Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Sylag hemme kişä, söýgi laýyk bolona

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Açyk söhbetdeşlik – 2.
 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 29.10.2024 / 15:58

BAP 2.

Düşünjelilik we düşünjesizlik.

Nasemak:
– Ynsan mydama düşünjeli bolmaga, düşünjeli hereket etmäge synanyşmalydyr. Düşünjelilik, giň adalga. Ony hemme kişi öz garaýyşyna görä teswirleýär. Maňa görä düşünjeli bolmak, hormat goýup bilmek bilen baglanyşykly. Ynsan näçe hormata esaslanyp hereket edýän bolsa, şol kişi düşünjelidir.
Ahsegad:
– Düşünjelilik diňe hormata esaslanýan zat däl. Ýokary düşünjelilik, akyl ýetirip bilmek ukyby bilenem baglanyşykly. Eger ynsan akylly pikir ýöredip bilýän bolsa, düşünjesiz hereket etmegi mümkin däl.
Nasemak:
– Bir ynsan akyl ýoly bilen bir dogra, bir maglumata ýetip biler. Emma ony dogry ulanyp bilmeýän bolsa bolmaz. Mysal üçin, bir kişi akylly pikir edip, haýsam bolsa bir zatda bir netijä ýetdi. Bu ýeten netijesini adamlara gödeklik bilen düşündirmäge, kabul etdirmäge synanyşýan bolsa, bu netijesini öz ulumsylygyny bezemek üçin ulanýan bolsa onda bu kişä nä derejede düşünjeli diýse bolar?
Ahsegad:
– Akylly pikir edip, gowy netije gazanyp bilýän adam beýdip gödeklik edip ýörermi?
Nasemak:
– Bir kişiniň rasional taýdan kämil düşünjeli bolmagy, emosional taýdanam kämil düşünjeli boljakdygyny aňladmaýar. Akyl we duýgy taýdan üstünlik biri-birinden tapawutly zatlar. Näme diýişiň ýaly, nädip diýişiňem möhüm. Nädip diýişiň bolsa seniň emosional zehiniňe bagly zat. Şol sebäpden düşünjelilikde möhüm bolan zatlaryň hormat-sylag bilen baglanyşyklydygyny pikir edýärin.
Ahsegad:
– Haýsy bilen baglanyşykly bolsa-da, düşünjeli ynsanlaryň az bolup, düşünjesizleriň kändigi bir hakykat.
Nasemak:
– Elbetde.
Ahsegad:
– Bu adamlaryň gaty kän we her ýerde bolmagyna gaharlanmazlyk mümkin däl. Köçede, köpçülik ýerlerinde, internet ulgamynda, umuman ähli ýer şular bilen dolup ýatyr. Okamak, okap ylyma, sowada eýe bolmak ýaly zatlar şeýle-de edilenok, bary etmeli zatlary biraz düşünjeli hereket etmek welin, şony-da başaranoklar.
Nasemak:
– Men gaharlanamok, emma gynanýaryn. Ynsanyň her ugurda özüni kämilleşdirmek üçin birtopar mümkinçiligi barka, tersine hiç kämilleşmek üçin alada etmezlikleri meni gynandyrýar. Köpüsi kämilleşmek däl-de, sowatsyz galmak üçin alada edýän ýaly. Bulara gowy hat-sowat, terbiýe, edep öwretmek gerek. Täzeden öwretmek gerek, sebäbi bu kişileriň aglabasy iň ýönekeý düzgün-kadalary hem bilmeýärler.
Ahsegad:
– Bular gepe düşünjek adamlar däl. Bu kişileri gaty tankytlap, duýduryşlar berip, sosial taýdan ýalňyz goýmagymyz gerek. Goý olary ýalňyzlyk terbiýelesin.
Nasemak:
– Dogryny aýtmak möhüm däl, dogryny dogry aýtmak möhüm. Ýürekden çykan söz ýürege barar, şol sebäpli çyn ýürekden, hoş sözler bilen dogry ýola çagyrmaga synanyşmak gerek. Seniňkem bir usul, emma gowluk barka, erbetligi saýlamak dogry bolmaz.
Ahsegad:
– Bu adamlaryň gaty köp bölegi gowluga düşünmeýär. Bir gepe 3 gezek düşünmedik adam, gaýdybam düşünmez. Bulara mydama düşündirýärler. Ýöne üýtgeýän zat ýok. Şol sebäpli tankydy bellikleri köpeltmek gerek.
Nasemak:
– Hemme kişi dogry tankydyň ýoluny bilenok. Düşünjesizlere gep ýokmazlygynyň sebäbi bar bolsa, olaram tankytlaýanlaryň ýalňyş tankytlaýandygy bilen baglanyşyklydyr. Tankyt, ýerinde bolsa gowudyr. Emma ýerliksiz tankyt edýänler kän. Eger bir usul netije bermeýän bolsa, usulymyzy üýtgetmek gerek.
Ahsegad:
– Internet ulgamyndan mysal alaly. Bir kişi düşünjesizligini gönimel subut edýän bir surat, söz we ş.m zat paýlaşýar. Bu kişä munuň ýalňyşdygyny düşündirseň, köplenç eşdýän sözleriň "akyl satma", "özüm bilerin" ýaly sözler. Bu kişileriň hem ýaşy uly, hem-de ýaşy kiçileri bar. Bu kişilere näçe düşündirmäge synanyşsaň, şonça-da seniň görüpçilik bilen akyl satmaga synanyşýandygyňy pikir edýärler. Bir adama bir zat düşündirseň näme üçin "akyl satýar" diýip pikir eder? Bulara hoş söz bilen näme düşündirjek?
Nasemak:
– Sosial ulgamlarda paýlaşan zadyny soňuna çenli goldaýan kişileriň uly bölegi ýaşy kiçilerden ybarat bolýar. Ýaşlyk, jahyllyk diýmek. Olar wagtyň geçmegi bilen köp zada göz ýetirýärler. Saçyna ak düşübem ýönekeý zatlara düşünmekde kynçylyk çekýän gaty kän kişi bar we bularyň köpüsi hiç üýtgemeýär.
Ahsegad:
– Ynsanyň 50-60 ýyl ýaşabam hiç zat bilmezligi ýaly erbet zat ýok bolsa gerek.
Nasemak:
– Esasy zat, ynsanyň psihologiki ýaşy. Bu kişileriň ýaşy uly bolsa-da, özlerini psihologiki taýdan kämilleşdirmändirler. Şol sebäplem häsiýetleri çaga ýalydyr.
Ahsegad:
– Bu adamlaryň beýle köp bolmagynyň sebäbi kitap okamazlyklary bilen baglanyşykly bolaýmasa. Sen aýdypdyň ençeme ugruň bardygyny ýöne şonda-da özlerini kämilleşdirmek islemeýändiklerini. Bu çyndanam dogry. Şuwagt maglumat dünýäsinde ýaşaýarys. Eliňi uzadan ýeriň kitap, žurnal, makala, maglumat bolup ýatyr. Muňa garamazdan adamlar okanok. Hiç okanoklar. Şeýdibem jahyl galýarlar.
Nasemak:
– Düşünjesizligiň gaty kän ýaýramagynyň sebäbi hökmünde diňe kitap okamazlygy görkezsek, megerem ýalňyşaýsak gerek. Munuň sebäpleri örän kän. Bularyň esasylarynyň biri-de ynsanyň töweregi we gatnaşýan adamlarydyr. Başga-da ynsanlaryň boş wagtlaryny ýalňyş zatlara sarp etmegi, görýän, gyzyklanýan zatlarynyň ýalňyş zatlary öwredýändigi, mekdeplerde öwredilýän zatlaryň ýalňyş öwredilmegi, disiplinanyň bolmazlygy ýaly zatlaram sebäp görkezilse bolar. Iň uly sebäbi bolsa, maşgala terbiýesiniň gaty pesligi ýa-da düýbünden ýoklugy.
Ahsegad:
– Hawa, esasanam soňky sözlemiň gaty mamla. Gözleglere görä-de ýaşlaryň erbet, şowsuz we gamgyn bolmagynyň esasy iki sany sebäbi bar eken. Bularyň biri maşgala gatnaşygynyň pes bolmagy, ikinjisi-de ýalňyş dostlar. Seniň aýdanlaryň şulara deň gelýär.
Nasemak:
– Hemme zat maşgalada başlaýar. Eger maşgalada ýeterlik ylym berilmedik bolsa, tertip-düzgün öwredilmedik bolsa bu kemçilik iň uly kemçilik bolup galýar. Şol sebäpli bir kişi üçin ilkinji gerek zat, şadyýan we agzybir maşgaladyr. Maşgala öz çagalaryny ýa-da öz ähli agzalaryny gowulyga, päklige ugrukdyrsa, muny gözellik bilen ýerine ýetirmäge synanyşyp, ýalňyşlary, kemçilikleri düzetse ol ýerden uly ähtimallyk bilen düşünjeli, özüne ynamly bir şahsyýet ýetişer.
Ahsegad:
– Ýalňyş dostlar we töweregiň erbet bolmagy-da uly sebäp.
Nasemak:
– Elbetde.
Ahsegad:
– Bu gaty uly gürrüň ýöne.
Nasemak:
– Ýalňyş dostlar bilen gatnaşmakmy? Hawa, gaty uly gürrüň.
Ahsegad:
– Şol sebäpli muny indiki bölümde gürleşäýsek näder?
Nasemak:
– Bolar.


149

10

0

2

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Lolular


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Sebap (Şugün, 21:35)

Lolular


Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye. Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Belki (Şugün, 21:28)

Lolular


Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Pegas (Şugün, 20:57)

Lolular


Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim ( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:39)

Lolular


Soz yok gowy goshy eken yone indikide loly ayallar barada goyaysanyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:27)

Lolular


Name ucn loly erkekler dine Hany loly ayallar barada yokmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:26)

Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi


Tizräk çykaýsa şo programma...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi
Sasiyona (Şugün, 20:13)

Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi


Şu günler daşarda ýatýan welin, güjikler üýrip bizar etýär. Şolara baryň ýok boluň diýip düşindirip bolaýsaha... ))) Näme diýänine düşinsegem bir...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi
Fantom (Şugün, 19:33)

Yatkeslik


Öňem okapdym şuny. Çaga kiçilikden gymmat daşy demir gapyrjakly malyş idirseň, akly üýitgeşik bolýan ekeni. Beýleki çagalardan saýlanyp durow gep...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yatkeslik
Fantom (Şugün, 19:27)

Soragnama logiki


Bah gyzykly soraglary tapyaney...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
Sasiyona (Şugün, 18:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика