Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
rexha : Good things take time.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adam atlary we lakamlary
 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 26.10.2024 / 16:21

Adam atlary we lakamlary. Her bir adamy biri-birinden tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän esasy zat onuň ady bolup durýar.
Her bir adam dünýä inende-de onuň ata-enesi, beýleki hossarlary tarapyndan oňa söýüp-sylanyp, ýagşylyga ýanalyp ýa-da haýsydyr bir bela-beterlerden goramak maksady bilen at dakylýar. Türkmen atlarynyň-a aglaba köpüsi şonuň ýaly yrym bilen dakylar. Türkmenlerde dakylýan atlary olaryň haýsydyr bir zada ýa-da adama ýanalyp dakylmasyna baglylykda şu aşakdaky toparlara bölmek bolýar:
1. Din bilen bagly atlar:
Allaberdi, Allaguly, Taňryberdi, Taňryguly, Rahym, Rahman, Halyl, Habyb, Kadyr, Kerim, Azym, Hekim, Halyk, Jepbar, Suhan, Muhammet, Muhammetgeldi, Muhammetmyrat, Muhammetsapar, Muhammetdurdy, Hajar, Äşe, Patma, Hatyja, Yslam, Isa, Musa, Hydyr, Ylýas, Dawut, Süleýman, Ybraýym, Ysmaýyl, Hasan, Hüseýin, Mustapa, Weýis, Omar, Osman, Aly, Ebubekir, Molla, Işan, Ahunberdi, Öwlýaguly, Röwşen, Enwer we ş.m.
2. Gymmatbaha ýa-da berk jisimler bilen bagly atlar:
Polat, Demir, Tylla, Altyn, Kümüş, Göwher, Merjen, Zümerret, Pöwrize we ş.m.
3. Haýwanat dünýäsi bilen bagly atlar
Edermen, gözel diýlip ykrar edilýän haýwanlaryň, guşlaryň atlaryna ýanalyp Ýolbars, Gaplaň, Möjek, Gurt, Böri, Bars, Arslan, Babyr, Keýik, Maral, Jeren, Tawus, Bilbil, Bürgüt, Köşek, Iner we ş.m.
4. Adam häsiýetleri bilen bagly atlar:
Batyr, Merdan, Wepa, Sapa, Gaýgysyz, Şatlyk, Mergen, Ezber, Sahy, Jomart, Güýç, Kuwwat, Gaýrat, Gahryman, Guwanç, Begenç we ş.m.
5. Adamyň daş sypat alamatlary bilen bagly atlar:
Owadan, Gözel, Jemal, Didar, Sary, Garamyrat, Akmyrat, Halmyrat, Täçmyrat, Nury, Zyýada, Näzli, Näzik, Tuwak, Janmyrat we ş.m.
6. Wezipe, dereje bilen bagly atlar:
Şamuhammet, Mälik, Patyşaguly, Soltan, Hangeldi, Wezirguly, Hanmyrat, Töre, Serdar, Begler, Begdurdy, Hajymyrat, Arçyn, Bibi, Bike we ş.m.
7. Gahrymanlaryň we meşhur şahslaryň atlaryna ýanalyp dakylýan atlar:
Isgender, Mahmyt, Togrul, Çagry, Sanjar, Jelaleddin, Çingiz, Teýmir, Hatam, Görogly, Jygaly, Rüstem, Perhat, Şirin, Şasenem, Garyp, Tahyr, Zöhre, Leýli, Mejnun, Nejep, Magtymguly we ş.m.
8. Ok-ýarag esbaplar bilen bagly atlar:
Gylyç, Keýmir, Hanjar, Galkan, Palta, Sanjar we ş.m.
9. Hünärler bilen bagly atlar:
Ussa, Daýhan, Çopan, Seýis, Jarçy, Esger, Bagşy, Lukman, Hekim, Molla, Kerwen, Mergen, Täjir, Hatdat, Alym, Galandar, Talyp we ş.m.
10. Wagt-sene hasaby bilen bagly atlar:
Rejep, Oraz, Remezan, Aşyr, Meret, Sapar, Gurban, Juma, Anna, Tirkeş, Güýzgeldi, Ýazgeldi, Bahar, Ýazgül we ş.m.
11. Tebigat we tebigy şertler bilen bagly atlar:
Deňiz, Derýa, Sähra, Çemen, Gülzar, Garýagdy, Gündogdy, Aýdogdy, Aýnur, Gülbibi, Silgeldi, Giçgeldi, Älem, Ýyldyz, Dünýä, Jahan, Asman we ş.m.
12. Durmuşy hadysalar bilen bagly atlar:
Meýlis, Baýram, Mekan, Döwran, Toýly, Bereket, Döwlet, Ýolaman, Saparmyrat, Ýurdaman, Maksat, Myrat, Arzuw, Yhlas we ş.m.
13. Çagany ýaman gözden-dilden, görüner-görünmez belalardan goramak üçin dakylýan atlar:
Eşekguly, Italmaz, Igdir, Porsy, Porsuja, Güjük, Köpek, Gul, Gedaý, Garyp, Ýetim, Küti we ş.m.
14. Ýert-ýurt atlary bilen bagly dakylýan atlar:
Şäher, Aşgabat, Medine, Saragt, Balkan, Ahal, Arkaç, Mäne, Tejen we ş.m.
15. Mifiki jandarlara ýanalyp dakylýan atlar:
Humaý, Semender, Aždar, Perizat, Hüýri, Melek we ş.m.
16. Miweleriň, baglaryň, gülleriň atlary bilen bagly atlar:
Çynar, Alma, Nargül, Hurma, Hoz, Arça, Kerkaw, Sözen, Sazak, Çerkez, Gandym, Bägül, Gülälek we ş.m.
17. Dürli işlikleri ulanmak arkaly, çaganyň durmagyny (diri galmagyny) üpjün etmeklige gönükdirilen yrym etmek üçin dakylýan atlar:
Durdy, Geldi, Doldy, Ogulboldy, Oguldöndi, Döndi, Bessir we ş.m.
18. Ötüp-geçen ata-babalara hormat hökmünde dakylýan atlar:
Atadurdy, Babageldi, Baba, Mamajan, Enejan, Ejegül, Ejegyz, Kakageldi, Kakamyrat, Kakadurdy we ş.m.


215

24

9

7

1

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Agzamen [off]
 26.10.2024 / 16:24

+0

Hany lakamlar nirde?

 Täzeje
 Sayman [off]
 26.10.2024 / 16:42

+0

Demir atly menä bilemok

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 26.10.2024 / 16:50

+0

Palta bara. Demire giryqda sxolam


Özümiziňki
Jasmin  (26.10.2024 / 19:57) 

@menin_dunyam, hm

 Täzeje
 Candi [off]
 26.10.2024 / 18:06

+0

Hoz ,Kerkaw diyip adam adyny esdemok men-ä

 Täzeje
 Мерет [off]
 26.10.2024 / 18:40

+0

Tas men adym yok diyjekdim, Bar aydylan atlaryn ahlisi diyen yaly, kopisi onki kone atlar bolanson kan bildirenok

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 26.10.2024 / 20:03

+0

Mahym haysyna degislikan? 11-njä oydyan.

 Täzeje
 Tiidaly [off]
 26.10.2024 / 20:24

+0

Lakamlar bizin yanymyzda tozon pampers joker

 Täzeje
 MASA [off]
  Gezyan erkime seredemok herkime
 28.10.2024 / 08:30

+0

Mlds

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 28.10.2024 / 08:49

+1

Biriniň ýazgysyny paýlaşan wagtyňyz awtorynyň ady-familiýasyny hem ýazmagy endik ediniň. Şeýtseňiz, hem-ä awtorynyň zähmetine hormat goýdugyňyz bolar, hemem öz düşünjäňiziň gowudygyny görkezdigiňiz bolar.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Namucin eseriň ady" Arwahyn ar alýan gijesi" diýip goýlupdyr?Eserde arwah hakda gürrüň gidenoga şo ýerini birhili gördüm ýöne gyzykly we manyly e...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Sasiyona (Şugün, 13:32)

Dünye (goşgy).!


Maladis dowam et...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kerim-98 (Şugün, 13:27)

MUGALLYM !!!


Dowamly bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Kerim-98 (Şugün, 13:23)

Ýolda


Şadyýanja goşgy 👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýolda
Orazjan (Şugün, 13:20)

MUGALLYM !!!


Gowy goşgy Mlds👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Sasiyona (Şugün, 13:15)

Ertir.ru çat barada pikirler


Yaziyor......dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Bezzat (Şugün, 12:55)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Bulam doredijilik barada sonky gelen netijaniz oydyan. Onler dogrudanam stiller hakda kan yanjayadynyz ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:31)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Serdar agam, salam! Seni bu saytda gorenime juda-juda begendim. Hoş geldiň! Ýazyşyňa özun bilyan, "Ýaşaýyş yşkyndan" bäri muşdak. Ilkinji like-yň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:28)

MUGALLYM !!!


Men oz mugallymy gowy goryan yokarky yaly samsyk dal men...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Watjik (Şugün, 12:27)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика