Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Больно, но все в порядке. Я привык.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Eje...!
 Täzeje
 KonulYoly [off]
 27.10.2024 / 12:31

Sen şunça öwredýäň öwütleriňden,
Men nüçin hemmesin ters edýän eje?
Bilýän meni her gün alada edýäň,
Men bolsa käwagt jaň edýän eje...

Sen meni apalap goraglap ýörkäň,
Men näme üçin senden uzakda eje.
Mähriň bilen heniz düzýämde barkaň,
Näme üçin men görmez duzakda eje?

Bilýäňmi ejemjan ýürek derdimi,
Seniň bilen bile çözesim gelýär.
Paýlaşasym gelýär şatlygym bilen,
Göwnüňe rahatlyk beresim gelýär.

Rehimsiz ýyllaryň beren gussasyn,
Ah seniň ýanyňdan kowasym gelýär.
Sessiz ýürek diýýär saňa uzakdan,
"Ejemjan men seni göresim gelýär!"

Atamyrat Pirliýew...

Teswirlerde goşgy hakynda pikirleriñize garaşýan!


194

13

2

7

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Mqhri [off]
 27.10.2024 / 12:36

+1

Gtay gowy goşgy ekeni haladym


Täzeje
KonulYoly  (27.10.2024 / 13:16) 

Mqhri, minnetdar,halanyňyz üçin begendim))

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 27.10.2024 / 12:51

+1

"Men" we "sen" sözleri goşguda agdyklyk edýär, şol bir gaýtalanýan sözleri azaltmaly. Jemleýji goşgy ýokarky iki setiri biraz täsirlendirdi. Döredijilikde üstünlik arzuw edýän .


Täzeje
KonulYoly  (27.10.2024 / 13:13) 

Gerceknazar, minnetdar belligiñizi hökman göz öňünde tutarn.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir.ru çat barada pikirler


Yaziyor......dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Bezzat (Şugün, 12:55)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Bulam doredijilik barada sonky gelen netijaniz oydyan. Onler dogrudanam stiller hakda kan yanjayadynyz ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:31)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Serdar agam, salam! Seni bu saytda gorenime juda-juda begendim. Hoş geldiň! Ýazyşyňa özun bilyan, "Ýaşaýyş yşkyndan" bäri muşdak. Ilkinji like-yň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:28)

MUGALLYM !!!


Men oz mugallymy gowy goryan yokarky yaly samsyk dal men...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Watjik (Şugün, 12:27)

MUGALLYM !!!


Gowsak gosgy. 4-nji klaskam yazypdym suna menzes 😆😆😆...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Belki (Şugün, 12:20)

Göwni tapjak bolalyň (goşgy)


Tüweleme yetirp dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Göwni tapjak bolalyň (goşgy)
Kerim-98 (Şugün, 12:14)

Hakyky mugallym!


Şeýle terjimelerden ýetirip dur, çagalarada okap berse boljak ekeni muny...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hakyky mugallym!
Boniya (Şugün, 12:10)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Ogulsenem Taňňyýewa awtory 8 ýyl mundan öň okapdym, yöne awtor ýeňiljek ýazýar bir demde okasaň bolýar eserlerini...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Boniya (Şugün, 12:00)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Gary gowy dowamy gelsin gyzykly eken joram...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Bravee (Şugün, 11:28)

Owadan yazuw basleșik


Kitayca yazsanam bolyamy ya lukmanlaryn yazuwynda...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sayman (Şugün, 10:52)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика