gije, uka boýun bolanok,
Bir başymda göýä set müň pikir bar.
Ahmyrym ýok ýüregimde geçmişe,
Şu günüme kaýyllyk bar, şükür bar.


184

12

2

3

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 25.10.2024 / 13:16

+2

Diýmek, arzuwlaryň köýmesi käte,
Seniň bagtly bolmagyňa zyýan däl.


Barybir, köýen arzuwlar ýatlananda edil meň-ä döşüm aşak gaçan ýaly bolýar.


Özümiziňki
Gulmahrem  (25.10.2024 / 13:33) 

Baron, her kimde bir hili bolýan bolaýmasa )


Gytyndan
Pegas  (25.10.2024 / 13:35) 

Gulmahrem, goşgy gowy eken.

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 25.10.2024 / 23:16

+1

"Ahmyrym ýok ýüregimde geçmişe,
Şu günüme kaýyllyk bar, şükür bar." Şűkűrli bolmak hemme zatdan gowydyr

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Şugün, 16:00)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:45)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Nesip bolsa indi saýtda gowy mowzyklar açylar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ahmal (Şugün, 15:34)

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Namucin eseriň ady" Arwahyn ar alýan gijesi" diýip goýlupdyr?Eserde arwah hakda gürrüň gidenoga şo ýerini birhili gördüm ýöne gyzykly we manyly e...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Sasiyona (Şugün, 13:32)

Dünye (goşgy).!


Maladis dowam et...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kerim-98 (Şugün, 13:27)

MUGALLYM !!!


Dowamly bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Kerim-98 (Şugün, 13:23)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика