Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Gerceknazar : Her bir adam, adam bilen adamdyr, Bu dünýede ýaşap bormy adamsyz?! @Gerçeknazar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gündeligimden (dowamy)
Premium
 Belki [off]
 01.11.2024 / 05:25
 Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.

05.10.2024 ý.

Bu gün şenbe güni. Öýüň işlerine, kitaplaryma wagtymy sarp etmekçi. Giçlik bolsa Muhammetguly daýymyň belli güni. Ejem bile gideli diýýär. Oňa ýekelikde gidibilmejegimi aýtdym. Köpçülikde özümi has-da ýeke duýýan. Her kimiň bir durmuşy bar. Men bolsa nämedir bir zatlara garaşyp ýörün. Ine, şu ahwal köpçülikde has beter duýdurýar.
Gündeligimi özüm üçin ýazýan ýaly görünsemem, onuň çeper we gyzykly bolmagy üçin jan edýän. Bu gerek däl ahyry. Bir gün köpçülige okadaryn diýip ýazsam ýüregimdäkileri we serimdäkileri ýeterlik derejede dogruçyl beýan edip bilmejek ýaly. "Ýalysy" artykmaç. Özüm üçindigini unutmaly däl!!! Barybir meň içgysgynç durmuşymy okamak hiç kim üçin gyzykly däldir.

****
Bu gün oňa duşdum. Jümleleri hemişeki ýaly zäherli. Men oňa aşyk bolup näme gazandym? Gözýaşy hemem nerw dartgynlylygy. Ýöne geň galaýmaly, onuň üçin aglamak lezzet berýär. Ýaşaýanlygymy duýýan. Her gezegem hiç kime gaýdyp beýle ägirt duýgulary duýmajagyma düşünýän. Bu diňe yşk. Ejirem eziz, mähribanlygam.
Meniň bu yşkyma mynasyp däl diýip pikir edýän. Barybir duýgularym egsilenok. Bu gözýaşlary ondan başga hiç kim üçin dökülenok...

******

11.10.2024

Hasaplap otyryn welin, alty gün bäri gündeligimi ýöretmändirin. Hem ýaltalyk, hemem oňa ýazjak derejede durmuşymda özgerişlik bolmanlygyndan. Ýazmadygymça-da ýazasym gelenok. Köp wagt bäri habarlaşmaýan joralarym bilen durmuşymda möhüm bir zat bolmadygyça habarlaşmak islemeýşim ýaly.
Gün tertibim şeýle bir erbet. Agşam sekizlere ýatyp galýan. Gije ikilere-de ýüregimde ägirt boşluk hemem ýalňyzlyk duýgysy bilen oýanýan. Ýöne gündeligime ýazdygymça bu boşluk ýeňleýär, manylaşýar. Bir serialyň içindäki ejir çekip ýören, ahyrsoňunda maksadyna ýetmeli gahryman ýaly duýýan özümi.

12.10.2024.

Meni boşluk duýgusyndan näme halas edip biler? Diňe ýazmaly, okamaly. Ýalňyzlygym bilen ýaraşyk baglaşmaly. Oňa öwrenişmeli. Rast, ykbal saňa ony beripmi? Gaçara ýol ýok. Onuň bilen ömrüňi gyzykly geçirmegiň ýollaryny agtarmaly.
Öňümizdäki sişenbe kitaphana gitmeli, okan kitaplarymy tabşyrmaly, täze kitaplar almaly, ýüzümiň ugruna-da diskçiden soran filmlerimi geçirtmeli. Ýaman ýeri, heniz alan kitaplarymyň soňkusyny okap başlamok. Iki sanysyny-ha başlap taşladym. Biri Dumbadzeniň kitabydy. Halaýan ýazyjymyň eserine girişibilmezligimem geň galdyrdy. Mendenmikä ýa eser dogrudanam ýaramazmyka?
Soňky döwür goşgy ýazyp bilemok. "Goşgyny taşladyňmy?" diýýärler. Onuň meni taşlandygyndan habarlary ýok. Ýogsa, bilip-isläp terk ediljek dünýämi şygryýet dünýäsi?!
Şu gündeligime bir gün "Men özümi juda bagtly duýýan!" diýibem ýazarmykam? Şu soragyň jogabyny şeýle bir bilesim gelýär.

28.10.2024

Köp wagt bäri hiç zat ýazmaýşym ýaly gündeligimem ýazamok. Ýöne düýn Ogulşat Myratberdiýewa bilen tanyşdym. Käbir aýdan zatlaryny durmuṣyma ornaşdyrmak barada oýlanýaryn...

30.10.2024.

Bu gün şeýle bir geň zat boldy. Bir ýarym aý mundan öň durmuşymdan çykaran kişim täzeden ýüregimiň gapysyny kakdy.
Nähili geň! Üstünden şonça wagt geçipdir, ol henizem meni unutmandyr hemem meniňem oňa garşy öñki duýgularymda bolmagyma garaşypdyr. Emma şol geçen wagtda durmuşymda kän zat boldy. Azap edip, ony unutdym. Gyzyklanan kişilerim boldy. Soň ýene ýalňyzlyga öwrenişdim. Öz içki dünýäme täzeden berildim.
Indi yzyna dolanaga-da "Meni bagyşla!" diýeni bilen ony bagyşlaýmalymyka? Onuň ýoklugynda durmuşyma aralaşjak bolan adamlara-da gapylary düýpgöter ýapmalymyşym. Hemme zat şeýle aňsatmyka?
"Maňa wagt ber!" sözlerime ähmiýet berenok. Öňküsinden on esse köp ideýär... Ýaman ýeri, bu zatlaryň ýüregime ýaraýanyny duýýan...

****
31.10.2024

Käbir sosial mediýa gurşawlaryna üns berýän welin adamlar juda ýalňyz. Özleriniň suratlaryny köpçülik bilen paýlaşyp, ýaşyny, okan ýerlerini mahabatlandyrýarlar. Edýän ybadatlarynyň üsti bilen magtanýarlar. Hijaply gyzlar aýdym goýberip, öz gözelligini köpçülige ýetirýärler...
Hatda, käbir sahypalar bar: Geliň öz maglumatlaryňyzy aýdyň. Biz size mynasyp kişini tapyp bereli diýýärler... Geň ýeri, iň köp teswirleri şol sahypalar alýarlar. Adamlar çekinmezden şahsy maglumatlaryny teswirlere ýazýarlar. Okap güljegiňem, aglajagyňam bilmän oturýaň.
Soň bolsa has beterleri çykýar. "Türkmen" adyny aýlap-aýlap ýere pylçan zenanlar...
Bu gurşawdan ýuwaş-ýuwaşdan daşlaşmalydygy hakynda oýlanýaryn...

****

Bu gün onuň "Ertiriň haýyrly bolsun, prenses!" sms-i bilen güne başladym. Näme üçin bu idegliligiň uzaga çekmejegini, özüni bagyşladanyndan soň ýene şol öňki kişä dolanjagyny pikir edýärkäm?
Niçigem bolsa, ondan daşlaşyp bilemok...Ýüregi ýukalykmy, söýgümi?!


277

28

9

3

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Bayradot [off]
  ÝÜREK OWAZYM
 01.11.2024 / 06:26

+0

 Täzeje
 Agzamen [off]
 01.11.2024 / 07:04

+0

Garazzzwara eýtmeli beýtmeli öýlendirmeli seni ejeke


Premium
Belki  (01.11.2024 / 07:19) 

Agzamen, onyyy bey diyme-da mana

 Täzeje
 Sayman [off]
 01.11.2024 / 07:38

+0

Gowy kilp bolupdyr


Premium
Belki  (01.11.2024 / 07:44) 

Sayman, telefonyna yuklap al icin gysanda gorersin ?

 Öwreniji
 Kesxa [off]
  Amorf we metamorfoz, oňatlyk.
 01.11.2024 / 09:44

+0

Gündelik huç kime okadylmaýar dalmi


Premium
Belki  (01.11.2024 / 10:26) 

Kesxa, okadylyan gornuslerem bar ?

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 01.11.2024 / 09:44

+0

Tuweleme

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 01.11.2024 / 16:13

+0

Gündeligi okap "Şu gündeşigi hökman ýazaýmaly" diýlip ýazlan ýaly . Siz hakykatdanam zor, beýle talapkärligi nädip öz-özüňe edip bilýäň. Emma okyjylar "Şu gündeşigi hökman okaýmaly" diýip okamazlar. Meniň-ä kalbyma bir ýerlerden duýgy inmese ýazyp bilemok . Gelen wagtam saklap bolanok, saklasymam gelenok . Keşa agza dogry diýýär , gündeligi okasam başga biriniň syryny okap oturan ýaly duýýan .


Premium
Belki  (01.11.2024 / 16:27) 

Gerceknazar, yasama gorundimi size?


Özümiziňki
Gerceknazar  (01.11.2024 / 16:36) 

Belki, ýasama däl , gündelikden beter hakykat barmy?

 Täzeje
 Tiidaly [off]
 01.11.2024 / 17:04

+0

Sen yaly gyzlar bilen soyusesim gelya yasamalardan yadadym


Premium
Belki  (01.11.2024 / 23:45) 

Tiidaly, oturaweri

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 01.11.2024 / 18:06

+0

Gowy gelip otyr yzynada höwes bilen gataşýan. Diskçini birzatlar etmeli kinoçy diýip almalymy bolmanda. Kinoçy diýip alyp ýaýyň içinde el telefona kino ýükläp berýän ýaly belgi galdyryp edebileşdirmelimikä diýýãn menä sebäbi soňlugy bilen kitap zat etseňiz ýada okyjylar üçinem amatly bolarmyka diyyan.Gündelik hemme kişä okadylmalymy diýen soragada dünýä belli ýazyjylaryň gündelige bellik edilip çykarlan kitaplar kän sebäbi söýüp okayan ýazyjy şahyryň dünýäsi okyjylar üçin gyzyklymyka diýýän menä eger beýle bolmasa olaram azara galyp ýazmazdylar.

 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 01.11.2024 / 23:50

+0

Kitap okaman taslayan diysin yaly menem lew tolstoyyn anna karenina diyen eserini okap bilmandim

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüp


Dogamyy bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüp
Ayjahan (Şugün, 00:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Imo grupbamyz bar gosgy yazmakdan yaryslar gurnayas pikir alysyas. Gosulasynyz gelse su yere idinizi yazayyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Düýn, 22:19)

KESMEÝÄN GYLYÇ


hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Fantom (Düýn, 19:44)

Owadan yazuw basleșik


äý, menä häzir emeli aňa çekdirýän... ))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Fantom (Düýn, 19:01)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella! anha goşgyň gowylygyny alan like bahalaň aýtýar. köpden bäri gabat gelmedim şunça like alana! üssünnikler!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Fantom (Düýn, 18:53)

Owadan yazuw basleșik


Ile menzesh yazuwmyzam yok gatnasayly diysek...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Düýn, 18:01)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Sun yazan islendik eserini okanymda dalini dinlap oturan yaly duyyan ozumi....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Belki (Düýn, 16:42)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Minnetdar ýetireniňize....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Pearl (Düýn, 16:15)

Oglanlara sorag


-GSM200- Sul ağza ynanyan dine 🙂...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Aixcam_nx (Düýn, 15:20)

Oglanlara sorag


Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Bayradot (Düýn, 15:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика