“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

23:48
 Täzeje
 Agzamen [off]
 28.10.2024 / 07:47

Sowuk ýarag diýersiň...
Ýöne ol onuň sowukluguny duýmady. Duýdansyz urgy köz basylan ýaly duýuldy. Sesiniň ýetdiginden gygyrjakdy. Käşge... Başarmady. Saňňyldaýan eller üç sapar "hylkyldatdy-da" emaý bilen oturtdy. Soňam garasyny garaňkylyga gizläp ýoluna siňdi.
Beýle sahnalary kinolarda juda kän görüpdi. Häzir bolsa şol sahnalardaky "üşäp" ölýän gahryman onuň özi bolmalydy. Ol şol gahrymanlara "öýkündi". Ýarasyna goýan elini synlady. Suwuklyk. "Ganyň reňkindäki suwuklyk". Içinden şeýle diýip oýlady. Eger gan diýip oýlamasa hemme zat gowy bolaýjak ýalydy. Ýerinden turjak boldy. Baý-buuw, agyraýşyny muň. Hiç zadyň çeni-çaky däl. Kinodaky ýaly däl. Aýagyna galyp ýöräp gidibermedi. Ýere emaý bilen oturdyp giden ýaňky garaňkylyk muň böwrüni deşip içine ýylan salyp gidäýen bolmaly. Gozganjak bolsa "çakyp" dur. Oturdylan ýerinden gymyldaman otursa-da şol ýylan içinde müňňüldäp ýören ýaly. Ýuwaşjadan ýara jaýyndan syrygyp gaýdýa-da gyzgynjak bolup elinde duýulýa. Ol, ýylanyň başynyň oturan ýerindäki topragyň üstüne süýnüp ýodajyk ýasap özünden kem-kem uzaklaşýandygyny ýaňy aňşyrdy. Ýylanyň ýerde düýrlenen bedenine-de indi gözi düşdi. Şoň bilenem görejiniň ýagtylygy duýuşy peselip barýanyny öwrendi. Asmana seretdi. Ýaplanyp oturan arçasy ondan Aýy gizleýärdi. Boljagynyň bolup barýanyny aňdy. Kaýyl bolmalymy ýa-da bir umyt...
Uklady...
Gözüni açdy.
Ýagtylyk...

EDEPLI GÖDEK.


223

23

4

5

2

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Мерет [off]
 28.10.2024 / 09:52

+1

Bir urdynmy olar yaly pikirlenma wagt yok, bijay yerinecdüşen bolsa gany saklanyn bn em göni gidyar adam,
bagyra düşse adam 30 sekuntdan uzak yaşamayar,
yürek 5 sekunt,-10
oyken 45 sekunt, 1 min aralyk, galan yerler ganyn akylyna bagly esasy,

Alla gorasyn özine kast etmekden..

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->