Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Kaptalizma disss
 Täzeje
 Khanture00 [off]
 28.10.2024 / 23:14

Kapitalizme DiSs

Gena Beton bilen "Kapitalizm vs kommunizm" atly peredaça geçirmelidik. Ol kapitalist men sosyalist bolup çykyş etmelidim. Şonda peredaça başlamanka kagyza ýazyp taýýarlanypdym. Peredaça geçirip bolmandy. Ine şol ýazgylary paýlaşaýyn diýdim. Kagyza çyrşan taýýarlyk ýazgylaryn:

Sosýalizm diýim nämä düşünýärin ? (I)

Sosýalizm suw, gaz, tok, ýer bölegi, jaý ýaly tebigy resurslaryň adamlara isrip edilmän ýetjek derejede deň derejede ulandyrmagy. Her bir şahsyýetiň oňaraýjak işinde işlemegi. Bir şahsyýetiň has ökde has effektiwny bolan ugruna ugrukdyrylmagy, şol ugurda işledilmegi. Adalatly ýaryşlaryň geçirilip hakykatdan ökde, ussat bolanlaryň ýer almagy, beýlekilerden saýlanyp öňe çykarylmagy. Işsiz gezip ýören adamlaryň bolmazlygy. Hiç iş etmän bir derde ýaraman bir degerli iş bitirmän ýatyp pul gazanýanlaryň bolmazlygy. Ýörite açyş etjek alymlara ýörite şertleriň labaratoriýalaryň döredip berilmegi. Sungat işgärlerine ýörite şertleriň döredilip berilmegi. Öndürilýän önümleriň adam saglygyna minimalny zyýanlu bolmagy. Öndürilýän önümleriň ýer şarymyzdaky janly jandarlaryň ýaşamagy üçin oňaýly bolan tebigaty, tebigy şerti minimalny hapalaýan bolmagy. Il içinde ýasama dälde hakyky gymmatlyklara baha berilmegi. Sosýalizm diýim nämä düşünýärin ?

(II)Sosýalizm bolmagy üçin hökman uly bir ýurduň içinde jemlenişip oturmagyň geregi ýok, olar bn söwüşli meselelere girmezlik. Halkyň aňynda diňe özüňi bilmek dälde jemgyýeti pikir etmege ugrukdyrmak. Her kimiň işden daşary 8 sagatdan artyk işlemek ýaly hysyrdysynyň bolmazlygy we munuň netijesinde özüni kämilleşdirmäge halaýan zatlary bilen meşgullanmaga boş wagtynyň bolmagy.

Kapitalizm diýip nämä düşünýän ?

(I)Adamyň gymmatynyň barha gaçyp, bir materiala bi haryda bir jisime öwrülmegi. Hasda naseleniýanyň iň köp bolan gatlagynyň gymmatynyň barha gaçyp ynsan kategoriýasyndan daşlaşmagy. Bäsdeşlik netijesinde has arzan has köp has çalt ýagdaýda zyýanly önümleriň öndürilmegi. Işçi güýjiniň aglaba böleginiň gitdigiçe arzanlamagy, iş şertleriniň gitdigiçe ýaramazlaşmagy. Bäsdeşlikde bidüzgün hile bilen öňe geçmegiň barha köpelmegi. Hakyky manynyň ýitmegi hakyky gymmatyň ýitmegi, olaryň ýerine emeli gymmatlyklaryň manylaryň döremegi. Tebigy resurslaryň (suw, tok, magdan çyg mal) kontrolsyz has tiz dargadylmagy, harçlanmagy, hapalanmagy, tebigy resurslaryň adamzat jemgyýetine peýdasyz ýagdaýda dökülip saçylmagy. Zat satmak üçin gerekmejek zatlaryň gerekli gerekli edilmäge başlanmasy. Her ýyl gerekmejek täze zatlaryň çykmagy. Kapitalizm diýip nämä düşünýän ?

(II)Halkyň aglaba bölegini emele getirýän gatlagyň üstünde "naşalnika"lyk edýänleriň sanynyň köpelmegi. Ýatyp hiç zat etmän degerli iş bitirmän pul gazanýanlaryň köpelmegi netijesinde iň köp adam sanyna eýe bolan gatlagyň ýagdaýynyň iş şertleriniň has-da agyrlaşmagy has-da kynlaşmagy.Kapitalizm tankyt.

(I)Kapitalistiki sistema giç başlan ýurtlaryň dünýä derejesinde has öňde barýan firmalar tutuş satyn alynma howpy. Kapitalizm başga ýurtlary ulanýan ýurtlar üçin gowy bolup biler. Agaçdan ýasan kagyz materialynyň ýerine işçi güýji energiýa gyzyl ol bul materiallary alýan ýurtlar üçin gowy bolup biler. Aslynda baýlaryň edýän zadam şol, ondan alyp oňa bir kagyz berýär. Kapitalizmi goldamak bilen baý bolup bolmaýar. Kapitalizmde hem işçi synpy bolýar. Hatda kapitalizmde köp kişi işçi synpynda bolýar. Sosýalizmdäki işçi synpy bilen kapitalizmdäki işçi synpy tapawutlydyr. Sosýalizmde işçä eýe çykylýar. Işçä amatly jaý hem berilýär. Kapitalizmde bolsa işçi ir çökýär we çökmegine özi günäkär hasaplanýar. Kapitalizmde işçiň öz adyna jaýy bolmaýar satyn alyp bilmeýär.Kapitalizm tankyt.

(II)Hemme zady başdan noldan başlajaklaryň ýaryşlarda ýeňip bilmezligi, bir zatlar döredip bilmezligi. Adaty gatlakdakylaryň işläp pul gaznmak zerurlygy sebäpli öz ökde bolan taraplarynda meşgul bolmaga wagtlarynyň bolmazlygy. Boş wagtynyň azalmagy, özüňi kämilleşdirmek kynçylygy, aňyýetiň peselmegi we diňeje taýýar maglumatlary kabul edilmegi. Adaty işçileriň aýlygynyň gitdigiçe arzanlamagy. Hususy firmalaryň arasyndaky bäsdeşlik sebäpli. Finansy näçe ekenom edip bilse şonçada öňe geçýär we aýak üstünde durup bilýär harytarynam has arzan satyp bilbär. Şeýlelikde adaty işçi öz adyna jaý alyp bilmeýär, özüni narodny medissina diňeje bejerdip bilýär, moderne puly bolman. Lýuks durmuş artdygyça baýlar köpeldigiçe kwartirany arenda berýän köpeldigiçe adaty işçileriň öz adyna jaýy bolmak mümkinçiligi peselýär. Hususy balnissalaryň nyrhy galar we işçi synpy mugt bejermez. Hatda işleri hem bolmaz işçi synpy bilen.

Bellikler:

(I)Adamlaryň hemmesiniň biri birine meňzeş däldigi sebäpli käbir adam üçin aňsat bolan iş käbir adam üçin kyn bolup biler, şol sebäpli biri dogtorçylygy aňsat ýerine ýetirýän bolsa oňa gereginden artyk pul tölemek adalatly däl. Bärde esasy üns tutuş jemgyýeti, adamzady alada etmek. Uçýan gämide uzak bir planeta 10 sany adam bolup düşdiňiz diýeli, olaryň hemmesi bilelikde elinden gelenini edip birek birege kömekleşip ýaşaýşy dowam etdirmäge çalyşarlar. 10 sanjak adam tutuş galaktikada ýalňyz . Bu ýagdaýda birek biregi goldamaly. Men ol adam däl diýip gyşaryp ýatmaz hiç kim. Ýer planetamyz da 8 millýard adam sanyna eýe bolsagam raketalarymyzyň uçup biläýjek, teleskoplarymyzyň ýetip biläýjek ýerine çenli biz ýalňyz. Ýer şary gün sistemamyzda ýalňyz, 8 millýard ýalňyz.

Bellikler (II) Sosýalizm fantastika boljak zat däl bu dünýe synag diýip bilerler, ýöne eger ony diýsek onda gowulyga tarap edilýän hemme hereketi taşlaýmaly bolýarys. Asyl manysy gowulyga tarap ymtylyş bolmaly. Netijede näme bolar, bolarmy bolmazmy bu wajyp däl, synagyp manysam gowy işler etmek, gowulyga ymtylyp ýaşamak. Bir uzakdaky ada(ostrow) düşenimizde ol ýerde emeli ýagdaýda döredilen gerekli we manyly diýlen zatlar buga öwrülýär, ýok bolýar. Ol adada hakykat ýöreýär, pul ýöränok. Şol bir wagtyň özünde biziň ýer planetamyz “Gün sistema”myzda, “Ak maýanyň ýoly” atly galaktikamyzda bir ada(ostrow)dyr. Aslynda materialyň hakyky gymmaty bolmaly we bilinmeli. Sosýalizm dini tarapdan hem musulmançylyga hem dogry gelýär. Biziň töweregimiziň aglaba bölegi musulman.

Nahl 71:Allah, rızıkta kiminizi kiminize üstün kılmıştır. Fazla verilenler, rızıklarını ellerinin altındakilere aktarıp da hepsi onda eşit hale gelmiyor. Allah'ın nimetini mi inkâr ediyor bunlar?

Bakara 219:Ey Muhammed! Sana şarap ve kumardan soruyorlar. De ki: Bu ikisinde büyük bir günah, bir de insanlar için bazı menfaatler vardır. Fakat günahları, menfaatlerinden daha büyüktür. Yine sana neyi infak edeceklerini soruyorlar. De ki: İhtiyaçtan fazlasını infak edin. İşte böylece Allah, size âyetlerini açıklıyor. Umulur ki siz düşünürsünüz.

Ma’un 3, 7:Yoksulu doyurmayı özendirmez o. Ve onlar, kamu hakkına/yardıma/zekâta/iyiliğe engel olurlar.

Bellik (III)
Sosýalizmde söýüşip bolýar

@Montoskýo

Çeşme: Makalamkommät


70

16

3

4

1

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 29.10.2024 / 00:05

+0

Beýle temalary dost bärde 1000-den 10-sy düşünäýmese)


Täzeje
Khanture00  (29.10.2024 / 00:21) 

Perhat_Sabirovv, bole şolom...

 Täzeje
 Boniya [off]
 29.10.2024 / 12:41

+0

Tema gowy welin , sosýalizmiň erbet taraplarynam ýazmaly ekeniň bir zady öwümem bolýar döwübem , özümä kapitalizmi gowy görýän köp zatlar tehnika tehnologiýa , azyk harytlaryna çenli kapitalizmde ösdi häzir iň gowy döwür


Täzeje
Khanture00  (29.10.2024 / 13:10) 

Boniya, ýymyrtalaý bolýamy?!

 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 29.10.2024 / 13:29

+0

Kapitalizm baylar un gowudyr dine


Täzeje
Khanture00  (29.10.2024 / 14:09) 

Gadayly, we akmaklar üçin

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

At yazmak


Ykbal, Ayna, Ay, Älem, Jahan Hemra, Yakup, Arslan we şm...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Diamante (Şugün, 23:13)

At yazmak


Alihan bn Mahrem...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Maxrim_mv (Şugün, 22:51)

At yazmak


Melek adynyn dakylmagyny men känbir dogry hasaplamok (öz pikirim öz garaýşymdyr belki dogry gelýandir belki gelýän daldir ýöne meň pikirimde däl)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Agzamen (Şugün, 22:20)

At yazmak


Suray, Humay, Rabiya, Ruhyya, Ragiba, Aysha, Emine, Melek yaly atlary halayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gulmahrem (Şugün, 22:17)

Goşgy


Suraý Amanak—Mähremgülmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Goşgy
Agzamen (Şugün, 22:06)

At yazmak


Gerçeknazar Şirin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gerceknazar (Şugün, 21:34)

At yazmak


DostMuhammet,...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Madelyo (Şugün, 21:22)

Gel...


Gowy eken haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gel...
BAYOGUL (Şugün, 21:07)

Ata sozlerii


9)Bok üstine otyryp gizläp bilersiň ýöne ysyny saklap bilmersiň(Hytaý ata sözleri ) Şowsuzrak terjime edilenmikä ýa Jeki Çan dagyň atalary göni ş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ata sozlerii
Neo (Şugün, 20:53)

Ata sozlerii


Ata sözleri diýmän, atalar sözi diýilse has gowy bolaýjak ýaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ata sozlerii
Neo (Şugün, 20:51)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика