Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Hekaýa
Premium
 Perman [off]
 25.01.2024 / 02:53
 Yes-No

Gyş pasly höküm sürýärdi. Daş-töwerek ak dona bürenipdi. Howa sowukdy.
Gözel paýtagymyzyñ duralgalarynyñ birinde owadan gyz awtobusa garaşyp durdy. Gyzyñ ady Arzygüldi, ol işeññir, akylly gyzlaryñ biridi. Ol öýüñ uly gyzydy. Kakasy daşary ýurtda gurluşykda işleýärdi, ejesi weli ýarawsyzdy, operasiýa etmelidi. Özünden kiçi 5-nji synpda okaýan gyz jigsi, 3-nji synpda okaýan oglan jigsi hemem 3 ýaşlyja gyz jigsi bardy. Maşgalañ keşigini çekmegi, öz üstüne alypdy. Ol edaralaryñ birinde süpüriji bolup işleýärdi. Hepdäniñ dynç günleri bolsa, kafeleriñ birinde gap-gaç ýuwujy bolup işlärdi. Eliniñ boş wagty bolsa, el işini ederdi: köýnek tikip, gaýma gaýardy. Kakasyndan gelýän pullary ol ejesiniñ operasiýasy üçin ýygnap goýýardy. Işleýän edarasynda ýaş gyzlardan Arzygül hemem Güljan bilen Sona bardy. Güljan bilen Sonanyñ boýunlarynda, ellerinde gyzyl-kümüş bary bardy. Geýýän köýnekleri gaty dardy, ýüzlerine çalýan boýaglaram köpdi. Arzygülüñ diñe ejesiniñ sowgat beren gyzyl gulakhalkasy bardy. Boýag çalyp, özüñe seretmek hakda pikir etmezdi. Onuñ bar aladasy, ejesini aýaga galdyrmak, jigilerini okatmakdy. Köplenç, üçüsi arakesme wagty gürrüñ ederdiler. Gürrüñleriñ köpsi bolsa, Arzygülüñ geýnişi hakda bolardy:
-A gyz, Arzy! Özüñe azajyk üns bererler. Boýag zat çalyp, geýýän köýnekleriñi hem biraz daralt.Bilip goý, hiç bir oglan señ içki dünýäñ bilen gyzyklanmaýar. Olar diñe daşky keşbe üns berýärler-diýip, Sona jibrinerdi. Onuñ sözüni Güljan alyp götererdi:
-Sona, dogry aýdýar. Sen gyz-a. Biraz özüñe seretmeli. Sen dynç günleri kafede işleýäñ. Şol ýere baý oglanlar barýarlar. Senem beýle geýnüwli. Bu bolşuñ bilen, sen öýde garrygyz bolup galarsyñ-la.
-Gyzlar, düşünýän. Ýöne, meñ ejem...
-Bilýäs, bilýäs. Şol puldan özüñe biraz boýag ýa köýnek alsañ, hiç zadam bolmaýar- diýip, gürletmäge goýmazdylar. Olaryñ aýtýanlarynyñ jany bardy. Bile üç bolup öýe gaýdanlarynda, her sapar oglanlar Sona ýa Güljana lak atardylar. Arzygül tarapa birem seretmezdi. Arzygülüñem köýnek, boýag alasy gelýärdi.Ýöne, her gezek eline aýlyk alanda ýa kakasynda pul gelende gözüniñ öñünde jigileri, ýarawsyz ejesi gelerdi. Ejesiniñ aýdan sözlerini gaýtalardy: "Hakyky gözellik-içki gözellikdir". Bir gezek işden gaýdyp barýakalar şeýleräk waka boldy: Duralganyñ gapdalynda bir sadarak geýnen ýigit, gyzlardan kömek sorady:
-Bagyşlañ, gyzlar. Men obadan işlemäge geldim. Men azyk harytlary almaga bazara gelemde, gapjygymy ogurladylar. Ýaşaýan ýerime gaýtmaga pulum ýok. Gaty uzakda-da olam. Gyzlar, eger sizde...- ýigidiñ sözüniñ gutaranyna hem garaşman, Sona bilen Güljan gygyryp:
-Toba etdim, adam her zat görjek. Utanmaýañmy? Şeýdip köçede gyzlardan pul soramaga? Puluñ ýok bolsa, ýörap gidiber.
- Bolmanam, obadan gelip sümügiñi akdyryp ýörseñ, eşigiñem ogurlap giderler. Ýa-da owadan gyzlary görüp tanyşmañ oýnumy? Sen özüñe bilen bizi deñeme - diýip, Sona bilen Güljan oglany utandyryp, masgara etdiler. Arzygül oglanyñ bolşuna nebsi agyrdy. Sesini çykarman, gapjygyndan pul uzatdy. Oglan ýüzüni galdyryp, begençli ýylgyrdy:
-Tañryýalkasyn size. Hudaýdan gaýtsyn. Bu eden kömegiñizi hiç unutman -diýip, awtobus duralga ylgap gitdi. Ýigidiñ gözleri Arzygüli jadylan ýalydy. Ol tä öýüne barýança, öýüne baransoñam ýylgyryp gezdi. Ertesi duralgada şol oglany gördi. Oglan gyzyñ ýanyna gelip:
- Eden kömegiñize ýene bir sag boluñ... Men şu golaýda işleýän. Eger garşy bolmasañyz tanşarys. Meñ adym Dawut -diýip, gyza seretdi.
-Men ine şu edarada işleýän. Adym Arzygül - diýdi. Dawut çagalykdan ýetim galan ekeni. Ol obada daýzasynyñ elinde terbiýelenipdir. Şu ýylam gullugy dynyp, şähere işe gaýdypdyr. Arzygülem öz durmuşy hakda gürrüñ berdi. Indi her gün Dawut duralgada Arzygüle garaşyp durardy. Arzygüle Dawut bilen bile çalajada ýöräp durmuş, söýgi, edebiýat hakda söhbet etmek ýaraýardy. Gyz her gezek ýigide bakanda, ýüregini täsin bir duýgy gaplap alýardy. Ol näçe boýun almajak hem bolsa, ahyry boýun bolmaly boldy: Arzygül Dawuda aşyk bolupdy. Dawudyñ ýüreginde-de gyza garşy täsin duýgular oýndy. Duýgysy gizläp bilman gyza söz aýtdy. Ýigit gyz sözüni almaz öýdüpdi. Arzygül razylyk sözüni eşidende göwni al-asmana uçupdy. Sona bilen Güljan bu habary eşdip tas däliräpdiler:
-Arzy, a gyz Arzygül kelläñ ýerindemi? Näme edeñi özüñ bir bilýäñmi? A gyz oña durmuşa çyksañ, ökünip aglap geçirersiñ.
-Arzy, heniz wagt barka aklyña aýlan. Eger sen zat diýip bilmeseñ biziñ özümiz ol oglanyñ hakyndan geleris. Nädäýersiñ, gaýdyp şu töwerekde garasy görünäýse.- diýerdiler. Arzygül olaryñ gylyk-häsiýetlerine beler bolansoñ, bu gürrüñleri gulagyndan duşundan geçirip goýbererdi. Şeýle günleriñ birinde, Arzygül duralga tarap ýörap barýaka bir gara reñkli maşyn onuñ öñüni kesdi. Içinde owadan geýnüwli ýigit otyrdy. Ol maşynyñ aýnasyndan gyza lak atdy:
-Gözel gyz, ýörüñ ãkideýin. Barmaly ýeriñize derrew bararsyñyz. Arzygül asla üns bermän, öz söýgülisiniñ ýanyna bardy. Dawut gören bolmaly, ol derrew:
-Näme üçin münmediñ? Münmeli ekeniñ.- diýip sorady. Gyz biraz öýkeli:
-Näme üçin münmeli? Awtobus her bäş minutdan gelip dur.
- Arzygül , eger göwnüñde bolsa, şol oglan bilen tanşyp gürleşip bilersiñ. Men saña düşünerin, gatam görmen...
Ol oglan gitmedik bolmaly:
-Dogry aýdýar. Bular siz ýaly owadan gyzlañ arzuwyny amala aşyryp bilmez. Ýogsa-da tanyşmadyk -adym Merdan-diýip, gözlerini oýnadyp gyza seretdi. Arzygül gaharly seredip:
-Gürrüñe goşulma! Öz ýoluñ bilen git- diýdi. Merdan bolmajagyny añan bolmaly, sesini çykarman maşynyna münüp gitdi. Dawut ýene-de:
- Howa sowuk... Sen meñ bilen bärde üşäp dursuñ, münäýmeli ekeniñ...
-Boldy etsene, Dawut. Eliñi ber, seret señ eliñ meñ elimde. Men-ä üşämok, a sen?-diýip, Arzygül ýigdiñ elinden ilkinji gezek tutupdy. Soñam:
-Ýanymda bolsañ, hiç hili sowuk maña täsir edip bilmez diýdi. Dawut ýylgyrdy. Işden soñ, her gün Merdan diýilýan ýigit, Arzygüli garawullap başlady. Lak atan bolardy, gyz weli üns bermän geçip giderdi. Günlerde bir gün Dawut gyza jañ edip, oba gyssanmaç gitmelidigini, daýzasynyñ ýarawsyz bolandygyny aýtdy. Arzygül ýigidi daýzasynyñ sag-aman gutulmagyny, özüniñ hem çaltrak dolanmagyny diläp ugratdy. Merdan Dawudyñ ýoklugyndan peýdalanyp, guşagyny berk guşapdy. Gyza azar bererdi, öñünde çykardy, sowgat baryny işleýän ýerine ugradardy. Arzygül ol sowgatlara elinem degirmezdi, sowgatlara her gezek Sona bilen Güljan eýe bolardylar. Merdanyñ maşynyna hem şolar münüp aýlanardylar. Arzygül weli, şol öñkisi ýaly awtobusa garaşyp durardy. Bir gezek işden soñ, Arzygüliñ öñüni şol gara reñkli maşyn kesdi. Gyz hemişe bolşy ýaly, geçip gitjek bolanda, ony tanyş ses saklady.
- Arzygül , saklansana.- bu sözleri aýdan Dawutdy. Arzygül añk-tañk boldy. Ýigit:
-Men bir baýyñ ogly. Men özüme mynasyp gelinlik tapmak üçin şeýle geýinmeli, gürlemeli boldum. Men özüni görkezýän, baýlyga ulumsy gürläp, diñe özüni bilýän gyzlardan ýadadym.Meni pulum üçin däl-de, meni söýýän gyz gerek. Tanyş bol,b bu meñ dostum Merdan.-diýdi.
-Oýnumyz üçin bagyşlañ. Sizi synagdan geçdiñiz, gelneje-diýip, Merdan ýylgyrdy. Heniz bolýan zatlary aklyna sygdyryp bilmän duran Arzygül :
-Gelneje?! O nähili gelneje?!- diýip sorady. Dawut gülüp:
-Men indi öz bagtymy sypdyrman, balym-diýip, gyzyñ elinden tutdy.


109

13

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 xuliganka [off]
  En büyük hatanız kör sandınız🍃
 25.01.2024 / 10:08

+1

Okamaga yaltanyan

 Täzeje
 Dreamfull [off]
 25.01.2024 / 22:51

+0

Jana,haladym yone bu erteki dine...beyle sada hem hoshnietli oglana satashmandym mozed uns edenem dalirin..


Betinden
rexha  (25.01.2024 / 22:52) 

Dreamfull, sheyledir

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Konfrensiya gijesi 6


Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Şugün, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Şugün, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Şugün, 13:48)

Konfrensiya gijesi 6


Şu şahyrçylyk elimden gelýän bolsa bizem goşulardyk belki...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Adalat (Şugün, 13:44)

Konfrensiya gijesi 6


Meň adymdanam köp salam!!!!...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 12:34)

Konfrensiya gijesi 6


Su gun toydan ir gelsem gatnasmakcy. Birem kellam agyrmasa elbetde. Su gunler sol koseya. Artykmac ses yakanok....dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 10:47)

Deneşdirme


Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Şugün, 10:33)

Deneşdirme


Ana...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Baron (Şugün, 09:57)

At yazmak


Öz adymy halayan. Kyýas!!...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Ucgun (Şugün, 09:08)

At yazmak


Emir ,Nesibe,Soltan,Rahman&Rahym,Seyran ,Mukam,Nâzli,Arzuw.....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Heartbeat (Şugün, 06:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика