Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Asman : Özüñi södürmeseñde ýigrendirmezligi bashar!!!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

"Bagt berse-de, bermese-de, Ýeňiş mydam gideniňki..."
 Täzeje
 Agzamen [off]
 06.11.2024 / 09:12

Bir bitindik ýarpylandyk,
Böleşdik sag hem sollary.
Gaýta görüşmezlik üçin
Şertleşip çekdik gollary.

Ýolumyz-a birdem welin...
Ugur çekdik "seňki, meňki".
Bagt berse-de, bermese-de,
Ýeňiş mydam gideniňki.

Galdym senden çepe sowlup,
Gizläp kalbym tebitini.
Ömrümiň törüne asdym,
Gidişiň portretini.

Yşk janserek etdi ruhum,
Bilmedim mert hoşlaşybam.
Ýeri senden el çekdim-dä...
Oňarmadym daşlaşybam.

Ⓒ Edepli Gödek


199

12

1

4

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 06.11.2024 / 13:27

+1

Gidişiň portredini ýüregňe asmak gowy meňzetme bolupdyr, üstünlik ýetirip duruň!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

KESMEÝÄN GYLYÇ


Sun yazan islendik eserini okanymda dalini dinlap oturan yaly duyyan ozumi....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Belki (Şugün, 16:42)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Minnetdar ýetireniňize....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Pearl (Şugün, 16:15)

Oglanlara sorag


-GSM200- Sul ağza ynanyan dine 🙂...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Aixcam_nx (Şugün, 15:20)

Oglanlara sorag


Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Bayradot (Şugün, 15:08)

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика