Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
yureksiz : Begenjimden aglanymy bilemok. Ýöne, gahardan gülen wagtym köp bolupydy..#.fileo

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Synag...
 Täzeje
 KonulYoly [off]
 25.10.2024 / 15:21

Sen gitdiň şol pursat yzyňa bakman,
Bilýärdim rahatlyk tapmaýanyňam.
Görnüp durdy onda nägileligiň,
Düşnükli, alaçsyz bakmaýanyňam.

Sen gitdiň şol pursat yzyňa bakman,
Men bolsa garaşdym yza ýörärňe.
Iň bolmanda maňa tarap seredip,
Garaşypdym maňa el bularyňa...

"Gitmesene" diýip nalady ýürek,
Şol pursat kalbymam gidirdi erkin.
Bilemok, seniň şol hoşlaşmanyňa,
Zarynlykdan ýaňa aglady derdim...

Goýberdim, men seni senem gidipdiň
Bu ýerde ýokdy hiç düşnüksiz sowal,
Aslynda hiç zada düşünmediň sen...
Synag üçin söýgi etmedi dowam...

Atamyrat Pirliýew 18.09.2024ý sagat 22:00

Goşgy hakynda pikirleriñizi hökman teswirlerde belläp geçiň!


228

19

10

6

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Мерет [off]
 25.10.2024 / 15:27

+1

Erbet dal gownume yarady,

 Täzeje
 --VioLoNisTkA-- [off]
 25.10.2024 / 15:31

+1

Gaty gowy bolan doredijiliginize ustunlik we yene seyle gosgulara garasyas


Täzeje
KonulYoly  (25.10.2024 / 16:47) 

--VioLoNisTkA--, begendim, nesip bolsa okasaňyz goşgy ýazmak kyn dälle

 Täzeje
 Agzamen [off]
 25.10.2024 / 15:32

+1

Oglanyñ synagyndan ötüp bilmedik gyzamy bu?


Täzeje
KonulYoly  (25.10.2024 / 16:46) 

Agzamen, hawo şeyĺe beýan etdim başardygymdan.

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 25.10.2024 / 16:32

+1

Gosgy gowy. Koce poeziyasyndan saylanypdyr. Gowja gowja tapyndylaram gossa, allaname boljak. Ustunlik!


Täzeje
KonulYoly  (25.10.2024 / 16:46) 

Belki, hökman göz öňünde tutars!

 Täzeje
 Agzamen [off]
 25.10.2024 / 17:50

+1

Hümm... şeý diýsene.

Garaz, umuman erbet ýeri ýok. Kä birlerinden has gowam diýseň bolýar. Beýlekileriň nähili garaýyşdadygyna bilmedim ýöne özümüňkileri aýdaýyn. Goşgy erbet däl, kän bir öwerligem däl. Aslynda gowy ýöne kän bir gowam däl. Muňam sebäbi şol "Synagyň" nämedigini biraz açyp beýan edilse goşguda has gowy bolaýjak ýaly.
Soňam temasynda kemterlik: söýgide birini synamak bolanda, ýa şol ynsany (gyzy) "seniň üçin kimligini bilmek, durmuşuňda saklap galmak ýa-da durmuşyňdan öteleşdirmek niýeti bilen edilýär. Birini synajak bolsaň netijesi nähili bolsa-da ilki şol netije bilen razylaşylýar. Hoşlaşyk bilen tamamlanaryna-da, gowuşmak bilen (ýa-da has ýakyndan ysnyşmak) tamamlanaryna-da "Synag etjek (synag eden) ynsan (oglan, ýigirt, är, ýar, oýna...)" taýýarlykly bolmaly. Eger aýralyk bilen tamamlansa onda "synag edeniň" özüniň eden işi bolýar. Çünki özi synagdan geçirmek isledi, aýralyk duýdansyz gelmedi. Öz razylygy özüniň "zähmeti" bilen alynan netije. A birden položitel ýagdaý bolaýsa-da bulam şeýleräk bolýar.
Şoň üçin menä temasyny öwüp biljek däl hem özi synag edýär hemem alynan netijeden närazy bolýar. Bular ýaly temalar meň üçin "boş", okarlygy ýok, ruhuňy "iýmitlendirmeýän" eserler (goşgy).
Duýgusy barada welin köp zadam, az zadam diýmäýin.


Täzeje
KonulYoly  (26.10.2024 / 07:25) 

Agzamen, mimmetdar ýaltanman bellik goýanyňa!

 Täzeje
 Agzamen [off]
 25.10.2024 / 17:52

+1

Indi bolsa goşgunyň setirlerini ele alsak:

Sen gitdiň şol pursat yzyňa bakman,
Men bolsa garaşdym yza ýörärňe.
Iň bolmanda maňa tarap seredip,
Garaşypdym maňa el bularyňa.

Hawa, şol gidipdir düşündik.
*Sen gitdiň şol pursat yzyňa bakman,
Men bolsa garaşdym yza ýörärňe — munda bir mesele ýok. Ýöne mundan soňraky —
*Iň bolmanda maňa tarap seredip,
Garaşypdym maňa el bularyňa.

Bularyň ikisi bir zady aňladyp, şol bir zady gaýtalap dur. Özüňem (awtor) üns berseň gowja edip düşünersiň. Ikisinde-de şoň gidenligini yzyna aýlanmazdan gidenini, garaşýanyň "synag edeniň" tamasyny hasyl etmezden gidenligini aýdýar. Ikisi ekiz. Bulam goşguny ejizledip dur, bulam ýetmeýän ýaly has beter ejizledýän ýene bir zat "maňa" bilen "garaşmak" sözleriniň gaýtalanyp gelmegi (şul edilenini halamadym).
"Ýörärňe" sözüne "bularyňa" sözi-de gowy kapýa bolmandyr. Iň bolmanda ýoýmazdan "Ýöräriňe" bolanynda ylalaşarlykly kapýa bolardy.

"Gitmesene" diýip nalady ýürek,
Şol pursat kalbymam gidirdi erkin.
Bilemok, seniň şol hoşlaşmanyňa,
Zarynlykdan ýaňa aglady derdim...

Ýürek bilen kalbyň ikisi bir zat dälmi? Bagyşlaň eger men bir diýip hasaplap ýalňyş düşünip ýören bolsam. Ýene bu ýerde-de "şol" sözi birinjiede hem-ä akgynlylyga zyýan berýän ýaly hemem bir 4-likde gaýtalanyp gelmesi goşguny horlandyryp dur. -"Derdiň aglamasy" näme diýmek bolýar düşünmedim. Düşündirip berseň.

Goýberdim, men seni senem gidipdiň
Bu ýerde ýokdy hiç düşnüksiz sowal,
Aslynda hiç zada düşünmediň sen...
Synag üçin söýgi etmedi dowam...

Goýberenligiňi aýdanyňdan soňra (düşnüklä seniň
goýberenligiň) ýene gaýtalap "goýberdim men" diýmegiň gerekliligi ýok ýaly. Sebäbi goýberdim diýip özüň goýberenligiň açyk aýdyň.

Ýa-da şeýle ýaz:
Goýberdim,
Men seni, senem gidipdiň. Bää ýokla dogurlalygam ýok ýaly. Iň gowsy goýberdimden soňraky otury aýyraýsana. Bolmasa birhilijek bolup dur şol ýeri.

Hiç hili düşnüksizligiň ýokluguny aýdyp ýene-de ony günäkärleýäň sen düşünmediň diýip.
Gyzy synag üçin goýberip görmeklik (ünsden düşürmek, ýalňyzlaşdyrmak, şu mensiz nädýäkä hany bir göreýinle diýmek) asyl uly ýalňyşlyk. Islendik (gülä diýmäýin indi güle deňäbem bolanok her bir gyzy) bir täze oturdylan nahaly mysal alyp göräý. Oturtdyň, birje oturdan günüň suwladyň, ýerini ýumşatdyň soňam "Indi öz günüňi özüň gör, menä seň bilen işim ýok. Hany şu men suw bermesem idegiňi etmesem sen ulalyp ösüp gidip bilermikäň bir barlap göreýinle" diýseň we şeýle edip görseň nähili bolar? Nahal gurarmy guramazmy? Soň "Eý, sen nämä guraýaňaý men synap görüpdimä suwsuz oňýaňmy, idegsiz ulalýaňmy ulalmaýaňmy? Düşünmediň maňa. Aý bor bar gurasaň gurap geç" diý. Ikisi bir zat dälmi gyzy goýberip synap görmek bilen nahaly şeýdip synamak?


Umuman, ýene bir gezek aýdýan. Goşguň erbet däl. Ýöne kemleri bar. Dogry düşünip (okujy hökmünde tankydymy) tankydymdan maňa bolan ýigrenç çykarman ders sapak çykarsaň Inşallah has gowy goşgularyň aşagynda adyň familiaň buýsanyp durar gardaşym. Ýazyp bilýäň. Ýaz. Gowsuny ýaz. Üstünlik.


Täzeje
KonulYoly  (26.10.2024 / 07:39) 

Agzamen, Minnetdar dos oglan giňişleýin düşündireniň üçin.Seň aýdýanyňam jany bar.Entek işlemeli, düzetmeli ýerleri kän bu goşgyny ýörite şu saýta goýmak üçin ýazdym.Näçe wagtdan bäri goşgam ýazyp baramok.Gynançly aýdym diñläp durkam kelläme şeýle ideýa waka geldi.Onsaň şu temadan ýazyp göräýin diýdim.Başdan geçirme bolmansoň duýgularda ýalňyşlyk bolup biler.Siziň ýazan zatlaryňyz maňa gowy motiwasiýa berdi diýip düşünýän.Köp sag boluň! Indikilerede şeýdip bellik goýup duruň!

 Özümiziňki
 Gulmahrem [3s]
 25.10.2024 / 19:44

+1

"Edil @Baronyňky ýa @Belkiniň goşgulary ýaly ful goşgyha däl bu. Ýöne ýazyberseň, bir zat boljaga meňzeýä. Erbet diýip biljek däl. Zarynlykdan ýaňa aglady derdim" diýen ýerini birhiliräk gördüm menä. Galan ýerileri bn ylalaşsaň boljak. Galamyňyz ýiti bolsun.

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 25.10.2024 / 20:07

+1

Şu oglan birwagtky @Betoglan agza öýdýän.


Täzeje
KonulYoly  (26.10.2024 / 07:24) 

Baron, hawo men şol oglan

 Täzeje
 Agzamen [off]
 25.10.2024 / 20:08

+1

Myrat1


Täzeje
KonulYoly  (26.10.2024 / 07:25) 

Agzamen, hawo dos olam men

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 25.10.2024 / 22:55

+1

Tuweleme. Ustinlik hemrañ bolsun. Hemme zadam ilkinji adimde gowy bolmaya. Ÿòne ruhuñy peseltme.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:45)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Nesip bolsa indi saýtda gowy mowzyklar açylar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ahmal (Şugün, 15:34)

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Namucin eseriň ady" Arwahyn ar alýan gijesi" diýip goýlupdyr?Eserde arwah hakda gürrüň gidenoga şo ýerini birhili gördüm ýöne gyzykly we manyly e...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Sasiyona (Şugün, 13:32)

Dünye (goşgy).!


Maladis dowam et...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kerim-98 (Şugün, 13:27)

MUGALLYM !!!


Dowamly bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Kerim-98 (Şugün, 13:23)

Ýolda


Şadyýanja goşgy 👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýolda
Orazjan (Şugün, 13:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика