Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Perman : Howply adam bu - diñleýän, oýlanýan we dymýan adamdyr!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Oýunjak..
 Täzeje
 Mqhri [off]
 27.10.2024 / 11:26

Telewizoryň kanallaryny geçirip otyrkam çagalygymda köp görlen kino komediýalaryň biri öňümden çykdy.Men bu komediýanyň sýužetini giňişleýin gürrüň berip oturjak däl. Adyny aýtsam,onuň näme baradadygyny siz bada-bat bilersiňiz:"Oyunjak".Kinonyň baş gahrymany Pýer Rişar.Men çagalygymda bolşy ýaly ýene gülüp hezil etmek üçinmi ýa-da çagalyk dünýämiň ýatlamalaryna ymsynýandygym üçinmi,bilmedim,ýöne bu kinony başdan-aýak görmäge durdum.Emma näme üçindir komediya bu gezek meni şatlandyrmady.Kinoda ikiýüzli millioner jenap Koşeniň roly hasam şowly çykypdyr.(Ikiýüzli diýýänimiň sebäbo ol sähel bahana tapsa,işgärlerini işden kowup ýören halyna kollektiwi maşgala meňzeden bolyar.Bular ýaly wakalar hemme ýurtda-da gabat gelýär.Mysal üçin,ýüzüne dikanlap seretmäge batyrgaýlyk edip bilseň ,seni işden kowup bilýän başlyklar käbir ýyrtlarda azrak hem bolsa,käbir ýurtlarda artygy bilen tapylýar)Kinonyň bir ýerinde Koşe özüniň işgärine (gazetiň redaktoryna) sen-men yok geýimlerini çykaryp,redaksiýanyň koridorynyň çüň-ýalňaç aýlanmagy buýurýar welin,redaktor dessine eginbaşlaryny çykaryp ugrayar.Ine şonda millinoeriň aýdan şu sözleri maňa şeýle täsor etdi:"Siz buýruk berilse,her kimiň öňünde çüň-ýalaňaç aýlanmaga razy-da onda.Bu ýagdaýda biziň haýsymyz has elhenç bolýarys?!"

Dogrudanam,eden-etdigile boýun sunulýan bolsa,kinodaky ýaly,adamlaryň gurjaga öwrülmegine uwnup-çydalýan bolsa,onda beýle ýagdaýda ezilýänleriňmi ýa-da ezýänleriň-kimiň has elhençdigi,zalymdygy barada düýpli oýlanyşmak gerek.Belkem,muny başarmaýan jemgyýetlerde,şol komediýada millioneriň öz oglunyň kakasyna garşy gidişi ýaly diýdimzorlaryň öz neslinden önen biriniň adalatsyzlyga baş götermegi gerekdir.Kinoda-ha beýle zat bolupdyr.Hakyky durmuşda welin,beýle zat mükinmika?!...


171

10

2

1

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Мерет [off]
 27.10.2024 / 11:32

+0

Mena dushunmedim

 Täzeje
 Albasdy [off]
 27.10.2024 / 11:35

+0

Çeshme


Täzeje
Mqhri  (27.10.2024 / 11:37) 

Albasdy, düşünmedimle näme çeshme


Täzeje
Khanture00 [3s] (27.10.2024 / 11:54) 

Mqhri, nirden göçürdiň diýýä


Täzeje
Mqhri  (27.10.2024 / 12:22) 

Khanture00, hm bir ýerden wln haladynyzmy


Täzeje
Khanture00 [3s] (27.10.2024 / 14:02) 

Mqhri, men okamogam. Internetde birzat ýazanyňyzda aşaagyndan awtoryny ýada çeşmesini görkezmelidigni bileňizokmy?


Täzeje
Mqhri  (27.10.2024 / 14:13) 

Khanture00, yok billemok ýöne meň öz ýazan zatlarymam ba olaram çap etejk


Täzeje
Khanture00 [3s] (27.10.2024 / 14:15) 

Mqhri, ok


Täzeje
Mqhri  (27.10.2024 / 14:17) 

Khanture00, ok

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Namucin eseriň ady" Arwahyn ar alýan gijesi" diýip goýlupdyr?Eserde arwah hakda gürrüň gidenoga şo ýerini birhili gördüm ýöne gyzykly we manyly e...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Sasiyona (Şugün, 13:32)

Dünye (goşgy).!


Maladis dowam et...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kerim-98 (Şugün, 13:27)

MUGALLYM !!!


Dowamly bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Kerim-98 (Şugün, 13:23)

Ýolda


Şadyýanja goşgy 👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýolda
Orazjan (Şugün, 13:20)

MUGALLYM !!!


Gowy goşgy Mlds👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Sasiyona (Şugün, 13:15)

Ertir.ru çat barada pikirler


Yaziyor......dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Bezzat (Şugün, 12:55)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Bulam doredijilik barada sonky gelen netijaniz oydyan. Onler dogrudanam stiller hakda kan yanjayadynyz ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:31)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Serdar agam, salam! Seni bu saytda gorenime juda-juda begendim. Hoş geldiň! Ýazyşyňa özun bilyan, "Ýaşaýyş yşkyndan" bäri muşdak. Ilkinji like-yň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:28)

MUGALLYM !!!


Men oz mugallymy gowy goryan yokarky yaly samsyk dal men...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Watjik (Şugün, 12:27)

MUGALLYM !!!


Gowsak gosgy. 4-nji klaskam yazypdym suna menzes 😆😆😆...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Belki (Şugün, 12:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика