

27.10.2024 / 19:20
Kupa kızı, sinek valesi ❤️
Bu gün özüm üçin gyzykly geçen güni siziň bilenem paýlaşmak isleýärin. Awtokombinadyň garşysyndaky Biznes merkezinde "Melekleriň simfoniýasy" atly psihologiki merkeziň seminary geçirildi.
Seminarda "Akylly gybatlaryň marşruty" diýen tema boýunça merkeziň esaslandyryjysy Ogulşat Myratberdiýewa çykyş etdi. Ogulşat mollum özüniň ṣahsy tejribelerinden mysallar arkaly adamlaryň gep-gürrüňe bolan garaýyşlary hakynda durup geçdi.
Men gürrüňiň soňunda ýazan eserinde nämeden täsirlenendigi hakda soradym. Hatda Şasoltany Ogulşadyň prototipi diýip hasap edýändigimem aýtdym. Ogulşat mollum ol eseri hakykatda bar bolan ýöne ýazyjylyk däl-de sazçylyk sungatynda bolup geçen waka esasynda ýazandygyny aýtdy. Soragymdan soň geçirip gutaryljak bolup duran seminar ýene dowam etdi. Men düýnki geçen seminar hakynda soranymda bolsa Ogulşat mollum adamy nädip tanamalydygy hakda durup geçdi. Karz pul bereňde, uzak ýolda, gahary gelende we futbol hemem kompýuter oýunlaryny oýnaňda tanap bolýandygyny aýtdy.
Adamy golundan tanap bolarmy? diýen soraga jogap hökmünde biziň ählimiz tagta gollarymyzy çekdik. Ogulşat mollum gollarymyza seredip, häsiýetimizi analiz etdi. Men barada aýdanlary-ha dogry çykdy.
Ogulşat mollumyň sözleýşinde köplenç gürrüňini degişme ýoly bilen düşündirmek usuly agdyklyk edýär.
"Melekleriň simfoniýasy" adynyň nämeden gelip çykandygyny soranymda simfoniýanyň ähli sazlaryň utgaşmagy netijesinde emele gelýändigini , adamlaram perişdelere deňäp, olaryň her haýsynyň utgaşmagynda bitewi simfoniýany emele getirýändigini aýtdy.
![]() 286 |
![]() 23 |
![]() 9 |
![]() 3 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |

Agzamen [off]
27.10.2024 / 20:51
+0
9 kişi bardymy "simfoniýa"


Agzamen, yo anyrda yene bir iki sany adamyn goly bolmaly


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
28.10.2024 / 04:40
+0
Size yazylan hatlaryn ikinjisini yazandygynam aytdy. Yakynda cap ediljekmis. Bu gezek elektrony boljak dalmisin. Eserin ady "Bir gijede bir ömür". Mundan dasary talyplar ucin satiriki kitap yazyandygyny aytdy. Oň elektrony cykjakmys.


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
28.10.2024 / 08:30
+0
3-6-9 teoriyasynam gurrun berdi. Şoň esasynda arzuw edyan zadyny hamala bolan yaly edip irden 3 gezek gunortan 6 gezek agsam 9 gezek yazmalymys. Yazanyndan son dasary cykyp sol energiyany yayratmalymys. Suny 45 gun gaytalasan arzuw edyan zadyna yetyamisin. Yone son boljakdygyna ynanmalymys. Bu Nikola Tesla ady bilen bellimisin.
Täzeje
(29.10.2024 / 06:02)
Belki, boljakdygyndan beter, sen uje bireýýäm sol zat boldy diýip ynanmaly


Khanture00, howa. Senem ynanyanmy sol teoriya
Täzeje
(29.10.2024 / 09:55)
Belki, ýok.
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)