Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Köp gepleýän köp ýalňyşýandyr.
Hindi millioneri öz baýlygyny itine we hyzmatçy işgärlerine miras galdyrdy
Premium
BAYOGUL [1s] 02.11.2024 / 11:23
Hindi senagatçysy Ratan Tata 91 million ýewro möçberindäki baýlygynyň esasy bölegini öz nemes owçarkasy Tito, şeýle hem aşpezine we baş hyzmatkärine miras galdyrdy. Daily Mail-iň habar bermegine görä, işewüriň soňky wesýeti öý haýwanyna çäksiz idegiň edilmegi boldy.
Ratan Tata 9-njy oktýabrda Mumbaýdaky keselhanada 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Onuň çagasy ýokdy, işewür öýlenmek meselesine dört gezek çynlakaý çemeleşendigini boýun alan hem bolsa, hiç haçan öýlenmändir.
Däbe görä, erkek dogany we öweý uýalary onuň mirasdüşeri bolmalydy, ýöne magnat baýlygyny halaýan öý haýwanyna we hyzmatçy işgärlerine geçirmegi makul bildi.
Merhum millioneriň dosty Suhel Seth: "Bu baýlygyňy mazamlamak däl-de, eýsem öý haýwanlaryndan we iki kömekçisinden alan şatlygy hem-de aladasy üçin minnetdarlyk" – diýip, pikirini paýlaşdy.
Tata 1937-nji ýylda Bombeýde dünýä indi. Arhitektor bolmagy arzuw edipdi, ABŞ-da işledi, ýöne Hindistana gaýdyp geldi we enesiniň haýyşy boýunça maşgala telekeçiligine goşuldy. TISCO-da (häzirki Tata ady bilen tanalýar) işlän döwründe domna peçleriniň ýanynda ussahanada işlemekden başlap, ägirt konglomeratyň baştutany bolmaklyga çenli uzak zähmet ýoluny geçdi. Onuň ýolbaşçylygynda Tata Group täsirini giňeldip, meşhur iňlis brendleri Jaguar bilen Land Rover-i satyn aldy. Häzirki wagtda ol kapitalizasiýa we girdeji boýunça Hindistanda iň iri senagat toparlaryndan biridir. Oňa aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy, maşyngurluşyk, materiallary öndürmek, hyzmatlar, energetika, halkyň sarp edýän azyk önümleri we himiýa pudaklaryndaky kompaniýalar girýär.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Sorag...
ýaňy bir 15 ýaşyň bar eken, nämä howlugýaň wapşede oglan saňa söwen bolsa saňa söwýän oglan bilen seň nm işiň bar?...
dowamy...Sorag...
ösüp barýan çaga her hili maslahat beripsiňiz) özüň nm pikir edýäň kim günäli?...
dowamy...Sorag...
Gyz bir dereje oglandan pesrak bolmaly , gyz ilki bagysla sorasa has gowy , soyyani cyn bolsa gyz ikilenman bagysla diyer. Sabr edmeli cydamaly g...
dowamy...Sorag...
Meň ucin kimde yalňysy bar bolsa şo bagyşla diymeli sol sebabi günäsiz adam günäle bagyşla diymeza Dogry dämi kim günäli bolsa şo diymelimika diy...
dowamy...Sorag...
Şo dūşünjede bolany un sogüşipdim kim gunali bolsada oglan bagysla diymeli diýen düşünje ba kop gyzlarda...
dowamy...
Ýokaryk