“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

02:00 garaz...
 Täzeje
 Agzamen [off]
 02.11.2024 / 02:08

Iligini çözdüm käbir syrlaryň,
Gussalary gysman saldym erkine.

***

Boş geçiren günlem üçin
Bu gün özüm bagyşladym.

***

Soragyň jogaby ýönekeý juda,
Ony men has soňa goýaryn dymyp.
Aňyňy beketsin, doýursyn durmuş,
Mensizlikden seni galmaýyn alyp.

***

Gijeler pikirler agyr basdyrýar,
Gögerip gelýänje umytlaň üstün.
Aýdyň, söýülmekmi, söýmekmi ýa-da,
Haýsysy rüstem.

***

Ähli bilýän ugrum saňa çykyp dur,
Sen bolsa undupsyň bar bilýänimi.

***

Dünýäň bir ujynda yşk bar diýseler,
Men ol ýere Kolumb bolup barmaryn.

***

Indi men bir zada düşündim kemsiz
Bagtly dogulmaly "Bagt" bermek üçin.

____________________________________

Dünýäň togalaklygyna ynanýan ýöne saňa duşjagyma şübheli ýörün.

***

Menziller geçilen km.-ler bilen ölçenýär biziň aramyzdaky menzil bolsa ömür bilen. Saňa ýetmek üçin maňa 2 ömür geçmek gerek...

***

Meniň barlygymyň teoremasy seniň adyňda gizli.

***

Uruşlar, gytçylyk, ýokanç keseller dünýä üçin zerur bolsa senem meň üçin şeýle.

***

Seniň merkeziň ýüregimde.

***

Men "Seni" sowup gutardym. Ýaşamagym üçin maňa ýene biraz "Sen" ber. Juda kösenýän...

***

Aýdymlar seni ýatladýany üçin diňlenilýärdi. Goşgular seni ýatladýany üçin okalýardy. Durmuşda sen özgäňki däldigiň üçin ýaşalýardy...

***

Söýýän bolsa aglatmaz, agysyzam duýgular gürledilmez...

***

Bu gün biraz wagt geçmiş damarym çekdi.

Edepli Gödek


182

21

6

6

0

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->