Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : - Özüňe ynanmasaň, başgalary saňa ynanmaýanlygy üçin günäkärleme...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Hala sen äsgerme, hala sen äsger...
 Gytyndan
 yurekdes [off]
 27.10.2024 / 19:07
 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"

Hala sen äsgerme, hala sen äsger,
Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel.
Bileniňden galma, bagtyňdan galma,
Şatlykdan doýma ýok, bu bagtdan ganma.
Et göwne gelenin, köňül söýläniň,
Parhy näme söýýänim ýa söýmänim.
Men bolmaýyn aýagyňa çolaşan,
Owal söýüp soň söýgüde sowaşan.
Ömürbaky bir-birege ýagydyr,
Seň bagtyň - özgäň betbagtlygydyr.

Hala sen äsgerme, hala sen äsger,
Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel.
Aslyşmaýyn saklamaýyn ýoluňda,
Kem galma dünýäniň bary ýogundan.
Peýdasy ýok saralmaň-da solmaň-da,
Günler geçer men bolamda, bolmanda.
Meni horla sen özüňe jebr etme,
Oňat bolsa, bar, bagtly bol jennetde.
Gözýaş ýaly asylmaýyn kirpikde,
Kastym ýok arym ýok saňa birjik-de.
Kiçelt mertebämi, dök sen abraýym,
Ýöne özüm özüm bolup galaýyn.

Hala sen äsgerme, hala sen äsger,
Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel.


Atamyrat ATABAÝEW


170

10

1

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Madelyo [off]
  "Şirketin Sahibi"
 27.10.2024 / 19:35

+0

Like lai saňa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýolda


Şadyýanja goşgy 👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýolda
Orazjan (Şugün, 13:20)

MUGALLYM !!!


Gowy goşgy Mlds👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Sasiyona (Şugün, 13:15)

Ertir.ru çat barada pikirler


Yaziyor......dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Bezzat (Şugün, 12:55)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Bulam doredijilik barada sonky gelen netijaniz oydyan. Onler dogrudanam stiller hakda kan yanjayadynyz ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:31)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Serdar agam, salam! Seni bu saytda gorenime juda-juda begendim. Hoş geldiň! Ýazyşyňa özun bilyan, "Ýaşaýyş yşkyndan" bäri muşdak. Ilkinji like-yň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:28)

MUGALLYM !!!


Men oz mugallymy gowy goryan yokarky yaly samsyk dal men...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Watjik (Şugün, 12:27)

MUGALLYM !!!


Gowsak gosgy. 4-nji klaskam yazypdym suna menzes 😆😆😆...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Belki (Şugün, 12:20)

Göwni tapjak bolalyň (goşgy)


Tüweleme yetirp dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Göwni tapjak bolalyň (goşgy)
Kerim-98 (Şugün, 12:14)

Hakyky mugallym!


Şeýle terjimelerden ýetirip dur, çagalarada okap berse boljak ekeni muny...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hakyky mugallym!
Boniya (Şugün, 12:10)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Ogulsenem Taňňyýewa awtory 8 ýyl mundan öň okapdym, yöne awtor ýeňiljek ýazýar bir demde okasaň bolýar eserlerini...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Boniya (Şugün, 12:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика