Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Nesibelini suwa gark etsen agzy balykly cykarmys#yurekdes
Goşgy okap bersene
Özümiziňki Gulmahrem [off] 29.10.2024 / 09:34
Ýadyma şo-ol şat çagalyk döwrümi
Salar ýaly...
Goşgy okap bersene!
Meniň mydam mähre teşne göwnümi
Alar ýaly...
Goşgy okap bersene!
Gürzüsin aýlanda otly ýyldyrym.
Arş elden gaçyrmyş yşky - bulguryn.
Ýagyrnysyn süýnüp barýan ýyllaryň
Çalar ýaly...
Goşgy okap bersene!
Soňky günler etek - alty, ýeň ýedi,
Asla ýaşamaga elim degmedi...
Şo-ol şygryň-a ýüregimde jigledi...
Şolar ýaly goşgy okap bersene!
Ýüregiň bar ýüregme ýanaşyk,
Gideýin men duýgulaňda azaşyp,
Sekiz jennet lezzetinden azajyk
Çiler ýaly goşgy okap bersene!
Günleriň sessizje hoşlaşýanyny,
Baharyň golaýlap, gyş geçýänini
Özümiň özümden daşlaşýanymy
Şo-ol duýgulaň heniz daşlaşmanyny,
Biler ýaly...
Goşgy okap bersene!
Kakamyrat Rejepow
Teswirler:
Täzeje Мерет [off] 29.10.2024 / 10:06+1Gowy goşgy
Gerekli @menin_dunyam [off] Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM 29.10.2024 / 14:44+1Gowy goşgy. Ÿetirip dur
Öwreniji gul [off] takvimin en guzel yaprağıýdı seni gordüğüm gün...♥ 30.10.2024 / 13:33+0Haladym
♥
Soňky teswirler
Lolular
Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye.
Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...
dowamy...Lolular
Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....
dowamy...Lolular
Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone
Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim
( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...
dowamy...
Ýokaryk